"Armanym galdy"

Zübeýda naçarym diňle
Kalbymda armanym galdy
Gözlerimden akdyrdym ýaş
Zemine bak, ganym galdy.

Bilbilem çekmişem zary
Sowuldy yşkyň bazary
Uruldy hijran hanjary
Aglap Meňli hanym galdy.

Günbe-günden derdim artyp
Ýörmedim jahany ýortup
Zähmet çekip, azar tartyp
Düzdügim destanym galdy.

Magtymguly, gara ýüzüň
Diňlemezler zaryn sözüm
Zübeýdam, ýaşlasaň gözüň
Harytsyz dükanym galdy.

Awtor:näbelli
Taýarlan:Arslan_Alayew

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir