Adamlaryň hemmesi bolmasa-da, köpüsi uzak ýaşamak isleýär. Iň bolmanda, meniň gatnaşyp ýören adamlarym-a şeýle. Doglan günlerde ýa-da täze bäbek doglanda, hökman uzak ýaş dilenilmegi hem bu islegiň halk içinde nähili güýçlüdigini görkezýän bolsa gerek.

Bir gezek bir dostuma: «Uzak ýaşamagyň syryny aýdaýynmy?» diýdim. «Aýt!» diýdi. «Uzak ýaşamak üçin maksat tutunmaly. Uludan-uly bolmaly özem». Ol birden gülüp goýberdi. Birhili bolup gitdim. Sebäbini soradym. «Haý, senem-aý! Uzak ýaşamagyň syry diýseň, menem käşir iýmeli, kelem iýmeli diýen ýaly bir zat aýdarmykaň öýtdüm» diýdi.

Häzirki wagtda uzak ýaşamak barada «peýdaly maslahatlardan» kän zat ýok. Alymlar munuň üstünde yzygiderli işleýärler, täzeden-täze üstünlikler hem gazanýarlar. Ýöne, men bu barada däl, uzak ýaşamagyň syryny başga bir tarapdan açyp görkezmekçi.

Il içinde şeýleräk bir aýtgy bar: «Etsem-petsemi bolan adam garramaýar».

Bir goňşymyz bardy. Ýaşy ýetmişi kowalap ýören garry aýaldy. Onuň heniz öýlenmedik ogly bilen durmuşa çykmadyk gyzy bardy. Ikisiniňem ýaşy otuzdan agandy we ikisiniň hem bir saý-sebäp bilen «kör düýeleri köprüden geçmändi». Günlerde bir gün garrynyň öýünde goşa toý boldy: ilki ogly öýlendi, gyzy hem şonuň bir hepde yz ýany durmuşa çykdy. Şondan üç aý geçip-geçmänem, garry ýanyny ýere berdi oturyberdi… Az wagtdanam dünýesini täzeledi.

Ýene-de bir tanşymyň kakasy aradan çykypdy. Ýaşy ýaňy kyrkdan agan. Adam üçin kyrk ýaş dagy kän zatmy?! Ýöne ol şojagaz ömründe hem köp zatlary etmäge ýetişipdir. Çagalarynyň biri ýokary okuw jaýyny gutaryp, durmuşyň bosagasyndan ätledi, ýene ikisi ýokary okuw jaýynda bilim alyp ýör, uly ogluny göçürmek üçin jaýy taýýar… Belkem, ol adam: «Çagalarym üçin şu zatlary edip bilsem, onsoň armanym ýok» diýip hyýal edendir.

Meşhur ýazyjy Çary Aşyryň Beýik Watançylyk urşy ýyllary hakda ýazan «Meýletinler» romanynda şeýleräk bir epizod okapdym: Urşuň gyzgalaňly pursatlarynda komandir Pirli gije diýmän, gündiz diýmän duşmana garşy söweşýär. Garly ýeriň aşagynda gazylan garymlarda ýatyp-turýar.

Şeýle kyn şertlerde bolmagyna garamazdan, kesellemedik, ölmedik adam, uruşdan sag-aman dolanyp öýüne gelen uçurlary sarylama keseline ýolugýar duruberýär.

Aslynda, ol sarylama keseline öňden duçar bolupdy… Ýöne ol ony duýmady. Sebäbi onuň maksady bardy. Ol nemes basybalyjylaryny kowup ýurtdan çykarmalydy. Ine, şol maksat hem ony ýaşadýardy…

Işlesem, bilmesem öler-galarym,

Ajalam birsellem golaýma gelmez.

G. Ezizow

Şuňa meňzeş mysallar durmuşda näçe diýseň bar… Biziň etmeli zadymyz – netije çykarmak…

Okan kitaplarymyň birinde şeýleräk bir zada duş gelipdim: «Allatagala adama örän kän zat berdi we ýene-de bermek üçin islemegi hem berdi». Häli-häzire çenli tanaýan meşhur adamlaryňyzyň hemmesi öz öňlerinde maksat goýmakdan başladylar… Nähili maksat goýsaňyzam, ýetjegiňiz ikuçsyz. Şonuň üçinem, uzakdan-uzak maksatlar goýmak gerek.

Milliarderleriň biriniň aýtmagyna görä, geljek üçin 100-200 ýyllyk planlar düzmeli, goý, olary sizden soň agtyklaryňyz, çowluklaryňyz dowam etdirsin!

Aşyr SAPAR

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir