SARSKOÝE SELO

Eý, sen nepis duýgularmyñ, geçen şatlygmyñ sakçysy,
Eý, aýdymçy, eý, tokaýlañ öten beýik waspçysy,
Janym-tenim bilen meni jadylap goýan ýerleriñ,
Duýga dolup, tokaýlary ýürekden söýen ýerlermiñ,
Çagalykdan ýaşlygyma gadamym goýan ýerlermiñ,
Tebigat hüwdüläp meni, arzuwa dolan ýerlermiñ,
Poeziýany, şatlygy hem dynçlygy bilen ýerlermiñ
Ýatlamasyn surat kimin çekip goý meniñ öñümde.

Äkit meni lipalaryñ hatara duran ýerlerne,
Azat-erkin dynç alyp, oýun-baz guran ýerlerme,
Şol ümsüm depelere, kölüñ kenarlaryna!..
Goý, ýene men göreýin meýdanlañ galyñ halysyn,
Agaçlañ gopan gabygyn hemem ýagty jülgäni,
Ajaýyp kenarlarda surat çekýän kölgäni,
Ümsüm kölde buýsançly ýüzüp ýören ak guwlaryñ
Düşleglerin synlaýyn men, görkez maña barysyn.


Aleksandr PUŞKIN

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW

Çeşme: http://www.kitapcy.ga/news/sarskoye_selo_patysalyk_oba/2020-03-19-10905

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir