Howlymyzda bir erik
Ösüp, burçy baglap dur.
Gije sowuk bolansoñ,
Çuw-ak burjy baglap dur.

Ertir irden Gün çykyp,
Gök asmana galansoñ,
Birazajyk ýylanyp,
Keýpi oñat bolansoñ,
Boýy ullakan erik
Begenjinden ýaş döküp,
Çyny bilen aglap dur.







Atamyrat ATABAÝEW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir