Ilki gadamlar


Sidhasa tokaýda ýalñyz galdy. Ol özüniñ beýik kysmatyny garşy almaga taýyndy. Göwnünden şeýle oý-pikirler geçdi: ''Men indi şazada däldirin. Indi maña şahana geýimleriñ hem geregi ýok. Bu geýimler indi maña ýaraşmaz''.
Ol hanjaryny gynyndan çykaryp, şazadalyk resmi bolan uzyn käkilini kesip taşlady. Soñra bir gaçyp awçy bilen uçraşyp, onuñ bilen eşiklerini çalyşdy. Soñra oña bakyp:
ㅡ Begim, ine, bu şa lybaslary indi maña derkar däl. Men tokaýda ýaşamagy ýüregime düwdüm, şonuñ üçinem maña siziñki ýaly köne-küşül geýimler gerek. Gel, ikimiz eşiklerimizi çalyşaly ㅡ diýdi.
Awçy bu gepe geñ galyp, şazadanyñ şertine razy boldy. Pahyrlar ýaly geýinen Sidhasa özüne hakykata tarap ýol görkezjek ussat halypa agtaryp başlady. Ol tokaýyñ içinde gezip köp-köp derwüşler bilen, galandarlar bilen söhbetleşdi. Garyp geýimli halda, dilegçilik edip gün geçirdi. Emma ol şeýle bir hoşsurat we ýakymlydy, tokaýda ýaşaýanlar ony uzakdan görenlerinden biri-birine:
ㅡ Seret ýigitleriñ soltany gelýär ýüzünden güýç balkyldap dur, özbaşdak kök urýandyr. Munuñ ýaly adamlar hakykaty tapman goýmaz ㅡ diýýärdiler.
Sidhasa köp ussatlardan tälim aldy. Emma hiç birinden-de ymykly razy bolmady. Olaryñ beren tälimleri peýdalydy, emma, ol tälimler beýik bagta barýan ýoly görkezmeýärdi. Ahyry Sidhasa patyşa Bimbisaranyñ soltanat guran Magadha patyşalygynda ulug keramatlylar ㅡ öwlüýäler ýaşaýarmyş diýip eşitdi. Şolaryñ söhbetine ýetişmek üçin şarku-jenub (Gündogar-Demirgazyk) sary syýahat etmek üçin bilini guşady.
Şazada az ýöräp-köp ýöräp, Magadhanyñ paýtagty Rajadçiha şäherine ýetişdi. Köşgüñ derwezeleriniñ öñünden geçip barýarka, ony patyşanyñ wezirlerinden biri gördi. Wezir hopugyp-howlugyp, patyşanyñ ýanyna ylgady. Ol:
ㅡ Şahym, men şäherde üýtgeşik bir adam gördüm. Ol köne şylha jul geýnip, gapy-gapy dilegçilik edip ýör. Emma meniñ ynanjyma görä ol bir beýik ynsan bolmaly, sebäbi, ýüz-gözünden nur ýagyp dur. Özem ýuwaş we mylaýymlyk bilen gadam urýar ㅡ diýdi.
Patyşa bu gürrüñe pitiwa etdi. Şol üýtgeşik adamy köşge getirmegi buýurdy. Sidhasany tutup getirdiler. Patyşa onuñ bilen uzak söhbetleşdi. Onuñ akylyna, päliniñ pesligine, adamkärçiligine haýran galdy. Ol:
ㅡ Men seniñ ýaly kişä hiç haçan gabat gelmändim. Merhemet edip, meniñ köşgümde gal, tagt işlerime kömekleş ㅡ diýdi.
Sidhasa:
ㅡ Eý, Patyşahym, maña öñem tagt miýesser edipdi, emma ony terk etdim. Baýlyk we hökümdarlyk meni gyzyklandyrmaýar. Meniñ yzlaýanym diñe hakykat ýoly. Sylag-hormatyñyz üçin sag boluñ. Men siziñ ýurduñyza hak ýoly görkezýän ussatlary yzlap geldim ㅡ diýip, ýuwaşlyk bilen sözledi.
Patyşa bu şylha eşikli kimsä tagzym edip:
ㅡ Ylahy ýoluñy bersin. Yzlanyñy tapmak nesip etse, gelip, bize hem öwret. Eger tapyp bilmeseñ-de, çekinmän geliber. Köşgümiziñ gapysy seniñ üçin elmydama açyk ㅡ diýdi. Sidhasa ýene bir gezek patyşa sag bolsun aýdyp, ýoluny dowam etdi.


(dowamy bar)

Jonatan Landau

Terjime edenler: A. Atabaýew, D. Kerimow.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir