Çarwa nowruzy 22-nji fewraldan 20-nji mart aralygyndaky döwürdir. Ata-babalarymyz togsan gün dowam eden gyş paslynyň tamamlanmagyny «togsan doldy» diýip, baýram edip belläpdirler. Halkyň arasynda aýdylyşy ýaly, «togsan dolup, ýere ýyly gitse-de», bu döwürde hem aýazly, garly-gaýly günler bolýar. Köpýyllyk maglumatlardan mälim bolşuna görä, döwrüň başynda azajyk sowuk bolsa-da, howa yzygiderli maýlap başlaýar.
Käbir ýyllarda mart aýynda hem gar ýagýar, ýöne ol köp ýatman, derrew eräp gidýär. Howanyň gije-gündizki ortaça derejesiniň +5 gradusdan ýokary bolan ýerlerinde ýowşandyr ýylagyň, gyrtyçdyr ýepelegiň hem-de birnäçe birýyllyk we köpýyllyk otlaryň, otjumak ösümlikleriň gögermegine şert döreýär. Ýaz döwründe ygalyň köp bolmagy biziň howa şertlerimize mahsus ýagdaýdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň öri meýdanlarynda otlaryň gögermegine hem-de pajarlap ösmegine getirýär.
Howa maýladygyça, meýdanlar gök öwsüp, her dürli reňkli, köp görnüşli ýaz güljagazlary açylyp başlaýar. Gözel sähralarymyz, giň düzlüklerimiz, ajaýyp baýyrlyklarymyz ýaşyl mahmala bürenip, güller bilen bezelýär. şu döwürde eziz Diýarymyzyň mährem keşbini, gözel görnüşini synladygyňça, synlasyň gelýär. Tebigatyň bu gözelligi, gök otlaryň, gülleriň hoşboý ysyna ýugrulan ýazyň ýakymly howasy, sähralaryň sagrysyny sypap öwüsýän jana şypa beriji mylaýym şemal sende üýtgeşik duýgulary oýaryp, kalbyňy heýjana getirýär.
Gyş döwri dynç alyp, güýç toplan hem-de idegi ýeten güýzlük galla ekinleri baharyň mylaýym nemli demine atygsap, ösmäge başlaýar.
Çarwa nowruzy-alabahar döwründe erikdir alma, üljedir alça, şetdalydyr garaly ýaly miweli agaçlar gülleýär. Ata Watanymyzyň çar ýanynda tebigatyň gözelligine gözellik goşýan, akly-gyzylly güllere basyrylan miweli baglar geljekki berekediň binýady bolup, göwnüňi dokundyrýar, kalbyňy joşdurýar.
Martyň başynda ýurdumyzyň günorta sebitinde, aýyň ortalarynda bolsa beýleki ýerlerinde hem dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi başlanýar. Çopan-çoluklar çeken zähmetiniň miwesi bolan owlak-guzulary köp almak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle alada hem yhlas bilen gurşalan guzujyklar, owlajyklar topar bolup eýläk-beýläk ylgaşyp, bökjekleşýärler, oýun edişip, sähranyň görküne görk goşýarlar. Bu ajaýyp görnüşi synlap, göwnüň göterilýär, ruhuň belende galyp, halkymyzyň rysgal--berekediniň bol bolmagyny dileg edýärsis.
Goý, gujagy gülli baharyň berekedi egsilmesin!



Скотоводческий Новруз (чарва Новрузы) начинается у туркмен 22 февраля, а земледель¬ческий (йупек Новрузы) - 21 марта. Разница вызвана не только тем, что в южных районах страны зима заканчивается раньше, но и тем, что у животноводов начинается горячая пора - окот.
Еще в прошлом веке в некоторых регионах страны в этот день животноводы проводили традиционные ритуальные обряды, а молодежь устраивала различные развлекательные игры. Значимость этого дня в жизни древних скотоводов породила множество магических обычаев и обрядов, связанных с культом природы и верованиями в воскрешающуюся природу. Помимо всего прочего, и цели нравственного самосовершенствования, самоочищения личности, способствовали ее цельности, формировали добрососедские отношения, общечеловеческие моральные ценности.
Чабаны в честь своих покровителей приносили в жертву Всевышнему скот. В день Новруза празднично одетые молодые мужчины и женщины гуляли по стойбищу. Устраивались скачки и другие игры. Все, начиная от детей до глубоких стариков, обходили соседей, пробовали кушанья, благословляли, поздравляли друг друга, просили у Всевышнего здоровья и благополучия соседям по стойбищу.
Главными героями праздника Новруз выступали чабаны. Пастух - участник торжества - не просто традиционная фигура, без которой невозможно представить себе праздник, он наделен неким ореолом легендарности. Недаром пастух - героический персонаж многочисленных легенд и народных сказок, где он выступает воплощением находчивости, храбрости и житейского опыта. В некоторых преданиях чабан выступает спасителем своего народа. И ни один ритуал праздника «Чарва Новруз» не обходится без него.
Праздник Новруз- олицетворение весеннего пробуждения природы. Трава начинает зеленеть, такие плодородные деревья как яблоня, вишня, алыча и слива начинают цвести. Как красива природа в этот период. Как и много веков назад, во время «Чарва Новруз» перед началом окотной кампании мы желаем животноводам: «Höwri köp bolsun!» (Пусть будет многочисленным приплод!).

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir