«Altyn asyr» ÝPJ öz internet paketleriniň üstüni olaryň ýene biri bilen ýetirdi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi. 

«Internet ― 5» diýlip atlandyrylýan bu paket mobil interneti ozalkysyndan arzan ulanmaga mümkinçilik berýär. Bahasy 5 manat bolan paketde 100 megabaýt göwrümdäki internet bar.

Paketiň ulanyş wagty 30 gündür. Paketi «Şahsy otagyňyz» ýa-da *0850*5# USSD kody bilen satyn alyp bolýar.

Täzelikler, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir