Britan alymlary koronawirusa garşy waksinany haýwanlarda synag etmäge taýýar

Beýik Britaniýanyň alymlary koronawirusa garşy synag waksinasyny döretdiler, diýip Trend TASS agentligine salgylanyp habar berýär.

Sky News britan teleýaýlymynyň habar berşi ýaly, waksina haýwanlarda synag edilmäge taýýar. Tomusda bolsa, adamlarda synag işleri geçirilip bilner.

«Standart çemeleşmeler peýdalanylanda, kliniki synaglar geçirilýänçä azyndan iki ýa-da üç ýyl geçýär. Bize welin, waksinany barlaghanada 14 günüň içinde döretmek başartdy» - diýip, Londonyň imperial kollejiniň professory Robin Şettok teleýaýlyma habar berdi. Ol öz alymlar toparynyň bu ugurda uly öňegidişlik edendigini tassyklaýar.

R.Şettogyň aýtmagyna görä, barlaglaryň dowamly tapgyrynyň zerurlygy sebäpli, waksina netije berse hem, Hytaýda ýaýran 2019-nCoV koronawirusa garşy heniz gutarnykly taýýar bolup bilmez.

«Eger-de pandemiýa başlansa, wirus dünýä boýunça ýaýrasa hem ötä giç bolmaz. Biz heniz hem şu wagtky epidemiýa barada köp zatlary bilemzok. Şonuň üçin hem ol, dümew bilen bolşy ýaly, tomusda pese düşüp başlap biler. Epidemiýanyň ikinji tolkuny bilen has global möçberde ýüzbe-ýüz bolmak howpy bar. Şonuň üçin hem şol pursata çenli oňa garşy waksina edinmek örän möhümdir» - diýip Şettok belleýär.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir