Ikinji syýahat

Patyşa oglunyñ keýpiniñ ýoklugyny eşidip gaýgy teşwişe düşdi. ''Nähili-de bolsa, oglanyñ göwnüni hoşlamak gerek'' diýip oýlandy. Ýene bir gezek tabşyryk bereýin, ony ýene syýahata alyp çyksynlar. Goý, ol şäheriñ başga-da owadan köçelerini boýlap, gezelenç etsin.
Çanna Kantakany ýene araba goşdy. Kapilawistany boýlap, ýene gezelenje çykdylar. Köçeler ozalkysy ýaly bezelendi. Halaýyk ýene her ädimde şazada guwanyp, ony şatlyk bilen garşylady. Emma birden oýun-henek edýän märekäniñ arasynda bir näsag kişi peýda boldy.
Şazada:
ㅡ Haý, Çanna, oña seret! Hol özüne zor salyp, zol-zol üsgürýän kişi kim boldugy? Şormañlaý nämüçin üsgürýär we beýle sandyradýar, nämüçin ol beýle nala çekýär? ㅡ diýip sorady.
Çanna:
ㅡ Ol näsag bir kişi, şazadam ㅡ diýdi.
Şazada:
ㅡ Nämüçin ol näsag bolýarka? ㅡ diýip, şazada geñ galyp sorady.
Çanna:
ㅡ Onuñ sebäpleri köp, şazadam. Ýakymsyz nahar iýen bolsa-da, şemala galyp, sowuklasa-da, adam näsaglaýar. Belki, şol zatlar sebäpli, saglygy ýaramazlaşyp, gagşap-titräp üsgürýändir ㅡ diýdi.
Şazada:
ㅡ Märekäniñ içindäki hol bagtly adamlar hem kesele ýolugýarmy? ㅡ diýip sorady.
ㅡ Elbetde ㅡ diýip, Çanna jogap berdi. ㅡ Her bir adam bir gün sag bolsa, bir gün näsag bolup bilýär. Näsaglykdan hiç kim gaçyp gutulyp bilmez.
Şazada ýene añka-tañka bolup galdy. Ol öz-özüne: ''Hiç düşünip bilemok, adamlar islendik wagt kesele ýolukjakdygyny bilseler-de, nämüçin oýun-henek edýärkäler? ㅡ diýdi. Soñra ol Çanna:
ㅡ Arabany yza öwür. Bu günlükçe şu görenlerimiz ýeterlik diýdi.
Köşge gelenlerinden soñ, şazada ozalkysyndan hem gamgyn bolup, hiç kim bilen gepleşmän, hiç zat iýmän-içmän, hiç kimi görmegem islemän ýatyberdi. Oglunyñ bu ahwalyndan habardar bolan patyşa gaýgy-alada batyp, kelep ujuny ýitirdi. Ol: ''Men oglumy bagtly etmek üçin elimden gelenini etdim, ýöne garaşanymyñ tersine bolup çykdy. Indi wezirlerim bilen gepleşip görmesem, boljak däl-ow'' diýip oýlandy.
Wezirler:
ㅡ Şazada indiki gezek syýahata ýalñyz çykmasyn. Sazandalar, aýdymçylar, köşk hyzmatkärleri bilen bile çyksynlar. Goý, olar şazadany baga eltip, şol ýerde oýun-henek bilen onuñ göwnüni açsynlar ㅡ diýip, maslahat berdiler.
Gepiñ gysgasy, şazada ýene gezelenje çykmagy teklip etdiler. Ýöne ilki gowy taýýarlyk gördüler. Şäheriñ köçeleri öñküden-de owadan edip bezeldi. Göreninde kalbyna gussa getirýän närseleri çykardylar. Wagty hoşluk üçin, oýun-gülki üçin ýörite bag taýýarlanyp, ähli zatlar häzirlenip goýuldy.

(dowamy bar)

Jonatan Landau

Terjime edenler: A. Atabaýew, D. Kerimow

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir