Hytaýda koronawirus bilen kesellänleriň tas ýarysy gutuldy
2019-nCoV koronawirusynyň esasynda ýüze çykan pnewmoniýadan ýogalanlaryň sany Hytaýyň territoriýasynda 2774-e ýetdi, öň 2770 diýlip habar berildi. HHR-iň saglygy goraýyş boýunça Milli komissiýasynyň maglumatlary boýunça ýurtda bu infeksiýa bilen 78 497 raýat keselledi, olardan 32 495 adamy bejermek başartdy. Bu barada gorodovoy.spb.ru habar berýär.

Kesellänleriň 3,57%-i wirusdan halas bolup bilmediler. Hytaý lukmanlary beýlekileriň ýaşaýşy ugrunda hem göreş alyp barýarlar. Kesellänleriň arasynda 7,6 müň töweregi agyr ýagdaýda.

Hubeý welaýatynda keselleme ýagdaýlarynyň tassyklanan sany 65,5 müňden geçýär, paýtagtyň özünde 47,8 müň. Bir gije-gündiziň dowamynda Hubeýde keseliň 409 sany täze ýagdaýy bellige alyndy, 2288 adam gutuldy, 26-sy ýogaldy, şol bir wagtda Uhanda hem 19 sanysy.

HHR-iň sebitlerinde gutulanlaryň görkezijisi 78% derejede, 10 gün mundan öň bu görkeziji 43%-di. Has gowy netijeleri Tibet awtonom etrabynda we onuň bilen demirgazykdan serhetdeş bolan Sinhaý welaýatynda görmek bolýar, bu ýerde gutulanlaryň sany 100%-e barabar, ýagny kesellänleriň hiç birisi aradan çykmady.

Hytaýyň çäklerinde, Gonkongda (iki adam ýogalan), Makaoda we Taýwanda wirusyň 133 ýagdaýy bellige alnan. Kesellänleriň sany tutuş dünýä boýunça SCMP neşiriniň hasabyna görä, 82 027-ä ýetýär, aradan çykanlaryň sany 2800. Öň Saglygy goraýşyň bütindünýä guramasy infeksiýa ýaýrawyny halkara adatdan daşary ýagdaý diýip ykrar etdi we ýagdaýlaryň gitdigiçe durnuklaşýandygyny belläp geçdi, ýöne položitel üýtgeşmeler barada gürlemäge entek ir.

Ýogalýanlaryň sanynyň köplügi boýunça sebitleriň arasynda Hubeý birinji ýerde durýar, ol ýerde kesellänleriň 4,11%-i ýogaldy. Ikinji orunda Heýlunszýan (2,7%) ýerleşýär, bu ýerde 13 adam ýogaldy.

Bilim, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir