Aşgabatda ýene bir ýerasty geçelge we onuň üstünde bezeg sütüni gurlar

Aşgabadyň S.Türkmenbaşy hem-de A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty pyýada geçelgesi we onuň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda bezeg sütüni gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hasabat berdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan bu taslamany amala aşyrmak üçin ýörite bäsleşik yglan edildi. Häzir bu bäsleşik tamamlaýjy tapgyrda barýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, desgalary bu ulgamda dünýäde öňdebaryjy gazananlaryň esasynda gurmagy hem-de bellenilen wagtynda ulanylmaga bermelidigini tabşyrdy.

Türkmen paýtagtyndaky çatryklary eýýäm ençe ýyl bäri görkana bezeg sütünleri bezeýär. Şeýle sütünlerdir heýkeller paýtagty ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäginde hem gurulýar. Şäheriň çatryklarynyň aglabasynda ýerasty geçelgeleriň bolmagy bolsa ýol howpsuzlygyna uly goşant goşýar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir