Siziň köpüňiz goşgy düzýärsiňiz.... gynansam-da men siziň araňyza goşulyp bilemok..... ýöne her gezek siziň goşgyňyzy (1je bent bolanda –da) okamda onuň aňyrsyndaky ýatan manysyny agtaryp tapjak bolýaryn..... siz poeziyanyň nämedigini bilýäňizmi ???.... şu gün tňtänden Gurbannazar Ezizowyň şu goşgyzyna duşdym soň bilemok näme üçin size ony ýazmaga makul bildim Poeziýa diýen zat nämekä? Bolsaň eger diregsiziň diregi, Bir aglap durana teselli bolsaň, Dünýäň ähli nähoşynyň deregine, Diňe sen, diňe sen keselli bolsaň Seniň sözleriňi sözlerine goşup, Aşyk ýigit söýýän gyzyna aýtsa, Ýekeje setiriň ýadyna düşüp, Betpäl bet pälinden yzyna gaýtsa Göni baksaň päk sözlere bakaňda, Demir gözleginden altyn äkelseň, Ýow gününde bedew ata çykaňda, Diňe öňki hatarlarda ýykylsaň. Biziň juda söýen watanymyzda, Mydam çörek bilen aýdym-saz bolsa, Uzak Hindistanda tamdyr gyzanda, Şoň ýanynda el serenler az bolsa. Ýalan söz ýerinde durup bilmeseň, Gural bolsaň dünýäň derdini syzýan, Diňe, diňe sen perwaýsyz bolmasaň, Şudur meniň pikirimçe, Poeziýa
Poeziýa diýen zat nämekä???
-
Shazada
16 years ago
- mena nace dyzasamam poet bolup bilmeyan :D
-
Harmandali
16 years ago
- Shu goshgyny G.Ezizow bir uniwersitetda egzamin yya-da test tabshyranynda yazya oydyan. SHu wagt yadyma dushenok ya-daors shahyrlarynyn birninkini perewod edyami. \"Chykmadyk kitabym 2\" -de bolmaly.
-
Harmandali
16 years ago
- Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri,
Lokga daşyň ähli artyk bölegin
Ýonup, döredýärler ajap eseri.
Artykmaçlyk – duşmanydyr sungatyň,
Tygşytly bolanda, beýikdir nama.
Men pikirmi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýerde üç sözüň geregi näme?
Tälim almaň dagdan inen sillerden,
Tälim alyň Wolgalardan, Nillerden.
Kemlik adamyny bezänok welin,
Artykmajam boljak bolmaň illerden.
Göz öňüne artyk söze daýanma,
Söýgä söz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme watanyňy gursagňa goýup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam.
Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz hemmämiz özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.
-
Wepa
16 years ago
- Seniň sözleriňi sözlerine goşup,
Aşyk ýigit söýýän gyzyna aýtsa,
Ýekeje setiriň ýadyna düşüp,
Betpäl bet pälinden yzyna gaýtsa
Mana okmak bolanok welin \"owrenen gylyk olende galar\" diyenida yene-de duryp bilemok.
Derman 16 years ago
poetry- literature in metrical form ya-da ritm(rhythm) bilen yazylan edebiyat