Gartaşan är-aýalyň seksual gatnaşyklary



Är-aýalyň seksual gatnaşyklary soňky döwürde köp gozgalýan meseleleriň biri. Emma şeýledigine garamazdan, bu mesele baradaky maglumatlara her kim birhili düşünýär. Şonuň ýaly temalaryň biri-de gartaşan är-aýalyň seksual gatnaşygydyr. Öňki wagtlarda gartaşan ýaşdaky adamlary bu mesele gyzyklandyrmaýardy. Ol gyzyklandyrmaly däl hasaplanylýardy. Eýsem-de bolsa, gartaşan ýaşdaky adamlarda seksual gatnaşyga näme päsgel berýär hem-de ony nädip uzaltmaly?
Oňa bolan isleg näme üçin peselýär?
Gartaşylan ýaşda göräýmäge, indi özüň ýaşabermeli ýaly. Sebäbi çagalar ulaldy, özbaşdak boldy. Öňküler ýaly olara gözegçilik etmek üçin köp wagtyňy sarp etmeli däl. Şeýle-de bolsa, näme üçindir geçilen ýollar, öňki söýgi ýatlanylýar. Ýöne, seksual gatnaşyk hakynda köp pikirlenilmeýär. Saglygam ýaşlykdaky ýaly däl.
Seksual gatnaşygyň gowşamagynyň sebäpleri köpdür. Lukmançylyk tarapdan alyp görsek, arakesme, agyr somatiki keseller, är-aýalyň arasyndaky oňşuksyzlyk, aýalyň sowuk-salalygy, damarlaryň sklerozlary, arakhorluk, neşekeşlik, çilimkeşlik, käbir dermanlary uzak wagtlap ulanmak seksual gatnaşygy kynlaşdyrýar.
Eger-de seksual gatnaşyk saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly gowşan bolsa, ony bejerip bolýar. Seksual gatnaşyk etmekden psihologiki taýdan ýüz öwrülen bolsa, onda onuň gartaşan ýaşdakylaryň özlerine bagly däl bolmagy-da mümkin. Fiziologiki sebäpleri
Seksual gatnaşygyň gowşamagynyň esasy sebäbi erkeklere hem-de aýallara mahsus bolan testosteron gormonynyň bölüp çykaryşynyň peselmegi bilen bagly bolýar. Aýalyň klimaks döwründe testosteron gormonynyň bölüp çykaryşynyň peselýändigi barada birnäçe maglumatlar bar. Emma erkekleriň klimaks döwründe welin, gormonyň bölüp çykaryşynyň peselýändigi barada maglumat az. Muňa garamazdan, fiziologiki klimaks erkeklerde-de, aýallarda-da ýüze çykyp, olaryň ikisiniň hem şol döwürde seksual gatnaşyga bolan islegi azalýar. Eger-de klimaks patologiki bolup, agyr geçse, ol hökmany suratda barlanylyp, bejerilmelidir. Seksual gatnaşyga bolan öňki islegi nädip döretmeli?!
Ilki bilen seksopatolog lukmana ýüz tutup, seksual gatnaşygyň näme üçin gowşandygyny anyklamaly. Seksual gatnaşyga islegiň azalmagyna impotensiýa, somatiki kesellerinde ulanylýan käbir dermanlar sebäp bolup bilýär.
Seksual gatnaşyklara bolan höwesi artdyrmak, klimaksyň täsirini peseltmek üçin köpräk seksual gatnaşyk etmek maslahat berilýär. Seksual gatnaşygyň dowamly, uzak wagtlap bolmagy üçin ony yzygiderli amala aşyrmaly.
Bilşimiz ýaly, köplenç halatda daşary ýurt meşhur aýdymçylary, kino artistleri ýaşy birçene baranda-da, ýaş-ýeleňler bilen toý edýärler. Olar ep-esli ýaşasa-da, ýaşlar bilen baş birikdirip, ýene ýaş boljak bolýarlar. Ýaşlar bilen günüň şagalaňly geçişi ýaly, özlerinde öçüşip barýan seksual islegiň-de täzeden artjakdygyna, güýçlenjekdigine göz ýetirýärler. Elbetde, her ýeriniň, her kişiniň öz ýaşaýşy, öz medeniýeti bar. Daşary ýurtlarda lukmanlar-da ýaşy birçene baran adamlar bu mesele bilen ýüz tutanlarynda, olara ýaş-ýeleňler bilen baş birikdirseler seksual isleginiň we ukybynyň ýene artjakdygyny aýdýarlar. Munuň özi ýaş bolsun, ýaş bolmasyn, seksual ukybyň işjeňleşmegi üçin ýanýoldaşyň ýakymly hem hyjuwly bolmagynyň möhümdigini aňladýar.
Bu meseledäki aň-düşünjäňi, bilimiňi artdyryp durmaly. Yzygiderli seksual gatnaşyk edýän adam, başda onuň peýdasyny bilmese-de, soňa-baka ol diňe bir lezzet bermän, oňa bolan küýsegi çalt hem-de köp döredýär. Bu hem adamyň umumy sagdynlygyna oňyn täsir edýär.


Artyknur Nohurow,
Aşgabat Nohurow

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir