Adamyň häsiýetini onuň telefony ulanyşyndan bilmek bolýar
Häzirki zaman dünýäsinde adamy smartfonsuz göz öňüne getirmek kyn. Bu gajet tutuş dünýä boýunça adamlaryň köp bölegi tarapyndan günde peýdalanylýar. Psihologlar adamlaryň telefony ulanyşyndan onuň häsiýetiniň käbir taraplaryny anyklamagyň mümkindigini nygtaýarlar. Munuň üçin synçylygyňy peýdalanmaly.

Adamlaryň siz bilen telefonda gürleýşine üns beriň:

- eger-de adam siz bilen diňe özi jaň eden ýagdaýynda keýpli gürleşýän bolsa, onda siziň öňüňizde diňe öz gyzyklanmalary boýunça hereket etmegi öwrenen egoist dur;

- eger-de adam telefony alanyndan «allo» diýip gürleýän bolsa – onda siziň öňüňizde iş boýunça gürleşmegi makul hasaplaýan jogäpkärli we sabyrly şahs bar;

- «diňleýän» – ofislerde işleýän tertip-düzgünli we özüne ýokary baha berýän adamlar köplenç şeýle jogap berýärler.

- «aragatnaşykda» – bu aýgytly we biraz agressiw adamlaryň jogaby.

Ýaňy-ýakynda Melburn tehnologik uniwersitetiniň alymlary gyzykly derňew geçirdiler. Olar mobil gurluşlaryň ýerini üýtgedijiligine gözegçilik edýän akselerometrleriň maglumatlaryny öwrendiler we gajetiň görkezijileri bilen olaryň ulanyjylarynyň häsiýetleriniň arasyndaky baglanyşygyň bardygyny anykladylar.

Ine, geçirilen barlagyň esasy netijeleri:

1. Eger-de aýallar telefonlaryny ýygy-ýygydan, esasan hem, gijelerine barlap durýan bolsalar, bu olaryň emosional taýdan durnuksyzlygyny görkezip biler. Şol bir wagtda emosional taýdan durnuksyz erkek adamlar öz gajetlerine her 5-10 minutdan, ýöne ertirine we gündizine seredip durýarlar.

2. Duýgudaşlyga ýykgyn edýän hoşniýetli aýallar jaňy kabul etmä derek, özleri köp jaň edýärler.

3. Introwertler smartfony agşama ýakyn maksimum ulanmagy makul bilýärler, ekstrawertler bolsa gajetiň ulanylmagynda anyk tertibe eýe däl.

4. Beýlekilere kömek etmeklige çalyşýan hoşniýetli adamlar smartfonlary dynç günleri we iş günlerinde agşamlaryna köp ulanýarlar.

5. Berk düzgünli adamlar günüň dowamynda şol bir nomere ikilenji gezek hem jaň etmeýärler.

Bilim, 12 tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir