Aşgabat, Aşgabat aklykdan Kentim,
Ýurduň düri, Aziýaga göwher Sen.
Gijeler çyralaň saçsalar ýalkym,
Ýedi däl-de ýetmiş reňňe öwser Sen.

Köpetdagyň başyndaky ak gardan,
Binalaryň öz reňkini alypdyr.
Tozap ýatan, ýeke telär ýok ýerden,
Binalarňy türkmen halky salypdyr.

Aşgabadym Seň tenekär howaňda,
Zagpyranyň, selin-arçaň ysy bar.
Seýilgähde, köçeleňde ýodaňda,
Ezizowyň, Kerim agaň yzy bar.

Myhman bolup geljeklere çarýandan,
Dört derwezäň gujak kimin açykdyr,
Seň keşbiňi ýeke gezek görenden,
Aşgabadym Saňa hemme a:şykdyr.

Ýolagçy

Sorag-jogap, Umman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir