Çagajyklar oýnamana çykdylar
Çykdylar hezillik gar ýagýar diýip
Şatlandylar ,oýnadylar,bökdiler
Asmandan zemine nur ýagýar diýip

Saňa ýaş kalbymda gyzgyn söýgi bar
Ak gar adamlara paýlaýar bagty
Ýagsana ,ýagsana ,ýagsana ak gar
Ýene -de ýagsana ýagmaly wagty

Akja ýelek kimin akja tozgalar
Gaýmalap -gaýmalap gaçýar zemine
Kalbyň joşa gelip göwniň gozgalar
Ak nur ýagýar şatlyk paýlap her ile

Ýene -de gar ýagýar ,dünýe agarýar
Ak gar ýagan wagty ,ýollaryň ýagty
Ýagsana ,ýagsana ,ýagsana ak gar
Ýene -de ýagsana ýagmaly wagty

Gerçeknazar Amannazarow

Çeşme :https://eserler.weebly.com

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir