Pany rahatlar

Hemmeler şazadanyñ göwnüni awlamagyñ ugrundady. Oýunçy gyzlar onuñ daşynsa näz-kereşme edip, kebelek bolýardylar, onuñ gelşikli ýüzünde birazajygam bolsa, şatlyk nyşany görünermikä diýip göz aýlaýardylar. Ýöne Sidhasa olara perwaý hem etmeýärdi. Onuñ oý-pikirleri garrylyk, näsaglyk, ölüm wakalary bilen bentdi. Şazadanyñ oýun-gülkä meýliniñ ýoklugyny gören wezirleriñ biri oña golaýlaşyp, dostlarça degşip:
ㅡ Sidhasa, şeýle gözel tansçylara seretmeýändigiñiz, biz bilen wagtyhoşluk etmeýändigiñiz ynsapdan däl. Geliñ, indi boldy ediñ, siziñ häzir tüýs ýaş wagtyñyz, gülüp-oýnamaly sag-salamat çagyñyz. Size birdenkä näme boldy? Ýa-da bu gözeller size hoş ýakanokmy? ㅡ diýdi.
Şazada ýuwaş, emma anyk jogap berdi:
ㅡ Sen maña nädogry düşünipsiñ, Bu gözeller maña hoş ýakýar, olara seredip, elbetde, hoşal bolýaryn. Ýöne olaryñ owadan husny-jemalynyñ hä diýmän tamam boljakdygyny, göz-açyp ýumasy salymda hemme närsäniñ üýtgejekdigini oýlanan wagtym, guwanjymdan hiç zat galmaýar we gamgynlyga berilýärin. Dogry, häzir bu ýerde garrylyk hem, näsaglyk hem, ölüm hem ýok. Bu gözellikleriñ maña rahatlygy bagyşlamagy mümkin. Emma daş-töwerekdäki bolýan bagtsyzlyklary görüp, gelejekde hemmämize nämeleriñ garaşýandygyny bilip, bu ýalançy, pany, ötegçi rahat-guwançlardan niçiksi şatlyk alaýyn?! Sen, dostum, çyndanam, ýürekli adam ekeniñ. Her tüýsli keýpi-sapa edýärsiñiz. Şol azaplardan gutulmagyñ çäresini, ýoluny tapmaýançam bu dabaralar, bu dünýäniñ höwes-guwançlary maña ýalan görünýär.
Hullasy, şazadanyñ şähdi açylmady. Üstesine hemmeler gaýgy-hasrata batyp, köşge dolandylar. Oglunyñ ahwalyny eşidip, patyşa rahatlygyny ýitirdi, ukusy gözlerinden uçdy. Ol: ''Eý, oglum, nämeler etsem sen meniñ ýanymda galarsyñ? Näme etsem, täji-tagtymy taşlap gitmersiñ? Seni elden bermezlik üçin nämeler etsemkäm?'' diýip oýlanýardy. Ol ýalñyz perzendiniñ takdyry hakda pikir edip, gijeler çirim etmän, iki ýana towlanyp, dañyny atyrýardy.

(dowamy bar)



Jonatan Landau

Terjime edenler: A. Atabaýew, D. Kerimow.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir