Noutbugyňyzy zyýan ýetirip biljek zyýanly endikler

1. Kompýuteri ýorganda ýa-da ýumşak mebelde goýmak. Noutbuklar ýylylygy köp goýberýärler. Noutbuk gaty ýerde duranda, meselem, stolda, onuň aşagyndaky hem-de gapdalyndaky wentilýasion deşikleri açyk bolmak bilen howa akymlaryny erkin geçirýärler. Ýöne siz işleýän noutbugyňyzy özüňiz bilen ýatylýan ýeriňize alanyňyzda ýa-da ony diwanda goýanyňyzda, ýumşak ýorgan ýa-da ýassyk gözenekleri ýapyp bilýär, bu bolsa noutbugyň aşa gyzmagyna getirýär.

2. Noutbugy gyzma sezewar etmek. Noutbugyňyzy has ýyly ýerlerde goýmaň – meselem, aýnanyň öňünde ýa-da awtomobiliň salonynda Gün şöhlesiniň göni düşýän ýerinde. Şeýle-de, gyzdyryjy lampalaryň we radiatorlaryň ýanynda.

Birinjiden, bu noutbugyň «demiriniň» gyzmagyna we onuň hatardan çykmagyna getirýär. Ikinjiden, örän ýokary temperaturanyň netijesinde gurluşyň plastik bölekleri eräp bilýär.

3. Gurluşy güýçli yrgyldatmak. Eger-de siz noutbugy bir ýerlere äkidýän wagtyňyz yrgyldatsaňyz ýa-da ony gaharlanyp silkseňiz, onda siz çeýe diske zyýan ýetirersiňiz. Güýçli yrgyldama berk apparatlara (SSD) düýpli zyýan ýetirmez, ýöne mehaniki gaty diskler (HDD) oňa ejiz gelýändir.

Eger-de siz içindäki zatlary ýitirmek islemeseňiz, onda noutbugy ondan-oňa tertipli geçiriň we ony işläp duran wagtynda güýçli yrgyldatma sezewar etmäň.

4. Arassalamagyp zerurlygyna ähmiýet bermezlik. Ir-u-giç islendik noutbuk minimal işlemede-de wentilýatorlaryny agyr aýlap, reaktiw hereketlendirijiniň güwwüldisine meňzeş sesi çykaryp başlaýar. Bu «kömek baradaky ses» noutbugyň içini tozandan ýa-da beýleki hapalardan arassalamagyň wagtynyň gelendigini aňladýar.

5. Noutbugy displeýinden galdyrmak. Köp adamlar açyk noutbugyny bir ýerden başga ýere geçirjek bolanlarynda ony gapagyndan galdyrýarlar. Şeýle etmek nädogry. Birinjiden, şeýle etmek bilen noutbugyň ýokarky bölegini aşaky bölegi bilen birleşdirýän halkalara zyýan ýetirilýär. Ikinjiden, siz noutbuklaryň matrisalaryny barmagyňyz bilen gysýarsyňyz.

6. Gapagyny tarkyldadyp ýapmak. Noutbugy seresaply ýapmazlyk bilen siz halkalaryň zaýalanmagyna ýa-da ekranyň döwülmegine getirip bilersiňiz.

7. Gapagyny bir tarapyndan açmak. Bu noutbugyňyzyň gapagynyň halkalaryny ir-u-giç hatardan çykarjak zyýanly endikdir. Eger-de siz ekrany işe ukyply ýagdaýda uzak wagtlap saklamak isleýän bolsaňyz, onda noutbugyň gapagyny bir tarapyndan açmaň.

8. Gurluşy bir eliň bilen saklamak. Ýapyk leptopy barmaklaryň bilen ýokarsyndan we aşagyndan tutup, bir eliň bilen saklamak arkaly siz korpusy we matrisany güýçli basma getirýärsiňiz. Şeýle tutulyşy ulanýan adamlar soňra ekranyň şol basylan ýerinde gara nokadyň nireden peýda bolandygyna düşünip bilmeýärler.

9. Golaýynda kofe içmek. Tehnikanyň döwülmeginiň esasy sebäpleriniň biri – oňa suwuklygyň düşmegi. Eger-de noutbuga suw dökülse, onda onuň işlemegine mümkinçilik bar. Emma şeker düzümli içgiler toplumlaýyn gurluşy aňryýany bilen hapalarlar we okislendirerler, netijede remont gerek bolar.

10. Klawiaturanyň üstünde iýp-içmek. Haçan-da siz leptopyň üstünde bir zatlar iýeniňizde, onuň klawiaturasy we içi owuntyklar bilen dolýar. Bu sowadyjy sistemanyň netijeliligini peselder ýa-da owuntyklar içine şowsuz düşen ýagdaýynda mehaniki böleklere zyýan ýetirer.

11. Noutbugy zyňmak. Zyňmalar we çaknyşmalar gurluşyň korpusy üçinem, onuň içi üçinem howply. Şonuň üçin noutbuklara gödek çemeleşmek ýa-da ony kiçi çagalara bermek gerek däl.

Ýatda saklaň, siziň noutbugyňyz sport topy däl. Muňa garamazdan, käbir adamlar başgaça pikir edýär. Meselem, Met Nanneri noutbugy 24,48 metre zyňmak bilen dünýä rekordyny goýdy.

12. Batareýi soňky derejä çenli zarýadsyzlandyrmak. Akkumulýatory nola çenli çökermek zyýanly, şonuň üçin noutbugy minimum 20% zarýadda tora birikdiriň.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir