Adamzat takmynan 10-12 müň ýyl mundan ozal daýhançylyk bilen meşgullanyp başlady we şeýlelik bilen awçy-ýygnaýyjy gaýbana durmuşdan oturumly ýaşaýyşa geçdi. Mundan soň adam topraga eken ekininiň miwesi bilen iýmitlenip başlady. Topraga tohum berseň miwesini berýärdi, ene ýaly dogurýardy.
Özüniň we töweregindäki janly-jandarlaryň nädip dörändigini we nireden gelendigini owaldan bäri piker edip gelýän adamzat ahyry jogap tapandyryn öýtdi. “Ekinleri toprak dogurýan bolsa hemmämizem şol dogurandyr” ynanyşy bilen topragy mukaddes hasaplap başlady. Hatda bir-näçe asyr soňky Müsür, Greg, Rim (irki) ýaly köp taňryly medenýetlerde toprak doguryjy, ýaşaýyşyň başlangyjy manysynda esasy ene taňry diýip hasap edilipdir. Mundan soňky ýeke taňryly Ybraýymy (Ýudaizm, Hristiýanlyk, Yslam) dinlerde hem adamzadyň ýaradylyşy toprakdandyr. Hat-da gadymy türki halklarynyň Gökteňri dininde-de toprak mukaddes hasap edilip, oňa “Ötüken” adyny beripdirler.
Ýaşaýyşyň başlangyjy, doguryjy - Ene toprak.

Bilim, Panturkist tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir