Gadym zamanlarda bir sùýt satýan adam bolupdyr. Ol MEKGE MEDINÄ HAJ PARZYNY ýerine ýetirmek ùçin 40tylla toplapdyr. Ol gùnlerin bir gùni MEKGÄ tarap ýola rowana bolupdyr. Ol deñize ýetip gämä mùnùpdir. Gämide epesli ýol gecensoñ ýanky adamyn ukusy gelip ba$lapdyr. Ýanky irkilmäkä 40tyllasyny bil gu$agyna gysdyrypdyr we uka gidipdir. Gämide ýany maýmynly bir adam bar eken ol maýmynyna adamlaryn jùbisinden pul ogurlamany öwredipdir. Ýanky maýmyn hälki uka giden adamyn gu$agyna gysdyrylan tyllany alypdyr. Birnaçe wagtdan son ol adam oyanyp tyllalarynyn yokdugyny görùpdir we maýmynly adama senin maýmynyn alandyr diýar. Ýanky maýmynyn eýesi maýmyndan 40tyllany aljak bolýar, emma maýmyn gäminin ýelkeniniñ çùr depesine çykypdyr. Maýmynyn eýesi bolsa a$akda durup maýmyna gapjyk görkezipdir maýmyn bir tyllany a$ak oklapdyr we birini deñize oklapdyr. $eýdip 40tylladan 20tylla adamyn eline 20tyllasy bolsa denize gacypdyr. Maýmynyn eýesi KÄBÄ gidip barýan adamdan 20tylla ucin ötùnc sorapdyr . KÄBÄ gidip barýan adam bu waka geñ galyp $eý diýipdir,"EÝ ALLAJAN HALAL GAZANJYMY ELIME BERDIÑ, HARAMY BOLSA DEÑIZE " Ol ýanky maýmynyn eýesine sùýt satýandygyny we köpùrak tylla ýygnamak ùcin sùýde köplenc suw go$andygyny aýdypdyr.