Moskwa, 22-nji ýanwar.
Sank-Peterburgyň ýaşaýjysy Kseniýa Werbiskaýa şu ýylyň “Mrs. Universe – 2020” (Миссис Вселенная — 2020) ýeňijisi boldy diýip, onuň Instagramdaky sahypasynda aýdylýar.
Bu titulyň eýesi 43 ýaşynda, 4 çagasy bar. Ol argentin tango tansy bilen meşgullanýar we edebiýat bilen gyzyklanýar.
“Dünýäniň ähli ýerinden gelen owadan zenanlar – köp sanly gatnaşyjylar bardy. Eminlere ýeňijini saýlamaklygyň nähili kyn düşenini aýdyp diýer ýaly däl. Meni öz maşgalam, dostlarym goldadylar we ruhlandyrdylar. Men rus zenanlarynyň nähili owadanlygyny, daşky gözelligini, içki garmoniýasyny, kärini we eneligini utgaşdyryp bilýändigini bütin dünýä görkezip bilenime diýseň begenýärin” diýip, Werbiskaýa “RIA Nowosti”-a beren interwýusynda aýtdy.
Geçen ýyldaky “Миссис Вселенная - 2019” ýeňijisi Gazagystanly Leýla Guljanowa.
“Миссис Вселенная”(Mrs. Universe) –durmuş guran zenanlar üçin sahnalaşdyrylan halkara gözellik konkursy. Gurnaýjysy - «Мисис Юнивърс» ЕООД — «Mrs. Universe LTD» bolgar kompaniýasy.

Täzelikler, htkursant tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir