Köp görüp öwrenişen zatlarymyz beýnimizi ýadadýar we biz nämedir bir üýtgeşik zatlar edesimiz gelýär
Edil biziň gündelik ulanýan kompýuterlerimizde hem şonuň ýalydyr. Geliň şu gün Windowsyň giriş ekranyndaky suratyň nähili üýtgedilýändigini öwreneliň.

Windows 8 we 10 –yň giriş fonuny üýtgetmek

Windows 8 we 10-nyň giriş fonuny üýtgetmek gaty ýönekeý. Munuň üçin "Пуск" => "Параметры" yzygiderlikde giriň. "Персонализация" => çep tarapdaky "Экран блокировки" saýlaň, soňra sag gapdaldaky "Фон" saýlaň we "Фото" => aşakda dürli suratlar peýda bolar, öz göwnüňize ýaranyny saýlaň ýa-da "Обзор"-a basyp açylan penjireden gerekli suraty saýlaň.

Windows 7 – niň giriş fonuny üýtgetmek

Reýstr redaktoryndan üýtgetmek
1. Buýruklar setirinde (Win + R) regedit diýip ýazyň we Enter düwmä basyň.
2. Çep tarapdaky papkalardan aşakdaky yzygiderlikde tapyň
HKEY_LOCAL_MACHINE\ SOFTWARE\ Microsoft\ Windows\ CurrentVersion\ Authentication\ LogonUI\ Background =>
Haçanda çep tarapdaky Background üstüne basanyňyzda sag tarapda OEMBackground diýen parametriň barmy ýada ýokdugyny anyklaň ,eger ýok bolsa çepdäki Background bölümiň üstünde syçanjygyň sag düwmesini basyň we создать => параметр DWORD (32 бита) => we täze parametriň adyny OEMBackground diýip giriziň.
3. Soňra sagda täze döredilen OEMBackground parametriň üstüne iki gezek basyň we "Значение" diýen ýerine 1 ýazyň we "ОК" basyň.
4. Ähli penjireleri ýapyň we täzeden buýruklar setirinde (Win + R) gpedit.msc diýip ýazyň we Enter düwmä basyň.
5. Çep tarapky bölümlerden "Конфигурация компьютера" => Административные шаблоны => Система => Вход в систему yzygiderligi saýlaň. Sag tarapky kalonkadan "Всегда использовать настраиваемый фон входа в систему" üstüne iki gezek basyň.
6. "Включено" diýen ýerine bellik goýuň we "Применить" basyň.
Suraty goýmak
Fonda goýjak suratyňyzyň ölçegi 256КБ-dan uly bolmaly däldir!
7. Проводник-den C:\Windows\System32\oobe papkany tapyň we içinde täze papka döredip adyny info diýip belläň, info papkanyň içinde hem ýene bir papka dörediň we adyny backgrounds diýip belläň.
8. Indi fon suraty üýtgetmek üçin şol papkanyň içine gerekli suraty kopiýalaň we adyny backgroundDefault diýip belläň (surat .jpg formatda bolmaly).
Ine, ähli iş tamam boldy üýtgeşmäni görmek üçin kompýuteriňizi blokirowka salyň, sistemadan çykyň ýa-da perezagruzka edip görüp bilersiňiz
Peýdasy deger diýip umyt edýän, düşünmedik ýeriňizi sorap bilersiňiz.

Tehnologiýa, htkursant tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir