Atanyñ howatyry

Şazada köşge gelenden soñ, derrew atasynyñ ýanyna bardy. Eliniñ aýalaryny bir-birine degrip:
ㅡ Ata men derwüş bolup, azaplardan gutulmagyñ ýoluny gözlemekçi. Rugsat etseñiz, köşgi-saraýy terk etsem ㅡ diýdi.
Patyşanyñ bir gün eşitmesem, bir gün eşiderin diýip ýyllarboýy howatyr edip ýören sözleri, ine, şu sözlerdi. Eşidip, kellesinde ýyldyrym çakan ýaly boldy. Demi tutulyp, ýuwdunyp:
ㅡ Janym oglum, bu gepiñi goý, köşgi terk etmegi oýlama. Sen häli ýaşsyñ, derwüş bolup, ýalñyz ýaşamak müşgüldir. Sabyr et, ýaşyñ birçene barsyn. Şoña çenli Kapilawastada ýaşap, köşkde höküm sür ㅡ diýdi.
Şazada:
ㅡ Eý, ata jan, eger gal diýseñiz, huzuryñyzda galaýyn. Ýöne dört zady meniñ üçin ebedi edýin diýip wada ber. Meniñ garramazlygym, kesele ýolukmazlygym, ölmezligim, bagtsyz bolmazlygym şert bolsun. Eger şu närseler eliñizden gelse, köşgi terk etmerin. Emma eliñizden gelmese, köşkden giderin ㅡ diýdi. Patyşa bi gepleri eşidip, hasam beter geñ galdy. Soñ gazaby gaýnap, tutgaýlanyp:
ㅡ Sen bu akmak gepleriñi bes et, Sidhasa! ㅡ diýip bogazyna sygdygyndan gygyrdy. Ýöne Sidhasa aýdanyndan dönmedi. Ol:
ㅡ Ata ㅡ diýdi ㅡ eger meni garrylykdan, bagtsyzlykdan, keselden, ölümden gorap saklap bilmejek bolsañyz, goýberiñ, öz ýoluma gideýin. Meni tussag ýaly bu ýerde saklap ýörmegiñiz ynsaplylykdan däl.
Ýöne patyşa oglunyñ islegine kaýyl bolmady. Ol: ''Şazadany hiç ýere çykarmañ! Köşgi sakçylar bilen gurşap alyñ!'' diýip wezirlere buýruk berdi-de, gahar-gazap bilen daşaryk okduryldy.

(dowamy bar)

Jonatan Landau

Terjime edenler: A. Atabaýew, D. Kerimow.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir