ŞORTA SÖZLER
ÇORBANYŇ ÇORBASY
Günlerde bir gün bir daýhan Ependä towşan getirip beripdir.Bir hepdeden soňra şol daýhan ýene Ependiniňkä gelipdir.
Ependi ony tanamadyk bolýarmyş.
Ol daýhan:
-Men geçen hepdede saňa towşan getirip beren adam-diýip, özüni tanadypdyr. Ependi göwünli-göwünsiz:
-Öýe gireliň-diýipdir hem-de onuň öňünde çorba goýupdyr. Ol:
-Towşan çorbasydyr, alyň myhman! - diýip, kakdyryp gürläpdir.
Aradan ep-esli gün geçenden soň, Ependiniň öýüne bir topar daýhan gelip, hezzet-hormat tamakin bolupdyrlar. Olar:
-Biz şol towşan getirip beren daýhanyň goňşulary bolarys-diyipdirler. Ependi tapan-tupanlaryndan bulara-da hezzet edipdir.
Bir hepdeden soň ýene bir topar daýhan gelipdir.
-Siz nireden? -diýip, Ependi olardan soranda:
-Saňa towşan getirip beren daýhanyň goňşularynyň goňşulary-diyip jogap beripdirler.
-Geçiň oturyň!-diyip, Ependi olary myhman alypdyr hem-de ýaňky daýhanlaryň öňüne bir tabak suw getirip goýupdyr.
Daýhanlar geň galypdyrlar. Tabaga seredişip:
-Ependi bu näme?-diýip sorapdyrlar. Ependi bolsa:
-Bu çorbanyň çorbasynyň çorbasy-diyip jogap beripdir
.
EPENDI BILEN GEDAÝ
Bir gün Ependi öýünde otyrka, biri onuň gapysyny kakypdyr. Ependi:
-Kim bolarsyň, näme gerek?-diýip, ondan sorapdyr.
Bir zaryn ses:
-Aşak düşüň-diýip jogap beripdir. Ependi aşak düşüp, gapynyň agzyna baranda, gapyda duran gedaý:
-Bir zatjagaz sadaka beriň!-diýipdir. Oňa Ependiniň gahary gelipdir, ýöne syr bildirmän:
-Ýokary çyk!-diýipdir. Biçare gedaý ýokaryk çykyp, Ependiniň oturan jaýyna baranda:
-Saňa Alla rehim etsin, mende saňa bererlik zat ýok-diýipdir.
Gedaý bu bolşa haýran galyp:
-Bu näme etdigiň? Eger boş gaýtarjak bolsaň, aşakdakam jogabymy berip göýberseň bolmaýarmy?-diýipdir.
Ependi hem oňa:
-Sen näme dilejek sadakaňy meni aşak düşürmän diläp bilmediňmi?-diýipdir.
.
HOJAŞYŇ HEKAÝATLARYNDAN
* * *
Hojaş özüniň çalarak tanyşlarynyň birki sanysy bilen gabat gelşip, özara gürrüň edişip duran ekeni. Şonda birden onuň ýoldaşlary Hojaşyň ustaşyry seredişipdirler-de:
— Bäh, bäh edip dirije ýandyrjak — diýşip, başlaryny ýaýkşypdyrlar.
Hojaş yzyna gaňrylyp ser etse, ho-ol aňyrrakdan bezemen geýnen maşgalasy Bahargül geçip barýan eken, Oňa az salym wagt seredip duran Hojaşam:
— Hawa, sizi daşy ýakýar, meni bolsa açi — diýipdir,
* * *
— Gaýtargysyndan ýonýan, sünkli çekip, kem berýän, şonda-da ulakan bir galyp barýan zat ýok — diýip, bir gün Hojaşyň et dükänynda işleýän dostlarynyň biri zeýrenen.
Onda Hojaş:
— Onuň ýaly bolsa, puluny alyp, etini bermezler – diýen.
* * *
Hojaş bir gün deri Tabşyrmak üçin kabul ediş punktuna baran.
Deri alyjy:
— Öz deriňizmi? — diýip sorapdyr,
Hojaş aljyramandyr. Ol:
— Ýok, göläňki — diýip, jogap beripdir.
* * *
Hojaş uly utuşa bir nomer ýetmäni uçin bir manat berilmeli lotareýasynyň hakyny idäp kassa barypdyr. Kassada oturan gyz lotareýany alyp:
— Näme düşdi? — diýip gyzyklanýar,
Hojaş:
— Maşyn -diýip, bu ýerde-de degişmek isläpdir.
Kassir gyz lotereýany barlap bolup:
— Gutlaýan, gidip maşynyňyzy «Çagalar dünýäsi» magazininden alyp bilersiňiz — diýildir-de, onuň eline bir manat tutdurypdyr,