Seksual işjeňlik
Seksual gatnaşygyň iki maksady bolýar, biri nesil dowam etdirmek bolsa, beýlekisi lezzet almakdyr. Ýigitdir gyzlar baş birikdirende tebigy halda birek- biregiň owadanlygyna, näzikligine, mylaýymlygyna, görmegeýligine, sagdynlygyna, gujur-gaýratlylygyna üns berýärler. Sebäbi bu geljekki nesliň görmegeýligi, sagdynlygy hem-de är-aýalyň durmuşynyň isleglerine görä, süýjülikli geçmegi barada edilýän arzuw-alada bilen baglanyşyklydyr. Saýlap-seçip maşgala gurmagyň är-aýal durmuşynda wajyp bolan seksual gatnaşykda-da ähmiýeti uludyr.
Ähli janly jandarlar hem seksual gatnaşygyň öňýanynda ysgaşyp-oýnaşýarlar. Erkekler hem edil şonuň ýaly zenana ýanaşmazdan öň söhbetdeş bolup, bir-birine göwün göteriji, mähirli sözleri aýdyp, kalbyny götermeli. Gyjynýan (errogen) ýerlerini sypaň-sermeň edip, ogşaşdyryp, mazaly gyjynma barjak derejesine baranda, seksual gatnaşyk başlanylsa, iki tarap hem hezil edip lezzet alýarlar. Seksual gatnaşyk mahalynda iki tarap hem lezzet almak üçin gerek bolan ýagdaýynda özlerine oňaýly pozany saýlap almaly. Ýene-de bir bellemeli zat, eger- de erkek adam tiz gyjynagan bolup, ýoldaşyna lezzet berip bilmese, onda erkek başga bir zada ünsüni bölüp, hereketini haýallatmaly. Şeýle etmek bilen seksual gatnaşygyň wagtyny uzaldyp, lezzet alyp bolar. Erkek kişi «ýüküni ýeňlendenden» soň, biparh ýagdaýa düşýär. Şondan soň ukybyna görä, sowuk-salalar – «islegi pesler» seksual gatnaşygy dowam etdirmeýärler. Ukyplylary, aýaly işjeňleri bolsa, ýene-de yzly-yzyna seksual gatnaşygy dowam etdirmäge höwesli bolýarlar.
Durmuşda bolan bir waka barada durup geçeliň. Bir erkek adam dostuna aýalynyň oňa soňky wagtda sowuk-sala garaýandygy barada arz edýär. Dosty ondan aýaly bilen arasyndaky seksual gatnaşygyň nähili ýagdaýdadygy barada soranda, ol oňa «ugrum ýok, hepdede bir-iki gezek ýanaşaýmasam kän bir islegim ýok» diýip, jogap berýär. Dosty oňa: «Munyň-a bolmaýar. Iň bolman-da her gün bir ýanaşmaly» diýýär. Ol hem soňra dostunyň aýdyşy ýaly edýär. Aýaly ony ertesi irden ýuwaşlyk bilen, süýji sözler aýdyp turuzýar. Ol aýalyna ýüzlenip: «Saňa näme boldy, nahar bişip dur, öý-içeri gül ýaly, diliňem süýjäpdir» diýip soranda, aýaly oňa: «Sen nähili bolsaň, men hem şonuň ýaly» diýipdir.
Seksual gatnaşyga hyýallanan mahaly iki tarap hem süýji-lezzetli pursatlary göz öňüne getirip, birek-birege hyjuwly, ynamly ýakynlaşmaly. Käbir aýallarda erkek kişini görenden ýa-da seksual gatnaşyga başlap-başlamanka olaryň uýat ýerleri mazaly çygjarýar. Şeýle aýallar uýat ýerlerini bir-iki sapar marly bilen süpürmeli. Şonda sürtülme netijesinde iki tarap hem gowy lezzet alýar.
Adaty ýagdaýda erkek kişiniň seksual gatnaşygynyň uzaklygy 1-nji gezeginde 3 minuda çekse, käbirinde 1 minut, ýene birinde 5 minuda çenli çekýär. Soň yzyndaky 2-nji ýanaşygyň uzaklygy 7-10 minuda çekse, ondan soňkulary has hem uzaga çekýär.
Erkek kişiniň nebsi çaltlaşyp biler, haçan-da:
– birnäçe wagtlap aýal maşgalany görmedik ýagdaýynda; – nerwisi çalt gyjynýanlarda; – çalt hereket edilende;
– aýal maşgalanyň uýat ýerleri guraksy bolup, sürtülme gowy geçende; – aýal maşgala höwesli hereket edende.
Onuň tersine erkek kişiniň nebsi haýallap biler, haçan-da: – aýal maşgala hereket etmän, passiw bolanda;
– erkek kişi haýal hereketlenende ýa-da arasyny kesip hereket edende; – psihoaktiw serişdeler ulanylanda:
– jyns mäzleriniň önümleriniň ýetmezçiliginde;
– aýal maşgalany erkek kişiniň sulhy almadyk ýagdaýynda; – aýal maşgalanyň uýat ýerleri aşa çyg bolanda.
Seksual gatnaşygyň arasynyň ýygjamlygyna getirýän oňyn ýagdaýlar: – aýal maşgala mährem bolup, sypaň-sermeň edip, işjeň bolanynda; – ep-esli wagt bäri seksual gatnaşykda bolmadyk ýagdaýda; – nesilden geçiş ukyby ýokary bolanda; – ruhubelentlikde;
– «Az iý, uz iý» diýlişi ýaly, gurplandyryjy iýmitler iýlende. Seksual gatnaşygyň seýrekligine getirýän ýagdaýlar: – nesilden geçiş ukybynyň gowşagrak bolmagy – aýal maşgalanyň düşekde sowuk-sala bolmagy; – jyns mäzleriniň önüminiň ýetmezçiligi;
– erkek kişiniň aýal maşgalany sulhy almazlygy; – ruhy peslik.
Häli-şindi ýanaşmaklyk, esasan, nesilden geçiş ukyby güýçli erkeklerde, aýal maşgala işjeň bolanda, 17-27 ýaşlarda gije-gündiziň dowamynda 9-18 gezege çenli ýetýär. Ýanaşmaklyk ýygjamlygy 30-40 ýaşlarda 8-e, 40-50 ýaşlarda 6-a, 50-60 ýaşlarda 4-e, 60-70 ýaşlarda 2-ä, 70-80-de günaşa ýa-da ikaşa, 80-90-da hepdede 1- e çenli gelýär.
Ýanaşmaklyk nesilden geçiş ukyby aram erkeklerde, aýal maşgala işjeň bolanda, 17-27 ýaşlarda gije-gündiziň dowamynda 6-8 gezege ýetýär. 30-40 ýaşlarda onuň sany azalyp, 3-4-e, 40-50 ýaşlarda 2-3-e ýetýär, 50-60 ýaşlarda 1-2-ä gelýär, 60-70 ýaşlarda ikaşa, 70-75-de aýda 1-2-ä gelýär.
Ýanaşmaklyk nesilden geçiş ukyby peslerde, aýal maşgala işjeň bolanda, 17- 27 ýaşlarda gije-gündiziň dowamynda 1-2, 30-40 ýaşlarda onuň sany azalyp günaşadan, ikaşadan 1-e gelýär, 50 ýaşlarda aýda 1 gezek bolýar. Bu erkekler ortaça 50 ýaşdan soňra seksual gatnaşykdan galýar.
Aýal passiw bolanda, nesilden geçiş ukyby güýçli erkekleriň seksual hyjuwlylygyny aramlaryňky ýaly ýagdaýa getirýär. Aramlaryňkyny pesleriňki ýaly ýagdaýa getirse, nesilden geçiş ukyby pesleri bolsa, 40 ýaşa ýetmän seksual gatnaşykdan galdyrýar.
Munuň özi seksual gatnaşykda zenanlaryň näz-kereşmeli, ukyply, taýýarlykly bolmagynyň möhümdigini aňladýar. Zenanlaryň öz mylaýymlygy, dürli näzleri bilen erkegi öz jadysyna salyp bilýändigi öňden mälimdir. Zenan jadysy erkege güýç-kuwwat, hyjuw, gujur berýän täsin gudratdyr.




Artyknur Nohurow,
Aşgabat Nohurow

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir