Eger-de irden oýanmak kyn düşýän bolsa, onda öz adaty ýaşaýyş ýörelgäňizi biraz üýtgetmeli.

Hroniki taýdan ukyňy gowy almazlyk, gan basyşy, nerw ýa-da fiziki taýdan gowşama irdenki ýadawlyga getirip bilýär. Şonuň üçin irdenki ysgynsyzlygyň we parhsyzlygyň keseliň alamaty däldigine we şeýle ýagdaýyň diňe käwagtlar ýüze çykýandygyna ilki göz ýetiriň. Bu barada «Здоровье 24» neşiri habar berýär.

Nädip ýeňil oýanmaly?

1. «Rehimsiz», ýöne täsir ediji maslahat: budilnigiň jyňňyrdysyny öçürmäň! On minutlap turmaga garşy çykjak bolup kösenmek, bu size güýç bermez. Lukmanlaryň belleýşi ýaly, oýananyňdan soň hem ýene irkilmek bilen biz köplenç, has çuň uka gidýäris, netijede günüň hem kynlyk bilen başlanýar.

2. Şeýle nazaryýet hereket edýär: irden dokuz minutlap aýak üstünde durmaly, şonda siz ukyňyzdan açylarsyňyz. Iň bolmanda, bäşden başlaň: öýüň içinde gezmeläň, ýüzüňiziň derisine ideg ediň ýa-da ýylyjak duşa giriň, çaý ýa-da kofe demleniň, öý haýwanyňyz bar bolsa olar bilen birneme güýmenip bilersiňiz.

3. Suw içiň. Käbir adamlara bu endigi özleşdirmek ýaramaýar, ýöne köp adamlaryň bolsa bu peýdasyna. Gijeki dynç alyşdan soň suw balansyny dikeldiň, şonda organizm ýaşaýyş üçin güýç alar. Ir bilen suwy litrläp içmek gerek däl, ilki bilen bokurdagyňyzy birnäçe owurtlama bilen ölläň.

4. Arkaýynlyk bilen edilýän birnäçe maşklary ýerine ýetiriň. Sport gujur berýär, muňa bolsa diňe şahsy tejribäňde göz ýetirmek bolýar.

5. Irdenki duşuşyklar we edilmän galyp barýan işler biz dok bolan ýagdaýymyzda has ýeňil amala aşyrylýar. Esasy zat – aşa doýmaly däl, ýogsam, işeňňirlige derek ysgynsyzlyk we ukuçyllyk geler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir