Türkmen dzýudoçylary Tel-Awiwde geçirilen Gran-pri ýaryşyna gatnaşdylar
Türkmen türgenleri 23 ― 25-nji ýanwar aralygynda Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinde geçirilen dzýudo boýunça Gran-Pri ýaryşyna gatnaşdylar.

20 ýaşly türgen Hakberdi Jumaýew bäşinji orny eýeläp, oňat netije görkezdi. Ol ysraýylly we ukrainaly türgenlerden üstün çykyp, ýaponiýaly bäsdeşinden asgyn geldi. Deslapky tutluşykda türkiýeli Salyh Ýyldyzdan asgyn gelen ildeşimiz bürünç medala ýakynlaşdy.

52 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan 28 ýaşly türgen Gülbadam Babamuradowa bolsa ilkinji tutluşygynda fransiýaly Astrid Nýetodan ýeňlip, medala barýan ýoly dowam etdirip bilmedi.

Tel-Awiwde geçirilen Gran-pri ýaryşyna 83 döwletden 548 türgen gatnaşdy. Olaryň 315-si erkekler, 233-si zenanlardyr.

Bilim, 12 tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir