2‑nji bap

1. Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy.
2. Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, şol gün dynç aldy.
3. Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.

Adam ata bilen How ene Erem bagynda

4. Hudaýymyz Reb gögi we ýeri ýaradanda bolup geçen wakalar şulardyr: Hudaýymyz Reb ýeri we gögi ýaradanda, 5-6 ýer ýüzünde heniz gyrymsy agaç ýokdy, gök ot hem bitmändi, çünki Hudaýymyz Reb ýere ýagyş ýagdyrmandy we ýeri bejermek üçin entek hiç kimi ýaratmandy, emma ýeriň astyndan çykan suw tutuş topragy suwarardy. 7. Hudaýymyz Reb
toprakdan adam * ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.
8. Hudaýymyz Reb gündogarda ýerleşen Eremde * bag oturdyp, adamy şol ýerde ýerleşdirdi. 9. Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy. 10. Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär. 11-12. Birinji derýanyñ ady, Pişondyr; ol derýa altyna baý bolan bütin Hawyla ýurdunyň içinden akyp geçýär. Ol ýerde sap altyn, bdolah hem-de hakyk diýen gymmatbaha daşlar bar. 13. Ikinji derýanyñ ady Gihondyr. Ol tutuş Kuş ýurdunyň içinden akyp geçýär.14. Üçünji derýanyň ady Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Ýewfrat derýasydyr. 15. Erem bagyny işläp bejereri we oňa gözegçilik ederi ýaly, Hudaýymyz Reb adamy ol bagda ýerleşdirdi. 16. Hudaýymyz Reb adama şeýle emr etdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. 17. Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň». 18. Hudaýymyz Reb «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi. 19. Hudaýymyz Reb haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy. 20. Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady. 21. Hudaýymyz Reb adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi. 22. Hudaýymyz Reb adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi. 23. Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol erkekden alnandyr» diýdi. 24. Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar. 25. Adam-da, onuň aýaly-da ýalaňaçdylar, olar heniz utanmany bilmeýärdiler.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir