KÖMURTURŞY GAZYNY AZALTMAKÇY
Beýik Britaniýanyñ BP (British Petroleum) nebitgaz kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli öz kärhanalarynyñ howa taşlaýan kömürturşy gazyny doly aradan aýyrmakçy we gazy hem-de nebiti gazyp almaga ýöriteleşen şahamçalaryny ýangyjyñ has arassa görnüşleriniñ önümçiligine geçmek üçin täzeden gurnamakçy.
''Häzir kompaniýanyñ her ýyl howa taşlaýan kömürturşy gazynyñ möçberi 415 trillion tonna deñdir'' diýlip, habarnamada nygtalýar.
''Biziñ hemmämiz energiýa çeşmeleriniñ ygtybarly we elýeterli bolmagyny isleýäris, emma bu ýeterlik däldir, ilkinji nobatda onuñ arassa bolmagy wajypdyr'' diýip, BP-niñ täze baş ýerine ýetiriji direktory Bernard Luni metbugata beren beýanatynda nygtady.
Kompaniýa nebiti we gazy gaýatadan işleýän kärhanalarynyñ ählisinde 2023-nji ýyla çenli metanyñ derejesini ölçemek üçin enjamlary oturtmagy we metanyñ howa zyñylýan galyndylaryny 50 göterime çenli azaltmagy meýilleşdirýär.
Munuñ üçin kompaniýa ýörite şahamçalarynyñ ýene 4-sini döretmegi göz öñünde tutýar.
Hemra HUDAÝGULYÝEW
''NEBIT-GAZ''
25.02.2020.