Türkmenistanda her ýylyň 18-nji fewralynda diplomatik işgärleriň güni bellenip geçilýär. Bu ýyl, ýagny, 2020-nji “ Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Bitaraplyga eýe bolanymyza hem 25 ýyl dolýar. Diplomanik işgärleri üçin hem bu şanly waka uly üstünliklere ymtylmaga ýol açýar. Dünýäniň dürli ýurtlary biltn ýakyn gatnaşyklaryň, parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň nyşanyny alamatlandyrýan Bitaraplyk statusymyzdan gözbaş alyp, Türkmenistan özüniň bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda, 142 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we 44 sany ir halkara guramasyna agza bolup durýar. Biziň diplomatik wekilhanalarymyz bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.
Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary işler ministrligi tarapyndan döwlet derjesinde uly-uly çäreler, maslahatlar we sergiler guralýar. Ol maslahatlarda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy barada çykyşlar edilýär.
Türkmenistan döwletimizde daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady we medeni giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmaga, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dost-doganlygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arsyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze derjelere çykarmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Mundan başga, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarrynyň we wekilhanalarynyň işiniň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar.
Häzir ýurdumyzyň daşary syýasatda, halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalaryň, köptaraply duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülendigi munuň aýdyň mysalydyr.