Gyşyñ güni

''Gyşyñ güni kyrk tüýsli.
Kyrkysy-da gylyksyz''
Ýöne welin, siz oña,
Diýmäweriñ gyzyksyz.

Gyşyñ gary bereket,
Dag, depe hem düz üçin.
Oýun, gülki, hereket,
Hem hezillik biz üçin.

Diýmäñ gyşa gyzyksyz,
Oýnaýas garda taýyp.
Howa tämiz, arassa,
Gyşyñ güni ajaýyp.

Ýakalarmyz ýyrtylyp,
Gelsek öýe iliksiz,
Bil, eje, günümiziñ
Geçemeýänin çiliksiz.

Atamyrat ATABAÝEW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir