Gyş paslynyň häzirki günlerinde pagtaçy daýhanlarymyz ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Şunlukda ýer eýeleri özlerine berkidilen ýerlerde suw tutmak, atyzlaryň gyra-töwereklerini guran ot-çöplerden arassalamak işlerini dowam etdirýärler. Bu işleri etrabyň öňdebaryjy hojalyklarynyň hatarynda tanalýan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Akderýa» daýhan birleşiginde has-da guramaçylykly ýola goýlan.
Hojalyk boýunça 1200 gektar ýere gowaça ekmek göz öňünde tutulýar. Bu hojalykda pagtaçylyga ýöriteleşdirilen 14 sany kärendeçiler topary bolup, olaryň her birine öz işine ezber tejribeli adamlar ýolbaşçylyk edýärler. Olar kärendeçi daýhanlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, möwsümleýin agrotehniki işleriň talabalaýyk geçirilişine pugta gözegçilik edýärler. Häzirki wagtda Sapargeldi Sähedow, Allabaý Hanbaýew, Kuwwat Begmenow, Döwran Ýalkapow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 3,4,9,11-nji kärendeçiler toparlarynda suw tutmak işleri dowam edýär. Her bir damjasy altyna deňelýän suwuň isrip edilmezden, bellenen mukdardaky ýerleriň suwarylmagyna daýhan birleşigine berkidilen mirap Agabaý Atageldiýew aýratyn ähmiýet berýär. Her gün 20-25 gektar ýere suw tutmak işleri geçirilýär. Agrar partiýanyň etrap komitetiniň işgärleri möwsümleýin meýdan işleriniň gyzyşýan günlerinde oba zähmetkeşleriniň arasynda bolup, olar bilen meýdan işleri dogrusynda pikir alyşýarlar. Golaýda şu hojalygyň oba zähmetkeşleri bilen bolan duşuşykda öňdebaryjy göreldeli topar ýolbaşçylaryna Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir