Nerwleriňizi rahatlandyrmak üçin 8 usul

Nerwleriňizi rahatlandyrmak üçin 8 usul
Biziň her birimiziň nerwlerimizi rahatlandyrmak we “bugymyzy çykarmak” üçin ýönekeý we elýeterli usullar bar.

Iýiň

Adam aç bolan ýagdaýynda has-da stresse duçar bolýar. Adam dok bolanda durmuşyň ähli kynçylyklary gaty agyr däl bolup görünýär, gandaky şekeriň derejesi gaçsa, rahatsyzlygyň we ynjalyksyzlykgyň derejesi galýar. Nerwleri rahatlandyrmagyň iň tiz usuly- bir gysym hoz, gara şokoladyň bölejigini ýa-da süýji alma iýiň.

Fiziki agram

Ähli fiziki agram ganda serotiniň derejesini-iň gowy stresse garşy gormonyň derejesini galdyrýar. Sport türgenleşigi ýa-da ylgaşlama size artykmaç psihiki zor salmagy aýyrmaga, “gara” pikirlerden we şahsy biçärelik duýgusyny aýyrar.

Uludan demiňizi alyň

Özüňize rahat ýagdaýda ýerleşiň, gabaklaryňyzy ýapyň we öz demiňizden başga zat barada hiç zat barada pikir etmäň. Howanyň gursaňyzy doldurýanyny duýuň. Sedasiýanyň bu usuly köp psihatrlar we psihologlar tarapyndan ulanylýar.

Çopantelpegiň gülleri

Çopantelpek- stressi aýyrmak üçin iň gowy fito (ösümlik) serişdesi bolup durýar.

Onuň güllerinde-tebigy birleşmeleriň birnäçesi bar, olar hem beýnidäki nerw reseptorlaryna dermanhana trankwilizatorlar ýaly täsir edýärler. Stres bilen göreşmek üçin çopantelpegiň gury gülleriniň 1 çaý çemçesini 200 ml gaýnak suw guýup 10 minutlap goýuň. Şeýle şire, has-da bal bilen içseň siziň nobatdaky aýbaşyňyzyň öňünden syryňyz bolar: çopantelpek nerw ulgamyna täsir etmezden başga-da aýbaşyňyz wagtyndaky garnyňyzyň aşagyndaky agyryny we agyrlylygy aýyrýar.

Gök çaý

Çaýyň ýapraklarynda L-тианин bar. Bu aminokislota beýindäki reseptorlar bilen baglaşýar we eýýam 30 minutdan bir käse çaýdan soň onuň işjeňligini üýtgedýär. Gök çaý dofaminiň we başga birleşmeleriň işläp çykmagyna ýardam berýär we nerw zor salmagyny aýyrýar, keýpiňi galdyrýar, polojitel guýgularyny köpeldýär we şol wagt işewürligi hem galdyrýar. Şonuň üçin ony uklamakdan öň içmäge maslahat bermeýärler.

Hmel

Hmel tebigy uky getiriji serişde we antidepressant bolup durýar, newrozlar we ukysyzlyk bilen göreşmäge berýär. Bu ösümligiň miwelerinde iň gymmat zat bu efir ýagy bolup durýar, ony dermanhanada ýa-da ýöriteleşdirilen dükanda alyp bolýar. Hmeliň ýagyny nerw ulgamyny rahatlandyrmak üçin maslahat berärler. Piwo bu maksatlar üçin maslahat bermeýärler.

Lawandanyň ysy

Lawandanyň ysy fransuz Prowansyny ýatladýar, onuň gowy bildirýän sedatiw güýji bar. Käbir alymlar lawandanyň ysyny serhoş bolmak bilen deňeşdirýärler. Lawandanyň ýagyny stoluň üstündäki aromaçyranyň içine ýa-da aromakulona damdyryp bolar. ABŞ-da käbir diş lukmanlary lawandanyň strese garşy täsirini onuň ýagyny hassahanalaryň kabul ediş ýerinde pürküp näsaglaryň “diş ownudýan” proseduralaryna garaşyp howsala galmagyndan goramak üçin ulanýarlar.

Narpyz – melissa

Melissanyň bejeriş häsiýetleri adamlara gadym wagtdan bäri belledir. Melissa has-da hemişe sebäbini düşündirip bolmaýan howsala düşýän, erbet zatlary göwünlerine getirýän we gorkunç wakalary düzýän aýal maşgalalara maslahat berilýär. Melissany onuň peti hökmünde, şeýle-de şire ýaly, çaýa goşup ýa-da başga dermanhana fito (ösümlik) şerişdeleriniň düzüminde. Esasy zat, gözükdirmäni berjaý ediň we möçberinden artyk ulanmaň, sebäbi melissa ters täsir edip biler.

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir