Adam ata bilen How ene Rebbiň tabşyrygyny bozýarlar

1. Hudaýymyz Reb tarapyndan ýaradylan haýwanlarynyň arasynda iň mekiri ýylandy. Ýylan aýaldan: « Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady. 2. Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar. 3. Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi». 4. Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. 5. Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär». 6. Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi. 7. Olaryň gözleri açyldy we özleriniň ýalaňaçdyklaryny bildiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny biri-birine birleşdirip, özlerine örtgi edindiler.
8. Salkyn aralaşanda, adam aýaly bilen bagda gezmeläp ýören Hudaýymyz Rebbiň sesini eşidip, bagdaky agaçlaryň arasynda Onuň huzuryndan gizlendiler. 9. Hudaýymyz Reb adamy çagyryp: « Sen nirede?» diýdi. 10. Adam: «Men bagda, Seniň sesiňi eşidip, gorkup gizlendim, çünki men ýalaňaçdym» diýdi.
11. Beýik Hudaý ondan: «Ýalaňaçdygyňy saňa kim aýtdy? Iýme diýip gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiňmi?» diýip sorady. 12. Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi. 13. Hudaýymyz Reb aýaldan: «Bu näme etdigiň boldy?!» diýip sorady. Aýal: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýdi.
14. Hudaýymyz Reb ýylana:
«Şeýle edeniň üçin,
ähli mallaryň we
haýwanlaryň iň nälet siňeni sen bolarsyň.
Garnyňyň üstünde süýrenip gezersiň sen,
ömürboýy toprakdan iýmitlenersiň sen.
15. Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men.
Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
16. Beýik Hudaý aýala şeýle diýdi:
«Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn, agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen, sen äriňe meýilli bolarsyň (ýa-da äriñ üstünden höküm süresiñ geler) emma ol höküm sürer seniň üstüňden».
17. Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.
18. Toprak saňa akbaş-ýandak öndürip berer. Sen meýdan otlaryny iýersiň.
19. Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».
20. Adam aýalyna How (bu söz ýaşaýyş diýmegi añladýar) diýip at dakdy, sebäbi How ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy. 21. Hudaýymyz Reb adam bilen onuň aýalyna deriden eşikler edip, olary geýindirdi. 22. Hudaýymyz Reb: «Ine, adam ýagşyny-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş daragtyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi. 23. Şoña görä öz alnan topragyny işläp bejereri ýaly, Hudaýymyz Reb adamy Erem bagyndan çykardy. 24. Ol adamy bagdan kowdy; soňra Ol ýaşaýyş daragtyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda keruplar (ganatly perişdeler. Olar Erem bagynda ýaşaýyş daragtyny gorapdyrlar) hem-de aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir