Doktor Jeýms Gordonyň şahsyýetiň özboluşlylygy hakda jaýdar aýdan sözleri bar: “Özüň bolmak, özüň bolup ýaşamak meselesi edil taryhyň özi ýaly gadymydyr we adamzat durmuşy ýaly köpgyraňlydyr. Durmuşda öz ornuňy tapmazlyk, özlügiňi ýitirmek bolsa köpsanly ruhy dartgynlylygyň we göwünçökgünligiň gönezligidir”. “Ýaradylan zatlaryň içinde sen ýeke-täk. Hiç kim saňa meňzänok we sen hiç kime meňzäňok. Çünki Ýaradan her kimi aýratyn bir röwüşde, dürli-dürli görnüşde ýaratdy” diýilip, bir akyldaryň sözünde getirilýär. Çaga terbiýesi hakda on üç sany kitabyň we müňlerçe makalanyň awtory Angelo Battero şeýle ýazýar: “Özi bolup kemala gelmeýän, özüçe pikirlenmeýän, özgeleriň geýnişine we pikir ýöredişine öýkünýän adam iň betbagt adamdyr”. “Alla gökden bir ýagmyr inderdi we jülgeleriň hersi öz mukdaryça sil boldy”. Her kimiň özboluşly keşbi, başarnygy, sypaty, zehini, başarnygy bar. Bir şahsyýet beýlekä meňzejek bolup, öz tebigy bolşuny ýitirmesin. Beýlekiniň reňkinde eräp gitmesin.

Sen anyk belli bir işiň hötdesinden gelmegiň üçin kesgitli ukyp-başarnyklar bilen ýaradyldyň. Il-gün aýtmyşlaýyn: “Özüňi oka! Näme edip biljekdigiňi öwren!”. Şonda sen nähili maksat üçin ýaradylandygyňa akyl ýetirersiň we durmuşdaky wezipäňe dogry düşünip, öz ornuňy taparsyň. Emerson “Özüňe daýan!” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Wagt geler. Adamlaryň ylmy ynamyň derejesine ýetende, olar görüplik etmegiň nadanlykdygyna, özgelere öýkünmegiň bolsa özüňe kast etmek bilen barabardygyna akyl ýetirerler. Ýagdaýlaryň dürlidigine garamazdan, her kim durmuşy özüçe kabul eder, özüçe düşüner. Şeýle hem daş-töweregiň gowulykdan dolydygyna garamazdan, her kim özüne berilen ýeri bakyp-bejermese, ondan bir däne hasylam alyp bilmez. Ynsan hem özüne seretmelidir. Öz ukyp-başarnygyny ösdürmelidir. Ynsanyň içinde basyrylygy ýatan güýç tebigatdaky täze bir güýçdür. Bu güýjüň mukdaryny hiç kim ölçäp bilmez. Şol güýji oýaryp bilseň, örän köp zady başaryp bolar”.

Çeşme: Rahmet Gylyjow, “Halallyk kyssalary”

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir