TÜRKMENLER GADYMY DÖWÜRDE

Gadymy döwürlerden Hazar deňiziniň boýundan tä Pamir daglaryna çenli ýaýran taýpalara skif - massaget taýpalary diýip atlandyrypdyrlar. Skif - massaget taýpalaryna pars çeşmelerinde saklar hem diýipdirler. Olar barada gadymy grek-rim, wizantiýa we başga eserlerde ýazypdyrlar. Gerodot, Ptolomeý, Pliniy, Arrian, Strabon, Ktesiý, Isidor Harakskiý we başgalar türkmenleriň ata-babalary bolan skif-massagetler hakynda dürli maglumatlar ýygnapdylar.
Biziň eramyzdan öňki VI asyryň ortalarynda dünýä döwletleriň biri hasaplanan Ahemenitler döwleti berkarar edilipdir. Ol 200 ýyl töweregi Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň üstünden hökmürowanlyk edipdi. Gysga bir wagtda ol Wawilony, Siriýany, Kiçi Aziýadyr Müsüri özüňe tabyn edipdir. Türkmenistanyň köp ýerlerini gadymy Eýran döwleti eýeleýär. Olaryň ilkinji patyşasy Kir (parsça Kuruş). Ol Margiýana, Sogdiana, Baktriýa, Horezm ýerleri zorluk bilen boýun egdiripdir. VI asyryň 30-njy ýyllarynda Tünüderýadan geçip massagetlere aralaşypdyr we dürli ỳollar bilen patyşa aỳalyň ogluny ỳesir alypdyr we ol ỳesirlikde aradan çykypdyr.
Tomiris (Tumar şa) – skif-massaget taỳpasynyň aýal patyşasy, duşmalaryň ellerine düşen ogluny ýitirsede, ahemeni goşunlaryny gylyçdan geçirip. Kiriň özüni hem öldüripdir. Bu söweş barada gadymy grek ýazarlary gyzykly rowaýatlar galdyrypdyrlar.
Gerodot ýazýar: öň Baktriýa her ýyl 360 talant arassa kümüş tölemeli bolýar. 1 talant=30 kg. kümüşe golaý bolỳar. Seỳlelikde 360 talant takmynan 10 müň 800 kg. kümüşe barabardyr. Netijede halklaryň närazylygy güýçlenýär.
B.e.öňki VI asyryň 20-nji ýyllarynyň ahyrynda Ahemenilere garşy azat-edijilik hereketler güỳçlenýär. B.e. öňki 523-nji ýylda Fradanyň gozgalaňy bolỳar. Eýran patyşasy Dariý I adyndan gaýanyň ýüzünde oýulyp ýazylan Behistun ýazgylarynda Margiýanada Fradyň gozgalaňy barada ýazylandyr.
Bu hereketleri demirgazykda ýaşaýan saklar hem goldaýar. Baktriýanyň häkimi Dadarşit rehimsizlik bilen margiýanadaky gozgalaňy ýatyrýar. Gozgalaňyň baştuany gaçýar, bir ýyldan ele düşýär.
B.e.öňki 521 ýylda Parfiýada hem gozgalaň bolỳar. Oňa suwarymly ekerançylyk bilen meşgul bolýan Günorta Türkmenistanyň ilaty hem gatnaşýar. Iỳul aýynda Patigraban şäheriniň golaýynda (hazirki Kaka etrapyndaky Ýelkendepe bolmagy mümkin) gozgalaňçylardan rehimsiz öç alýarlar.
Dariý 1 özgertme (reforma) geçirýär – döwleti 20 satraplylyklara bölýär. Aragatnaşyk, söwda, kerwen ýollary gurulỳar. Altyn, kümüş pullar zikgelenip.
B.e.öňki IV as başlarynda Ahemeniler döwleti gowşaýar. Horezm döwleti kemala gelỳär. B.e.öňki 334 ý. Aleksandr Makedonskiý ýöriş edỳär we Ahamenit döwletiniň patyşasy Dariý III ýeňilýär.
Aleksandr Makedonskiý (Gündogarda oňa Isgender Zülkarneỳin diỳipdirler) b.e.öňki 330 ýylyň ortalarynda Günbatar Türkmenistanyň uly bölegini eỳeleỳän Girkaniýa welaýatyna gelýär. Dariý III satrapy Fratafern Girkaniýanyň we Parfiýanyň häkimi öz adamlary bilen gelen grek hökümdaryna meýletin boýun bolýar. Aleksandr Makedonskiý parfiýaly Atminapy häkim edýär. Ol 330-329 ýý Pafiýada gyşlapdyr.
Baktriýanyň satrapy Bess, Artakserks III adyny alýar. Ony Ariý we Sogd taỳpalary goldaýar. B.e.öňki 329 ýylda Ariý häkimi Satibarzan greklere boýun bolýar, emma olara garşy baş göterýär. Ol 2 müň adamsy bilen Bessiň ýanyna gaçýar. Ariý welaýatynyň Artikoanany eýeleýär. Eýranly Arsy häkim edilỳär. Satibarzan ýene-de Ariýa gelýär. Çaknyşykdan soň Artokoana şäherini grekler weýran edýär. B.e.öňki 328 ý Spitameniň (Sogd han-begleriniň biri) gozgalaňy bolỳar. Gozgalaň basaylyp ýatyrylypdyr.
Nusaýda we Merwde – Aleksandra Nisiýskaýa we Aleksandra Margianskaýa galalarynyň düýbi tutulan berkitmeler bolupdyr. (Erkgala bolmagy mümkin).
B.e.öňki 323 ỳylda Aleksandr Makedonskiý ölenden soň jahan döwleti dargaýar. Goşun serkerdesi Selewk I Aziýada ýerleşen ýerlerine eýe çykýar. Antioh I Soter (b.e.öňki 280-
261) Margiana we Ariý welaýatlarynda gurluşyk işleri ỳerine ỳetirỳär. Strabonyň ýazmagyna görä Margiana Antiohiýasy esaslandyrylýar. (Gäwürgala harabaçylygy). Çarwalardan goramak üçin – belent diwar gurulýar. Ýene bir Antiohiýa Tagtabazar etrabynyň çäkerinde.
Grek medeniýetiniň täsiri ỳerli edim-gylymlardyr nusgalar bilen üsti ýetiripdirler. Grek medeniýetiniň ajaýyp nasgalary ýerli medeniýetiniň göwnejaý tutumlary bilen ysnyşykly sazlaşdyrylyp, diýarymyzyň medeni taryhynda ellin medeniýeti diýen döwür başlanypdyr. Bu döwürde şäherlerde senetçilik we söwda ösüpdir. Ellin medeniýeti - grek we ýerli medeniýetiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň esasynda dörändigini alymlar tassyklaýar.
B.e.öňki III asyrda Parfiýa döwleti döreýär. Baktriýa welaýatynyň häkimi Diodot – özüni patyşa diýip yglan edipdir. B.e.öňki 247 ýylda Ärsak we Tiridat Parfiýanyň häkimi Andragory ýeňip garaşsyzlygyny gazanỳarlar. Oňa Parn we dah taýpalarynyň ỳaşaỳan ỳerleri bolan, günorta-günbatar Türkmenistanyň ýerleri girýär. Paýtagty Nusaý.
Suwarymly ekerançylykda : bugdaý, arpa, şaly ekinleri ýetişdiripirler, üzümçilik ösüpdir. Maldarçylygyň orny uly bolupdyr. Ýyndam dünýä belli bedew atlary bolupdyr.
Tapylan hum - ritonlar. Öküziň şahyna çalymdaş edip pil süňkinden örän nepis ýasalypdyr. Hyỳaly jandarlar - ganatly adam-öküziň, ganaty ýaýylan guşuň (grifontyň), ganatly adam- atyň (kentawryň) we grek rowaýatlaryndan dürli şekiller bilen timarlanypdyr. Ritonlaryň göwrümi 1,5-2,5 litr tutupdyr. Haly dokalyp, deri eýlemek kärleri ösüpdir. Demir senetçileri, zergärler, küýzegärçilik giň gerim alypdyr. Beýik ýüpek ýoly, parfýanlaryň kümüş puly „drahma‖,
ýazuwlary ilki grek dilinde, soň ýerli Parfiýa hatynda bolupdyr.
B.e.öňki IV asyr bilen b.e. III asyr aralygy gadymy Horezm patşalygynyň iň ösen döwri bolupdyr. Amyderýanyň aşak akymy suwarymly ekerançylygyň möhüm ojaklarynyň birine, onuň şäherleri bolsa senetçiligiň we söwdanyň möhüm merkezlerine öwrülipdir.
Jaý gurluşyk sungaty ýokary derejede ösendir. Pagsadan we çig kerpiçden galalary, köşkleri, ybadathanalary, jemgyýetçilik ymaratlary gurupdyrlar. Toprakgala – Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşep, iki diwar bilen gurnalan şäherdir. Galanyň burçlary minaralar bilen berkidilip, gala- köşgi emele getiripdir. Gadymy Horezm hökümdarlary Toprakgalada oturypdyrlar. Daşy we içi zynat bilen bezelipdir. Parfiỳa döwleti Müsür, Siriýa, Gara deňiziň boýlaryndaky ýurtlar bilen söwda edipdir.
B.e. öňki I asyrda Kangỳuỳ döwleti 1 asyra golaý agalyk edipdir. Ol Kuşanlaryň agalygy bilen çalşyrylypdyr. Bu döwürde urug-tire jamagatlar dargap, oba - goňşuçylyk jemagaty döreýär.
Greko-Baktriýň döwleti öz içine gündogar Türkmenistanyň ýerlerini, günorta-günbatar Özbegistan, Täjigistanyň we Owganystanyň ýerleri girýärdi. B.e.öňki 3 asyryň ortalarynda Baktriýanyň häkimi Diodot selewkilere garşy çykypdyr. Garaşsyz döwlet. Bu döwletiň ýokary ýokary agalyk ediji baý gatlagyny gek makedon han-begleri düzendiklerine görä, ol Grek-Baktrýa ady bilen taryha giripdir.
- aralarynda söweş. B.e.öňki 208 ý Ariý (Tejen) derýasynyň gplaýynda patyşa Ýewtidem 10 müň goşuny bilen ýeşilipdir. Balha gaýdýar. Iki ýyl Balh – Bähdi şäherini selewkliler zabt etýärler, emma goraýjylar olary yzyna serpikdirýärler. B.e.öňki 206 ý ýaraşyk şertnama baglanyşýar. Antioh 3 bu döwleti resmi ykrar edipdir.Ýewtedimiň ogly Demetriý döwründe döwlet güýçlenýär.
- Özara uruşlar zerarly döwlet pese düşýär.
- ýueji taýpalary Greko-Baktriýň döwletiniň ýerlerini basyp alýar.
- Ýüz ýyl geçip bu ýerlerde Kuşan döwleti döreýär.
- 120 ýyý dowam edip, taryhda uly yz galdyrypdyr. Zariasp, Antiohiýa, Marakandy, Aleksandra Kapisa (Begram), Aleksandra Ariana (Gerat) we başglar gülläp ösýär. Owganystanda ŞIBIRGAN şäheriniň ýanynda Greko-Baktriýň döwletine degişli täsin arheologiki tapyndylar TILLI-DEPE (Altyn depe), antiki ÝEMŞI-DEPE şäheriň diwarlarynyň ýanynda. 1978 ý Ü. Sarianidiniň ýolbaşçylygynda gadymy Greko-Baktriýň döwletiniň pese düşmegi we Kuşan döwletiniň döremegidöwrüne degişli mazar tapyldy. Ol ýerde alty sany han-begleriň mazarlary 20 müňden gowrak altyndan ýasalan zatlar – şaý-sepler, bezegler, ýaraglar, heýkeller we başga-da bezegler. Ellinistik surtly pullat, hudaýlaryň we patyşalaryň şekilleri bilen. W
Greko-Baktriýa döwletiniň ýerlerinde dörän bäş hanlyklar. Guýşuan hanlygy güýçlenýär. Han Geraý öz adyndan pul zikgeläp başlaýar. Onuň ogly Kujula Kadfiz ýueýji taýpalaryny birleşdirýär. Käbir alymlar kuşan taýpa ýa-da tiräniň ady hem diýip çak edýärler. Hökümdar beýik diýen lakamy alýar. Döwletiň ösen döwri b.e. I asyryň ortalaryndan başlap, III asyryň başyna çenli, Döwlete Türkmenistanuň ýerleri, Horezm, Sogdiana, Owganystanyň, Päkistanyň we Demirgazyk Hindistanyň ýerleri degişlidi. Paýtagty Sogdianada, soň bolsa Owganystana, ol ýerden bolsa Hindistana Purrşapura (Peşewar) geçirilipdir. Beýik hökümdarlary : Kadfiz I, Kadfiz II we esasanam Kanişka döwründe. Döwlet dini buddizm. Hindistandan Orta Aziýa ýaýraýar. Kuşan imperiýasy günbatarda Parfiýa, gündogarda
Hytaý bilen söweşip, pese düşýär. Çarwa eftaly taýpalary bolsa zarba urup, Kuşanlaryň ýerlerini basyp alýar. Soňabaka Sasanylar bu ýerleri eýeleýär.
Bu döwürde kanallar gurulypdyr, suwarymly ekerançylyk ösüpdir, senetçilik we hünärmentçilik ýokary derejede bolupdyr.
bolar. Türkmenleriň etnik taryhyny esasy 3 döwre bölmek
1. Häzirki türkmen halkynyň düýp esasy bolan antiki we irki orta asyrlar döwri.
2. Türkmen halkynyň döremeginde we kämilleşmeginde esasy rol oýnan we imperiýa döredip, taryhda uly yz galdyran orta asyr, Oguz türkmenleriniň döwri. (IX-XIII asyrlar).
3. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda bolup geçen entik prosesleriň–özgerişleriň (XVI-XIX) asyrlardaky migrasiýalaryň, harby ýörişleriň basyp alyşlaryň alaman çapawullaryň türkmen halkynyň kämilleşmegine ýetiren täsirleri. Taryhymyzy, türkmen halkynyň etnogenezini
öwrenmäge, ýazmaga häzire çenli toplanan taryhy-arheologiki etnografiki ýazuw çeşmeleri, uly alymlaryň bize galdyran eserleri, mümkinçilik berýär. Taryhymyzy dogruçyl ýazmakda, üç müň ýyla ýakyn döwürden bäri biziň taryhymyz hakda antik döwrüň grek-rim, hytaý, wizantiýa awtorlarynyň eserleri, VI- VIII asyrlara degişli Merkezi Aziýada, Günorta Sibirde saklanyp galan daşlaryň ýüzüne ýazylan, gadymy türk ýazgylary, türkmen hanlarynyň mazarlarynyň üstünde daşdan ýonunyp goýlan heýkelleri, VII asyrlardan tä XIX asyryň ahyrlaryna çenli döwürde arap-pars dillerinde ýazylan eserler (1,2,3,4) mümkinçilik berýärler.
Taryhy çeşmeleriň köpüsi türkmen halkynyň esasy kökleriniň türkmenistanyň gadymy atlary bolan Turan, Horasan, araplar gelenden soň Türkistan ýurdy diýilip atlandyrylan, ýerli toprakdygyna şaýatlyk edýärler.
Türkmen halkynyň gelip çykyşyna we kämilleşmeginde esasy rol oýnan halklar, taýpalar geçmişde Beýik Gun türkmenlerini (b.e. öňki III-II asyrlar) parfiýa imperiýasyny, Beýik Türk Kaganatlyklaryny (b.e. öňki VII-VIII asyrlar) Beýik Seljuk imperiýasyny döretdiler.
Ata-babalarymyzyň döreden inçe senedi haly, keçe önümleri, şaý bezeg sungaty, ýetişdiren dünýä belli bedew atlary, iner-maýalary, tohum mallary VI-VIII asyrlara degişlidir. Beýik Türk kaganatlarynyň resmi döwlet dilinde ýazylan gadymy türk runy (daşlara ýazylan) ýazgylary we başgalar dünýä medeniýetine goşant boldular. Bu medeni miraslarymyz toý-ýas däplerimiz, gylyk häsiýetlerimiz, öz boluşly jyns aýratynlyklarymyz ençeme asyryň dowamynda döräp, kämilleşipdirler. Ol aỳratynlyklar bolsa, bizi başga halklardan tapawutlandyrýar. Gadymy taryhy çeşmelerde zorastrlaryň keramatly kitaby ―Awestada‖ Ferdöwsiniň meşhur ―Şanama‖ eserinde we başgalarda Turan eýran bilen bäsleşýän türkleriň uly ata-watany diýilýär. Hazar deňziniň gündogaryndan tä Oks (Amyderýa)
derỳasy aralykda esasan türki ilat ýaşapdyr. Olaryň kärleri toý- ýas däpleri, beden sypatlary we başgalary häzirki türkmenleriňkä örän meňzeş bolupdyr.
Ýokarda agzalan taryhy çeşmeleriň maglumatlaryna görä Girkan (Hazar deňziniň köpdürli atlarynyň biri) deňziniň gündogarynda köp sanly çarwa we ilat gadymy grekleriň dag massaged diýip atlandyran köp sanly ýygyndy taýpalary saklar, augazlar, alanlar, eftolitler, parnlar, horezmliler, gök türkler, 3,7,9, oguzlaryň taýpa birleşikleri turgeşler (türk kişi), gypjaklar, garylyklar, abdallar, atabaýlar, girkanlar we başgada köp sanly halkyýetler we taýpalar ýaşapdyrlar. Köp asyrlaryň dowamynda turanda ýaşan etniki toparlaryň köpüsiniň atlary üýtgändigi bolsa, olaryň esasy maýasy (ýadrosy) bu toprakdan başga ýere gitmän ýaşapdyrlar we türkmen halkynyň sanyny düzüpdirler.
Ata-babalarymyz hasaplanýan ilatyň kärlerinden, maşgala däplerinden, ynançlaryndan (ody, ýeri, suwy, gögi, güni keramatly hasaplamaklaryndan) taýpa urug gurluşynda, gatnaşyklarynda we ş.m. türkmenlerde saklanyp galan däp- dessurlar köp alymlaryň pikiriçe, hatda antik döwrüň urug atlarynda (pary, aogaz-oguz, alan-olam horasany-horasanly, horezmi-horezmli, skarabanly-sakarlar, atdasii-ata we ş.m.) soňky döwürlere çenli saklananlary bar. Köne däplere eýerip, türkmenler häzirem gadymy türkleriň hudaýy, taňryny, ody- ojagy, suw çeşmelerini keramatly saỳỳarlar. (Gorkut ata, How ata, Kow ata, Arçman ata, Dana ata, Kaýnar baba we.ş.m.)
Aýy güni keramatly hasaplaýarlar, öten geçenleriň hatyrasyna keramatly ýerlere zyýarat edýärler, ötenleriň atlaryny dogan çagalara dakýarlar (Ata, baba, mama, ene, kaka we ş.m.) Ilkinji gezek L. Oşanin tarapyndan düýpli öwrenilip
Turanyň gadymy ýerli ilatynyňam häzirki türkmenleriňem uly Ýewropa jynsynyň süýri kelleli toparlaryna degişlidigi doly tassyklandy. Merkezi we Orta Aziýada, Günorta Sibirde saklanylyp galan, mazarlaryň üstünde daşdan ýonulan goýulalan gadymy türk hanlarynyň heýkelleriň şekilleri biziň ata-babalarymyzyň jyns aýratynlyklaryny öwrenmekde uly ähmiýeti bar.
Gadymy Marynyň ýadygärliklerinden we başga ýadygärliklerden tapylan, antik we orta ayrlarda degişli aýal heỳkelleriniň geýimlerindäki bezeg şaýlary häzirki türkmenleriňkä gaty meňzeş bolupdyr.
Günorta Türkmenistanyň Gök süýri, Gara depe, Altyn depe ýaly biziň eramyzdan has ozalky döwürlere degişli küýze döwükleriniň, mazarlardan tapylýan gaplaryň ýüzünde häzirki salyr (pendi), teke, ýomut çowdur we başga taýpalaryň halklarynyň älem göllerini hagyşlaryny, keçe güllerini görmek bolýar. Bu bolsa türkmenleriň ganyna siňen we olary beýleki halklardan tapawutlandyrýan haly, keçe, keşde, ýaly inçe senediň köllerini ýerli toprakdygyny subut edýän dellileriň biridir. Salyr haly torbalaryna salynan çarhy pelek
massagetleriň uly hudaýyň günüň stilleşdirilen şekilidir. Türk kanagatyny döreden we köp sanly dürli-dürli atlary bolan halkara taýpalara etniki we syýasy manyly, türk adyny - etnonimini ýaýradana Altaýda ýaşaýan bir taýpanyň ady ―türk‖ bolupdyr. Bu taýpanyň mekany Altaýyň Pazyryk depelerinden biziň eramyzdan öňki döwre degişli, bütin dünýäde Pazyryk halysy adyny alan türkmen halysy tapyldy. (1949 ýylda) biziň eramyzdan öň 2 müň ýyllyk goçuň şahynyň şekili (atyň) sibir sürgünleriniň şekilleri bu halynyň merkezi älem gölleridir. Pazyryk halysynyň gadymy türk matiwiniň gadymy türkleriň we türkmenleriň keramatly hasaplan goçuň şahy türkmenleriň haly, keçe, nagyş keşdelerinde esasy orun tutmagy, şahyň ýa-da onuň şekiliniň biziň häzirki gündelik durmuşymyza berk ornaşmagy biz ony tamlaryň, howlylaryň tamdyralaryň ýüzündede ýadygärlik görnüşinde Günbatar Türkmenistanda ―goç buýnuz‖ mazarlaryň üstünde-de goýulmagy, biziň ata- babalarymyzdan galan däpleridir. Bu halynyň ärsary, ýomut halylaryna meňzeşligi halynyň türkmenleriň Altaýdan gelen bir toparynyň döredendigine şaýatlyk edýär.

Han Durdy Gurbanow.
Aýna Gurbangulyýewa.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir