Undulmajak eken mekdep ýyllary
Oýnap -ýaýnap geçirerdik günleri
Partadaşa gowşurardyk gülleri
Ah çagalyk ýyllary

Ýürejikden dolar ýaşlyk depderi
Iki arada gatnar söýgi hatlary
Gijelerne bolsa alagalmalar
Goňşylaryny ýatyrmazdy itleri

Gündizlerne ogrun -ogryn seredip
Goýardyň sen ýaş kalbymy eredip
Aýlanardym arzuwlarda armansyz
Gülzadaň şanyna şygyr döredip

Ine şeýdip ýetdik ýetginjeklige
Uçrum bolup uçup gitdik çar ýana
Gyzgyn mähre ganmady hiç göwnimiz
Gezdik munda ne sagat ne diwana

Gynanma Gerçegim ,baksana bu gün
Ýaz şemaly ýaýkap geçýär gülleri
Göwre garrasada garramaz göwin
Undulmajak eken mekdep ýyllary

Gerçeknazar Amannazarow

Çeşme : https://eserler.weebly.com

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir