Tehnologiýa günsaýyn ösýär. Smartfonlaryň bitirýän işleri köpeldi barýar. Nýu-Ýorkdaky Brukhawen laboratoriýasyndan zähmet çekýän inžener has täsin telefony işläp düzdi. Kiçijik telefon bilen jaň etmek üçin düwmelere basmagyň ýerine, köne telefonlardaky ýaly, sanlary aýlamaly. Bu täsin telefony işläp düzen 34 ýaşly Jastin Haupt 3 ýyllap zähmet çekendigini belleýär. Ol bu telefonyň özüne ýaşlygyny ýatladýandygyny aýdýar. Bu telefonda sms ýazyp bolmaýar. Telefonyň tanyşlaryň atlary ýazylan sanawy hem bar. Sanawdaky adamlara düwmä basmak arkaly aňsatlyk bilen jaň edip bolýar. Emma nätanyş belgä jäň etmek üçin telefonyň çarhyny aýlamaly bolýar. 3G baglanyşygy bolan telefonda gelen sms-leri we jaňlary görüp bolýan elektron syýaly ekran bar. Telefonyň ölçegi 10,16 sm x 7,62 sm x 2,54 sm ululygynda. Onuň batareýasy 24-30 sagada ýetýär. 170 dollardan satuwa çykarylan telefona islegiň ýokarydygy mälim edildi.
Cheshmesi:turkmenportal

Tehnologiýa, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir