Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Soňky wagtlar talyplarda online bolýan agzalaryň we ýazgylaryň sanynyň artmagy göz-görtele görünýär – bu örän begendiriji ýagdaý! Men şu ýagdaýy pikir edip otyrkam, sahypamyzyň köne halyndakyda Şahyryň “ýazgy ýazmak we özümizi bu babatda kämilleşdirmek” baradaky ýazanlaryny ýadyma saldym. Dogrudanam, şu ýagdaý bärdäki ähli agzadyr myhmanlarymyz üçin örän ähmiýetli bolup durýar. Näme üçin?! Ynha, pikirimçe sebäpleri: 1- mekdep, üniwersitet we iş ýeriňde saňa berlen (öý) işleriň arkaýynlyk we oňat ýagdaýda hötdesinden gelmek; 2- arza ýazmakda, derdiňi düşündirmekde, resminamalaryň rejelenmeginde özüňi has oňaýly duýýarsyň; 3- guramalar arasyndaky şertnamalarda bu ýagdaý örän wajyp. we ş.m. ýagdaýlar üçin örän gerekli. Bu babatda size mysal hem bereýin: Napolýon Bonapard-yha bilýäňiz. Ol çagaka örän ejiz bedene eýe bolupdyr, üstesine sakaw ekeni, derdini düşündirip bilmän dostlaryndan, ynsanlardan gaçar ekeni. Gürlände-de egnini silkip gürlär ekeni. Ol şu ýagdaýlardan halas bolmagy pugta ýüregine düwýär we: 1- Her gün deňiziň kenaryndan ylgap, sport görnüşleri we gylyç bn dynuwsyz türgenleşip, ejizje bedenini kaddy-kamata getirýär, güýçlendirýär. 2- Sakawlyk meselesini bolsa, şaglap akýan deňiziň içine girip, çasly ses bilen ýadaman-ýaltanman gepläp çözüpdir; 3- Egnini silkip gepleme ädähedini bolsa, geplän wagty eginleriniň üsttüne gylyç goýup, bu gylygynyň hem ýok bolup gitmegine sebäp bolýar. Ynha, görşüňiz ýaly, her ýagdaý üçin şeýle çykalgadyr çäreler bar, elbetde, erkiň we yhlas bn islenip, amal edilen ýagdaýynda. Hawa, siz agzalary hem şu sahypada ýazgy ýazmaga, onda-da köp sanly hem-de Türkmen diliniň kada-kanunlaryna laýyklykda we säwliksiz ýazgy ýazmaga çagyrýaryn! Kim bar :)

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir