Mähriban Siz! Gahryman Siz Arkadag!
Sizi dünýä beren Ol Enä tagzym!
Perişde dek nurana Siz Arkadag!
Sizi dünýä beren Ol Enä tagzym!

Siz dünýä inende gün gülüp bakan.
Bulutlar syrylyp dünýä nur saçan.
,,Il ogly bol’’ diýip ak pata beren.
Sizi dünýä beren Ol Enä tagzym!

Mährin beren Eneň Watan käbesi.
Ol mähriban Ataň Watan kyblasy.
Siz olaryň hakdan berlen balasy.
Sizi dünýä beren Ol Enä tagzym!

Gadam basan ýeriň gülzara döner.
Nazar salan ýeriň Erembag bolar.
Size mydam dört Çaryýar ýar bolar.
Sizi dünýä beren Ol Enä tagzym!

Arkadagym bize gülüp bakdyňyz.
Ajap zamanany sowgat etdiňiz.
Bu gün biziň bagtymyzy gördüňiz.
Sizi dünýä beren Ol Enä tagzym!
Sizi bize beren Ol Käbä tagzym!

Bilim, 12 tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir