«Buýan» obasenagat toplumynda eksportyň mukdary artýar

Täze ýyla şowly gadam goýan kärhanalaryň hatarynda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň zähmetsöýer adamlary hem bar. Olar 2019-njy ýylda 54 müň tonnadan gowrak buýan köküni ýygnadylar. Şeýlelikde ýyllyk meýilnama 102 göterimden gowrak berjaý edildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Toplumda 300-den gowrak adam zähmet çekýär. Buýan köki, esasan, Amyderýanyň sag we çep kenarynda ýygnalýar. Ýygnalan buýan köküniň gaýtadan işlenilmegi esasynda 2019-njy ýylda buýanyň goýy we gury ekstraktlarynyň eksporty boýunça 104, baglanan buýan köküniň eksporty boýunça 105 göterim ösüşiň gazanylmagy has-da guwandyryjyboldy.

Buýanyň «Ural» we «Süýjibuýan» görnüşleri senagat taýdan özleşdirilmäge ukyply bolup durýar. Şonuň üçin buýanyň bu görnüşleri has uly islegden peýdalanýar.

S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň önümleri esasan-da, Serbiýa, Hytaý, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Hindistan ýaly döwletler tarapyndan uly höwes bilen altyn pula satyn alynýar. Toplum ýurdumyzda buýan köküni we buýan köküniň önümlerini öndürýän hem-de daşary döwletlere eksport edýän ýeke-täk kärhana saýylýar.

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir