Çöregiň iki tarapyndan döwseň, rysgalyň kemelermiş.
Döwen çöregiňi görmän, ýene çörek döwseň myhman gelýär diýlip yrym edilýär.
Saçakda çöregi tersligine düňderip goýsaň, rysgalyň kemelermiş.
Tamdyrda çörek ýapýarkaň, hamyryň bir tarapy gyşarsa, çörek ýapýan zenanyň gybaty edilermişin.
Tamdyryň, ojagyň, saçagyň, hamyryň başynda saç darasaň günä bolýar.
Toýa jübt, ýasa täk çörek alyp gidilýär.
Çörek eliňden gaçsa ýa-da çörek almak üçin iki adam elini uzatsa myhman gelýär.
Çöregi ýeke eliň bilen döwseň günä.
Çöregiň üstünden ätlemek, basgylamak uly günä hasaplanýar.
Hamyr edip otyrkaň, hamyr syçrasa garyndaşyň görme-görşe gelýär diýlip yrym edilýär.
Panturkist 4 years ago- "Tamdyrda çörek ýapýarkaň, hamyryň bir tarapy gyşarsa, çörek ýapýan zenanyň gybaty edilermişin" şuny gowy tapypdyrlar )))