Dermany suw bilen içmelimi ýa-da...
Biziň köpimiz bejergide ulanýan dermanlarymyzy süýt bilen içip, onuň bejeriş täsirini azaldýandygymyz hakynda pikir eden däldiris. Bu ugurda barlag geçiren alymlar derman kabul edilende, seresaplylygy elden bermeli däldigini nygta ýarlar. Olaryň ýazan ylmy makalalarynda greýfrutdan (yssy ýurtlarda bitýän sitrus agajy) ýasalan şire suwunyň peýdasynyň örän ýokarydygy aýdyl ýar. Onuň düzümindäki С witaminiň bedenimizdäki artykmaç ýaglary aýyrmakda, damarlarymyzy holesterinden arassalamakda peýdasynyň uludygy hem ýüze çykarylypdyr. Muňa garamazdan, bu şire suwunyň düzüminde bagryň işini haýallaşdyrýan maddanyň agdyklyk edýändigini hem ýatdan çykarmaly däldiris. Şol sebäpli-de bu şire suwy bilen ýüregagyrydyr allergiýa kesellerine garşy kabul edilen dermanlaryň ters tä sir etmek howpy birnäçe esse ýokarlanýar. Düzüminde asetilsalisil turşusy bolan aspirindir sitromon ýaly dermanlary miwe şireleri bilen içip, yzyndan apelsindir mandarin iýmekden saklanmalydyr. Bu ýagdaýda ir-iýmişiň turşulygy dermanyň düzümine täsir edip, olaryň güýjüni gaçyrýar.
Miwe şireleri bilen kabul edip bolýan ýeke-täk derman mäz bejergilerinde ulanylýan dermanlardyr. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, dermanlary süýt bilen içmek maslahat berilmeýär. Süýt esasan-da, tetraksiklin antibiotikleriň hataryna girýän dermanlaryň täsirini puja çykarýar. Bu ýagdaýda derman bedenimize siňmezden aşgazanymyzyň üsti bilen hiç bir peýdasyz göni geçýär. Derman içilenden soň iýlen ýagly et olaryň güýjüni haýalladýar. Gowy demini alan gök çaýy hem derman içilenden soň içmek maslahat berilme ýär. Çaýyň düzümindäki tanin maddasy dermanlar bilen eremeýän garyndylary emele getirip, bedenimizde çökündi bolup galýar. Aslynda, islendik bejergide dermanlary ýönekeý suw bilen içmek maslahat berilýär. Şeýle edilen ýagdaýynda dermanlaryň täsir ediji güýji öňki-öňküligine galýar.