Türkmenler we Demirgazyk Afrika halkary

Biz dürli halklaryñ medeniýetleriniñ arasynda bellibir meñzeşlikleriniñ bolmagy hiç wagt olaryñ garyndaşlygyna şaýatlyk etmeýändigini bilýäris. Olar ýa ýakyn jemgyýetçilik-ykdysady gurluşy, ýa tebigy howa şertleri ýa-da adam añynyñ belli kanunalaýyklyklary bilen bolup biler.
Emma bizde Türkmenistan we Demirgazyk Afrikanyñ, hususan-da Müsüriñ arasynda gadymy döwürden bäri etnomedeni gatnaşyklaryñ bardygyna şaýatlyk edýän jedelsiz deliller bar. Muña türkmenleriñ antropologik sypatynyñ (keşbiniñ) özi şaýatlyk edip biler. Ol ýewropeoid jynsynyñ zakaspiý görnüşiniñ orta ýer deñiz dolihpsefal (uzynkelle) tipi hökmünde kesgitlenýär. Antropologiýasy boýunça türkmenleriñ Orta Aziýa halklary bilen meñzeşligi alymlaryñ öñünde heniz özüniñ çözgüdine garaşýan meseläni goýýar.
1926-njy ýylda professor N. Brýullow-Şaskolskaýa amyderýanyñ kenaryndaky türkmenleriñ medeniýetini öwrenip, Türkmenistan ''umumy ylmy nukdaýnazardan çuñ gyzyklanma döredýär'', sebäbi bu territoriýa ㅡ medeniýetiñ iñ wajyp ýeleriniñ biridir, onda gadymy Assiriýa, Pars, Hytaý we beýleki gadymy medeniýetleriniñ gözbaşlary ýüze çykarylýar diýip bellemegi tötänleýin däldir(1).
Sungaty öwreniji Ç. Esenowyñ ''Gurjak oýny ㅡ hasyllylyk kultunyñ tansy'' diýen işi örän gyzyklydyr. Onda awtor ýañy-ýakynda-da türkmenlerde bolan ''gurjak oýny'' kult tansyny Gündogar ýurtlarynyñ has gadymy däp-dessurlary bilen deñeşdirýär. Onda-da, Ç. Esenow öz sözlerine görä, onuñ 1985-nji ýylda Lebap welaýatynda toplan meýdan materiallaryny, diñe gündogar mifleri we ritual misteriýalary bilen deñeşdirilende, düşündirmek bolýar. Ol ''has gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýanyñ, Hytaýyñ, Hindistanyñ arasynda Gündogarda we Alynky Aziýa hem Müsür bilen Günbatarda güýçli medeni alyş-çalyş bolupdyr, şunuñ netijesinde bu medeniýetleriñ aýratyn elementleri Orta Aziýa halklarynyñ folklorynda saklanyp galan bolmagy ahmal'' diýip aýratyn belleýär(2).
Türkmenleriñ kult aýdymlary, tanslary, sazy barada aýdanynda, Ç. Esenow türkmen-müsür medeni gatnaşyklarynyñ üstünde durup geçýär. Türkmen sazyny iñ gowy bilýän W. M. Belýaýewa salgylanyp, ol, türkmen dutaryna meñzeş iki taraply çirtilip çalynýan saz gurallary, müsür baralýewleri boýunça netije çykarylanda, Müsüriñ we Türkmenistanyñ ýaşaýjylarynyñ arasynda b.e.ö. IIIㅡII müñýyllyklarda has giñ ýaýrapdyr.
''Türkmenleriñ we müsürlileriñ kult aýdymlarynyñ usullarynda hem meñzeşlik duýulýar ㅡ diýip, Ç. Esenow ýazýar. Mysal üçin, aýdym aýdylanda, aýdymçynyñ elini gulagyna, ýañagyna we boýnuna goýup, ýeñiljek basmak bilen sesi titremekleri ...Türkmeniñ däp bolan dessurynda şeýle usul zenanlaryñ we gyzlaryñ ''läle'' aýdymlarynda duşýar, ol ''läle kak'' diýen halk adalgasy bilen anyklanylýar(3).
Müsürlileriñ we türkmenleriñ magiki tanslarynyñ plastikasynda (hereketinde) hem ýüze çykýar. Hususan-da, müsürlileriñ adam jaýlanandaky tansy (''çapak'') diñe aýallar tarapyndan ''agy aýdymlarynyñ deprekleriñ kakylyp, el çapmak bilen sazlaşygynda'' ýerine ýetirilýär.
''Misrian'' (Balkan welaýaty) we ''Müsür'' (Lebap welaýatyndaky şäherçe) toponimlerine üns bereliñ. Olarda Ýepgitiñ türkmençe ady Müsür bilen many gatnaşygy bar. Türkmeniñ improwizirlenen göýdüm (karlik) adamyñ gatnaşmagyndaky ''gurjak oýny'' tansy hem müsürlileriñ jadyly (magik) tansyny ýa-da salýar. Mysal üçin, Senusert dinastiýasynyñ XII faraonynyñ köşk adamy Sinuheta ýazan hatynda şeýle diýilýär ''Seniñ mazaryñ gapysynda karlikleriñ tansy bolar''. Müsüriñ mifologiýasynda karlik diýip şertli Şeýtan (Iblis) atlandyrylýar we ol öý ojagynyñ, aýallaryñ we çagalaryñ goragçysy bolupdyr(4).
1985-nji ýylda arheolog H. Ýusubow Uzboýyñ sag kenaryndaky (Demirgazyk-Günbatar Türkmenistan) mazarlyklaryñ birinden müsür faýansyndan ýasalan, Iblisiñ sakally müsür hudaýy şekillendirilen şelpe (beýikligi 3,5 sm) tapypdyr. H. Ýusupowyñ belleýşi ýaly, ''Şeýle figuralar Müsür taryhynyñ ähli döwürleri üçin häsiýetli bolupdyr''. Beýleki ýerlerden tapylan müsür hudaýjyklarynda guýrugyñ bolmazlygy (diñe birinde kiçijik ösüntgi bar), şol wagtda ''uzboý'' heýkeljiginiñ uly we togalagrak guýrugynyñ bolmagy gyzyklydyr(5).
Türkmeniñ zergärçilik sungaty hem müsürlileriñ mifologiýasyndaka meñzeş şekillere eýedir. Rus zoology W.S. Zaletaýew 1979-njy ýylda käbir türkmen dagdanlarynyñ (aýallaryñ döşe dakylýan bezeg şaýlary ㅡ dogalary) Türkmenistanda ähli ýerde duşýan tomzaklaryñ (skarabeýleriñ) anyk nusgasy (kopiýasy) bolup durýar diýip ýazýar. Emma Müsürde bu tomzak hormat goýulan keramatly mör-möjek hasaplanypdyr. Skarabeýiñ şekilleri b.e.öñ III - II müñýyllykda Müsürde giñden ýaýrapdyr we onuñ keşbi Gün kultuna meñzeş görlüpdir. W. S. Zaletaýewiñ pikirine görä, ''Türkmenistanyñ dagdan-skarabeýleri müsürlileriñki bilen deñeşdirilende, örän çylşyrymly we dürli-dürlüdir''(6).
Umuman, türkmen dagdanlarynyñ ''haýwan äheñleri'', şeýle-de gurbagalaryñ, ha££yklaryñ, pyşdyllaryñ, tomzaklaryñ şekili bolan haly nagyşlary gadymy Müsürde giñden meşhur bolan mifologik äheñleri bilen meñzeşdirler.
Munuñ hemmesi ýene-de bir gezek türkmen medeniýetini diñe Merkezi Aziýanyñ çäginde üzñelikde öwrenmegiñ bolmaýandygyny görkezýär.
Ylymda tutuş gadymy döwrüñ dowamynda Merkezi Aziýadan Orta we Ýakyn Gündogara we tersine, etnoslaryñ köpçülikleýin göçmekleri bolup geçendigi baradaky pikir birnäçe gezek aýdylypdy. Eýýäm antik döwürde halklar özleriniñ gelip çykyşlary barada jedel edipdirler. Rim taryhçysy Pompeý Trog skifler ㅡ türkmenleriñ ata-babalary barada gürrüñ berende, şeýle ýazypdyr: ''Skif taýpasy elmydama gadymy hasaplanypdyr, emma skifler bilen müsürlileriñ arasynda uzak wagtlap gelip çykyşlarynyñ gadymylygy barada jedel bolupdyr... skifler müsürlilerden üstün çykypdyrlar we elmydama has gadymy halk bolupdyrlar''. Merkezi Aziýanyñ söweşjeñ halklary hemişe gadymy gündogar ýurtlarynda peýda bolupdyrlar we ol ýerde öz patyşalyklaryny döredipdirler. Has gadymy döwürlerde Türkmenistanyñ çäginde ýaşaýan etnoslaryñ ynamly günbatara hereket edip, Müsüre ýetendikleri bellidir. Hut Türkmenistanyñ gadymy halklary Ýewropany we Aziýany aýratyn tohum at bilen tanyşdyrypdyr. Akademik W. O. Witt ýöneligine ahalteke atlary ㅡ bu Assiriýanyñ, Müsüriñ we Elladanyñ beýik ussatlarynyñ çeken suratlarynda müdimileşdirilen Orta Aziýanyñ ajaýyp atydyr'' diýip ýazypdyr(7).
Müsürde hatda has gadymy ''skif'' etnosy ''tahoryñ'' ady hem bellige alnandyr. Onuñ ady häzir ''togar'' (''duker'', ''tüwer'') türkmen etnoniminde bar. Ramses III (b.e.ö. 1200 ㅡ 1168 ýý.) belli ýazgysynda etnonim ''tohar'' ''takkeri'' görnüşinde duşýar. Gündogarşynas N. Henningiñ pikirine görä, hut toharlar b.e.ö. III müñýyllykda gadymy gündogar zulum ediji döwlet gurluşyny syndyryjylar bolupdyrlar(8).
B.e.ö. I müñýyllygyñ ortasyndaky çeşmelerde eýýäm Merkezi Aziýa etnoslarynyñ Müsüre barmaklary görkezilýär. B.e.ö. V asyrda ahemedileriñ Elefantin nil adasynda (Gündogar Müsür) ýerleşen garnizonynyñ düzüminde Dargamanyñ ýolbaşçylygyndaky Horezm goşunynyb bolandygy görkezilýär(9).
Skif-sak esgerleri Müsüriñ gämi ekipa£ynyñ düzüminde gulluk edipdirler. Olaryñ terrakota heýkelleri bu ýurtda häzir hem duşýar. B.e.ö. IV asyrda parfiýaly Amminaspyñ Müsüriñ hökümdary bolandygy hem bellidir(10).
Parfiýa täjirleri täze eranyñ ilkinji asyrlaryna çenli diýen ýaly Müsüre aziýa harytlaryny eltipdirler we ''faraonlaryñ ýurdunda'' tutuş gildiýalary emele getiripdirler(11).
Orta asyrlarda ýagdaý düýbünden üýtgeýär. VII asyrdan başlap, oguz-türkmenlerinden, gypjaklardan we hazarlardan bolan türki harby serkerdeleri Müsürde esasy hyzmaty ýerine ýetiripdirler. Ähli ýokary harby we harby-edara wezipeleri olaryñ eline geçipdir(12).
856-njy ýylda halyf al-Muatasim Müsüriñ hökümdary edip, türkmen serkerdesi al-Fatha ibn Hakany belläpdir, emma ol halyfy gorap, tiz wagtda wepat bolupdyr.
866-njy ýylda Müsüriñ emeldary edip türkmen serkerdesi Ahmed ibn Tulun bellenilýär, onuñ kakasy Tulun bolsa birnäçe ýyllap Merwde ýaşan halyf al-Mamuna gulluga durupdyr. Ahmet ibn Tulun Müsüriñ paýtagty Fustat şäherine 866-njy ýylyñ 15-nji sentýabrynda gelipdir. Täze hökümdar uly iş geçiripdir: tejribeli (professional) goşun döredýär, göwrümli suwaryş (irrigasiýa) işlerini geçirilýär, oba hojalygy ösdürýär, söwdany dürli ýollar bilen goldaýar, Fustatyñ demirgazygynda täze şäher gurýar, onda garnizony ýerleşdirýär, häzirki güne çenli saklanan baş metjidi gurdurýar, Bagdad halyflarynyñ köşklerine añyrda dur diýdirýän ajaýyp köşkleri gurdurýar, döwlet salgytlaryny azaldýar. Ahmed ibn Tufan öz şaýyny zikgeläp başlaýar we halyfyñ adynyñ ýanynda öz adyny goýup başlaýar. Müsür senenamaçylary onuñ dolandyran döwrüni ''Müsür taryhynyñ altyn asyry'' diýip atlandyrypdyrlar(13).
873-nji ýylda Ahmed ibn Tulun ilkinji hassahanany esaslandyrýar. Onda aýallaryñ we erkekleriñ hammamlary bolupdyr. Hassahana diñe ilatyñ ýoksullar gatlagy üçin niýetlenipdir. Hassalar öz geýimlerini we pullaryny dolandyryja beripdirler, hassahanadan çykanlaryndan soñ bolsa, towuk we çörek alypdyrlar. Hassahanada ruhy keselliler (akyllaryndan azaşanlar) üçin ýörite bölüm bolupdyr. Bu lukmançylyk edarasynyñ hajatlary üçin ýylda 60 müñ dinar goýberilipdir. Köşk metjidinde dermanhana bolupdyr, onda lukman her anna güni kesellileri mugtuna bejeripdir(14).
Ahmet ibn Tulun öz döwletinde Müsüri, Siriýany we Palestinany birleşdiripdir. Öz şöhratynyñ çür depesindekä, 884-nji ýylda ol ýogalýar, emiriñ orny onuñ ýigrimi ýaşly ogly Humaraweýhe (884-896-njy ýý.) geçipdir. Bagdad halyfy, Ahmediñ ölüminden peýdalanyp, öz goşunyny Müsüre sürýär, emma derbi-dagyn edilýär, ondan soñ al-Muwaffak resmi taýdan Müsürde we Siriýada Tulunylaryñ häkimini kanunlaşdyrýar, eýýäm soñky halyf Humaraweýhiñ gyzyna öýlenýär.
Al-Makriziniñ şaýatlyk etmegine görä, Humaraweýh ägirt uly at çapyşyklaryny geçiripdir: ''Çapyşyklar halkyñ arasynda baýramçylyk hasap edilipdir''(15). Ol örän owadan haýwanat bagyny döredipdir, onda her bir haýwanly kapasanyñ ýanynda howdan gurludyr. A. Mes şeýle ýazypdyr: ''Tulunidde Humaraweýh döwründe bu müsür däbi türküleriñ güllere bolan hyjuwy bilen bilelikde ony musulman hökümdarlarynyñ arasynda bagçylyk boýunça iñ uly hünärmene öwrüpdir. Kakasynyñ okuw meýdanynda ol gülleriñ we agaçlaryñ ähli bolup biljek görnüşlerini ekmegi buýrupdyr. Ol ýerde seýrek duşýan sapylan ösümlikler bolupdyr, mysal üçin, badam erik agajyna sapylypdyr; bägülleriñ dürli görnüşleri, gyzyl, gögümtil we sary lotos bolupdyr. Gülleri şekilleriñ we sözleriñ ýazylyşy görnüşde ekipdirler, bagbanlar elleri gaýçyly hiç bir ýaprak beýlekilerden aýratynlykda çykyp durmaz ýaly, alada etmeli bolupdyrlar. Howuzlar, suw çüwdürimleri, emeli çeşmeler we öñden bar bolan antik müsür bagbançylyk stilindäki pawilionlar, seýil baga has hem görk beripdir''(16).
895-nji ýylda Siriýa bolan ýöriş wagtynda Humaraweýh öldürilýär. Häkimlik gezekli-gezegine onuñ ogullary Abul-Asakir Jeýşa (895-896-njy ýý.) we Haruna (896-904-nji ýý.) geçipdir. Emma beýik hökümdaryñ kiçi ýaşly ogullary döwleti dolandyrmaga ukyply bolmandyrlar, olaryñ ikisi hem ýaş wagtlary öldürilýär. Gysga wagtyk tagta Humaraweýhiñ dogany Şeýban ibn Ahmet (904-905-nji ýý.) geçýär, emma ol halyf al-Muktafiniñ guran döwletini halas edip bilmeýär(17).
Otuz ýylyñ dowamynda Müsür we Siriýa bagdat halyfyñ golastynda bolýar. Ol tä Müsürde häkimiýet başyna 935-nji ýylda Muhammet Ihşid gelýänçä, emeldarlary öz islegine görä belläpdir. Muhammediñ kakasy Tugj Merkezi Aziýanyñ oguzlaryndan bolupdyr(18).
Ibn Tugj güýçli goşuny täzeden döretmegi başarýar we öz döwletine Siriýanyñ merkezi we günorta böleklerini birleşdirýär. Ol apbasy halyfy bilen dostluk gatnaşygyny saklapdyr we häkimiýet başyna geçmek isleýän Fatimidleriñ güýçli garşydaşy bolupdyr. 936-njy ýylda ol fatimid goşunyny ýeñýär we ony Magrypdan çykarýar.
Ihşidler hem edil Tulunidler ýaly, akylly-başly syýasaty alyp barypdyrlar. Olar edara diwanhanasynda özgertme geçiripdirler, onuñ çykdajylaryny has azaldypdyrlar, Müsür musulmanlar tarapyndan basylyp alnanyndan soñ, ilkinji gezek, raýat emeldarlaryna hak töläp başlapdyrlar, suwaryş (irrigasiýa) ulgamyñ ösmegine we batgalyklary guratmaga ýeterlik üns beripdirler. 946-njy ýylda Muhammet Ihşid ýogalandan soñ, Müsürde tagta onuñ iki sany kiçi ýaşly ogly geçýär, emma häkim ministr-nubiý Kafuryñ elinde jemlenipdir, ol ýogalandan soñ, 966-njy ýylda Ihşidler öz güýçlerini ýitiripdirler(19).
Basym Müsürde häkimi Fatymylar ㅡ Pygamberiñ gyzynyñ nebereleri basyp alýarlar we 969-njy ýylda Kahir (Kair) şäheriniñ düýbüni tutýarlar. XI asyryñ ikinji çärýeginde Ýakyn Gündogara türkmen-seljuk goşunynyñ çozmagy musulman dünýäsiniñ etnik kartasyny üýtgedýär.
Emma türkmenler Müsüri basyp almandyrlar. Türkmen-seljuk döwletiniñ gündogaryndaky syýasy we harby wakalar biraz wagt türki hanlaryny Demiragyk Afrikanyñ baý ýerlerini basyp almakdan ünsüni sowupdyr. Arheologik materiallar we ýazuw çeşçmeleriniñ maglumatlary Müsür hem Seljuk imperiýasynyñ ilatly ýerleri bilen gyzgalañly söwda we medeni alyş-çalşyñ bolandygyna şaýatlyk edýär(20).
1171-nji ýylda Müsürdäki fatymy halyfy öz goşunlarynda mamlüklary (''ýoluganlary'') ㅡ ýesir düşen oguzlary, gypjaklary, alanlary, peçenegleri giñden ulanan Eýýubylaryñ dinastiýasy tarapyndan syndyrylýar. Köneürgenç şasy Jelalleddin 1231-nji ýylda Zakawkazýede ýogalandan soñ, onuñ mongol basypalyjylaryna garşy duran batyr esgerleri söweşip Kawkazdan Müsüre çenli barypdyrlar we Eýýubylara gulluga durupdyrlar. Hut şolaryñ kömegi bilen Mälik Salyh Eýýuby 1244-nji ýylda Ierusalimi basyp alýarlar we tizden Müsüre Siriýany birleşdirýär. Türkmen atlylarynyñ güýji bilen Eýýubylar öz güýçlerini ýokary galdyrypdyrlar. Şol wagtda Siriýanyñ we Müsüriñ taryhy annallarynda (ýyl ýazgylarynda) emir Muizz Izzeddin Aýbeg et-Turkmanyñ ady peýda bolýar. Aýbeg Türkmeniñ horezm goşunynyñ düzüminde gelen bolmagy ahmaldyr. Emma welin, ''Soltan az-Zahir Beýbarsyñ durmuş beýany'' atly orta asyr arap halk romanyna laýyklykda, Aýbeg Mosulyñ (Yrakda) hökümdary bolupdyr we hatda Müsüre harby ýöriş hem edipdir, emma agyr keselden soñra goşuny bilen Müsür soltanyna gulluk etmäge geçmegi makul bilipdir. Mälik salyh Aýbeg döwründe Müsüriñ iñ abraýly emirleriniñ biri bolupdyr. Oña soltan barka oturmak rugsat edilipdir we hatda onuñ üçin aýratyn köşk hem berlipdir(21).
Haçanda 1248-nji ýylda fransuz koroly Lýudowik IX (1226-1270-nji ýý.) haç göterijiler bilen bilelikde Müsüriñ ýerine baranynda, Aýbeg ýewropaly rysarlary derbi-dagyn etmäge işjeñ gatnaşypdyr. Diñe bir 12 müñ haç göterijiler däl, eýsem Lýudowigiñ özi, korolewa Maragarita we korolyñ dogany Alfons hem ýesir düşüpdirler.
1250-nji ýylyñ ýazynda Mälik Salyh ýogalýar we onuñ aýaly ㅡ türkmen zenany Şajarat at-Durr Eýýubylaryñ köp sanly wekili dinastiýanyñ häkimini bermek islemän, türkmen we gypjak mamlük esgerleriniñ goldamagy bilen özüni Müsüriñ hökümdary diýip yglan edýär. Şeýlelikde, ''faraonlaryñ ýurdunda'' köp ýüzýyllyklaryñ dowamynda mamlük soltanlarynyñ häkimiýeti bolýar. Döwletiñ atabegi (ýagny goşunyñ baş serkerdesi) diýip emir Aýbeg ykrar edilýär.
Täze Atabeg soltanyñ Kala Jabala köşgüne gelýär we öz wezipesine girişýär. Aýbeg haç götürijileri doly ýok edýär we çozmak gorkusyny aýyrýar. Şajarat at-Turruñ buýrugy bilen ýesir düşen fransuzlaryñ boşadylmagy uly waka bolupdyr. 40 müñ tylla dinar töläp, Fransuz öz korolyny, onuñ garyndaşlaryny we rysarlaryny Müsürden alyp gidýär. Haçanda soñky haç göterijiler döwletiñ çäginden çykanynda, Müsürde toý başlanýar.
Şol wagtda, bagdat halyfy Gündogar musulmanlaryny soltan zenanynyñ garşysyna küşgürýär we ondan Eýýubylara tagty gaýdyp bermegi talap edýär. Musulman döwletini zenanyñ dolandyrýandygyna gahar edip, halyf müsürlileriñ mertebesini peseldip, eger olaryñ ýurdunda erkek adam tapylmasa, Müsüre erkek adamy ibermegi söz berýär.
Emma mamlükler şeýle edýärler. Aýbeg Şajarat at-Durra öýlenýär. 1250-nji ýylyñ 31-nji iýulynda ol hökümdaryñ borçlaryny öz üstünden aýyrýar. Ähli türkmen hökümdarlary we mamlükler, olaryñ arasynda geljekgi beýik soltan Beýbars hem bolupdyr, Aýbegi Müsüriñ soltany diýip yglan edýärler. Emirler we han-begler Aýbeg Türkmeniñ öñünde iki hatara düzülip, baýdaklaryny açypdyrlar. Olar oña soltanyñ geýimlerini geýdirip, ata mündürdipdirler. Surnaýlar çalnyp, deprekler kakylypdyr. Aýbeg öz egindeşleriniñ öñünden geçeninden soñ, her bir emir oña wepadarlyk kasamyny içipdir. 1250-nji ýylyñ awgustynyñ başynda ''Al-malik al-muizz Aýbeg at-Turkmen (Şöhratlandyrýan hökümdar Aýbeg Türkmen'') ady bilen tagta geçipdir (22).


(dowamy bar)

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir