AHMET BEKMYRADOW

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň meşhur alym Ahmet Bekmyradowyň ady ebedileşdirilip, okan mekdebine dakyldy. Ahmet Bekmyrat meniň ömrümiň bir bölegi. Adam ömri ýalaňaç wagtdan, aý-gün, ýyllardan däl-de, gatnaşan, görüşen, dostlaşan adamlaryndan durar eken. Çünki adam ömri diňe onuň özüne däl-de, özgelere-de degişli zat. Ýaşaýşyň beýik ahlak manysy, barçany ýaradan Allatagalanyň beýik adyllygy hut şundan ybarat bolsa gerek. Ýekelikde, ýalňyzlykda ömür diýilýän zadyň, şol zady aňladýan düşünjäniň kemala gelmegi asla mümkin däl. Adam diňe doglanda, onsoňam ölende ýalňyzdyr. Bu iki ýalňyzlygyň arasynda bolsa ömür diýilýän iň süýji, iň gymmatly hem juda sadadan çylşyrymly kyssa bar. Özem hut ýalňyzlykdan gaçybatalga, sypalga bolany üçinem ol süýji hem gymmatly zatdyr. Ömri dogluşyň hem ölümiň ýalňyzlygyndan halas edýänler adamlardyr. Ahmedi ýatlamagym meniň kalbymda ýalňyzlyk filosofiýasynyň oýanmagyna, şeýle hem meni edil şu pursat üç sany pikire iterdi. Birinjiden: hut şu pursat men, megerem, türkmeniň «Ýekelik Hudaýa ýagşy» diýen sözüniň hasratly manysyna düşünendirin ýa-da oňa düşünmäge islendik başga bir wagtdakysyndan has ýakyn durandyryn. Hudaý absolýutdyr, absolýutda bolsa ikileýin düşünjeler bitewülige, bir zada öwrülýär, gije bilen gündiziň, ak bile garanyň, ölüm bilen diriligiň arasyndaky çäk ýitýär. «Hudaý» diýmek bularyň ikisi birden diýmek bolsa gerek. Şu manyda absolýutlykdan, ýagny bakylykdan Hudaýyň özi saklasyn. Duşuşyk – otnositel, aýralyk – absolýut. Birinjisi – ömür, ikinjisi bolsa – ölüm, ýa-da ýalňyzlyk. Adamyň az pursatlyk ömrüni men hemişe ölüme gatnaşygynda şeýle göz öňüne getirerdim: öňüň tümlük, soňuň tümlük, aralykda bolsa kiçijik nurluja yşyk. Tümlük ýalňyzlyk hökmünde öz-özlügindäki zat bolsa, ömür yşyk, nur hökmünde predmetleriň, şahsyýetleriň, ykballaryň biri-birinden täsirlenmesinden, çaknyşygyndan, tapyşygyndan emele gelýär. Hudaýa şükür, adam ömri öz-özlügindäki öz-özüne barabar, özgelere mätäçligi ýok zat däldir. Ýekelik ömre däl, ölüme ýagşydyr. Ikinjiden: türkmen ruhunyň problemalary hakynda dünýä paýhasynyň, onda-da edebi paýhasynyň fonunda pikirlenýärsiň welin, ine, onsoň ýokarky mesele E. Hemingueý, G.Markes tarapyndan gozgalan ýalňyzlyk problemasyna özboluşly türkmen öwüşginini çaýýar. Şol özboluşlylygy men adamlar bilen bile ýaşalýan ömrüň mähirliliginde görýärin, ýalňyzlyk bilen ölüm bolsa sowuklykda dogandyrlar. Magtymgulyny ýada salýaryn: «Eý, agalar, buzdan sowuk dünýäde». Nähili türkmençe aýdylypdyr! Muny «mähirsiz, ýalňyzlykdaky, söýgüsiz dünýäde» diýibem «terjime» etse bolardy. Mähir diýmek bolsa çogy, Güni, yşygy aňladypdyr. Biziň örän gadymdan gelýän nakyllarymyz bar: «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn». Aý hem Gün ýagtylyk, nur çeşmesi, olar bolmasa dünýä baky tümlükde – ýalňyzlykda, ýagny sowuklykda ýaşamaga mejbur. Munuň özi kosmiki ýaşaýşyň kanuny, edil şonuň ýaly, adam ýaşaýşynyň kanunlary boýunça-da ömrüň, nuruň çeşmesi il-gün, adamlar bilen ykbal hem ömür birligindedir. Fiziki hem ruhy dünýäleriň parallel ýaşaýyş mehanizmleri, şeýdip türkmen tarapyndan instinktiw açylýar. Instinkt fiziki kanunalaýyklygy açýar. Intuisiýa ruhy fenomenleri açýar. Logika faktyň üstüni açýar. Ine, ýokarky logika esaslanybam, türkmen ruhunyň ösüşindäki bir etapy – otparazlyk düşünjelerini açyp bolýar. Aý hem Gün otparazlaryň Hudaýydyr. Ýokarky gaty gadymy türkmen nakylyny häzirki türkmen – yslam ruhunda terjime etseň, ol şeýleräk ýaňlanardy: «Ilim-günüm bolmasa, ýagny ýalňyzlyk boljak bolsa, maňa baky ýaşaýyş gerekmez». Üçünjiden: ýazyjy Kömek Kulyýew «Iki sallançak arasynda» diýen obraz-tezisi öňe sürüpdir. Kömege hemişe-de mahsus bolşy ýaly, bu ýerde maddy hem optimistik obrazlylyk bar: ölüm sallançak hökmünde. Hezildigini! Göze birhili ömürden yssy hem ýakymly ýaly bolup dur. Şeýle obraz – opalubkasyny nezireçilik däplerine laýyklykda «Iki ýalňyzlyk arasynda» diýip, ýa-da «Iki aýralyk arasynda» diýip alsaňam boljak, ýöne, sallançak sözi pikire has obrazlylyk öwüşginini berýär. Magtymguluda bar: «Hiç kimden haraý bolmaz, ajal ýakaňdan tutsa» diýip – ine, saňa ölümiň, ýalňyzlygyň, nalaçlygyň, naçarlygyň türkmençe obrazy! Ölümiň türkmen bolup duýulyşy! Biziň ajaýyp şahyrymyz Gurbannazar Ezizowda «Bütindünýä ümsümligin gujaklap» diýen setir bar. Hakyt hristian obrazy, hristian formulirowkasy-da! Elbetde, dünýäniň, ýagny ömürdir ölümiň şu hili duýulyşynyň soňky döwürleriň türkmen ruhy üçin inkär edip bolmajak bir faktora öwrülendigini boýun almak gerek. Ýöne biz illeriň öňünde olaryň özünden alan zadymyz bilen originalsyrap bilmeris. «Bütindünýä aýralygyn (nalaçlygyn, ýalňyzlygyn) gujaklap», megerem, has türkmençe bolardy. «Ahyrýetiň aýralygyn gujaklap» bolsa-ha diňe bir türkmençe däl, üstesine magtymguluça hem bolardy. Ýöne Gurbannazaryň biziň ruhy-edebi ösüşimizdäki hyzmatynyň manysy onuň «ezizowça» aýdyp bilenligindedir. Edebi-medeni fenomen manysynda bolsa, Ezizow ýarym hristian – ýarym türkmen çeperçilik hadysasydyr, çünki ol älem giňişlikleri barada «ahyryýet» däl-de, «bütindünýä» düşünjesini ulanýar, birinjiniň manysy ölümden soňam ömri göz öňünde tutýanlygynda, ikinjiniňki bolsa ölümden soňky ölümi bilmeýänligindedir. Dostlarymyzyň ölümi edil doganlarymyzyňky ýaly kalba weýrançylykly täsir edýär. Dogan – ganymyzyň bölegi, dost – janymyzyň hem kalbymyzyň bölegi. Ahmet maňa hem dogandy, hem dostdy. Men onuň bilen baglanyşykly ýatlamalaryň käbirini «Amerikany ilki bolup kim açypdyr ýa-da «Türkmennama giriş» diýen kitabynyň soňundaky «Türkmenleri kim açypdyr» atly sözsoňuda ýazypdym. Öz ýitiren eziz adamyň baradaky şahsy ýatlamalaryňy kalpdan kagyza geçirmegiň öz ruhy güzaply pursatlary bar. Men onuň kitabyna ýazan sözsoňymda, esasan, onuň bilen baglanyşykly wakalar hakda ýazan bolsam, edil häzir meniň Ahmediň bütin köpçülige elýeterli kitaplarynyň käbiri hakynda gürrüň edesim gelýär. Enem käte özgäň hasratyna hakyky manysynda düşünmegiň, ol hasraty dolulygyna kabul etmegiň mümkin däldiginden söz açyp, «Ten aýry – jan aýry» diýýär. Beýik F.Dostoýewskiý bolsa «Ynsany Isanyň talap edişi ýaly söýmek mümkin däl, arada duran «Men» päsgel berýär» diýipdir. Şu manyda adamlar şindiki ömürlerinde-de belli bir derejede ýalňyz bolsalar gerek. Şeýle-de bolsa, ykballaryň, ýürekleriň sataşygyndan, alyşygyndan ýaňa adamlar biri-birine juda höwrügip gidýärler. Ahmet neresse ikimiziň gatnaşyklarymyzda-da şeýleräk zatlar bolup geçipdi. Şu hili ysnyşyk, megerem, maňa onuň zehininden çogup çykan eserleriniň manysyna has içgin göz ýetirmäge kömek berýändir? Çünki alymyň ýa ýazyjynyň zehin miweleriniň onuň şahsyýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy hemmelere belli umumy hakykat. Meniň elimde beýik klassyk şahyrymyz Nurmuhammet Andalybyň «Şygyrlar hem poemalar» ýygyndysy. Ýygyndynyň başynda Ahmediň «Kitap gördüm Andalypdan» diýen sözbaşysy ýerleşdirilipdir. Diňe şu çaklaň makalasyndanam Ahmediň nähili läheňdigine akyl ýetirip bolýar. Meniň pikirimçe, Ahmediň edebiýatçy hökmünde güýçlüligini, öz ylmy opponentlerinden rüstemligini bir zatdan – onuň şahsyýetliginden gözlemeli bolsa gerek. Ahmet Bekmyrat biziň edebiýat ylmymyza şahsyýet bolup geldi. Köpler ylym, munuň özi diňe akyldyr diýen ynanja gulluk edýärler. Ahmet alym üçin edil ýazyjy ýa şahyryňky ýaly ýüregiň gerekdigini görkezip gitdi. Ol edil ylymda-da şahsyýetiň birinji planda durmalydygyny, diňe şonda hakyky ylmyň dörejegini subut etdi. Eýesi bolmadyk haýsydyr bir ideýanyň, pikiriň ylymda bitirýän goşunyň ýokdugyna ol ir akyl ýetiripdir. Şonuň üçinem ol edebiýat ýolunda baş goýdy, munuň üçin öz zandyndan çykan ideýalaryny, janyny juda köp çeken çilimleri kimin harç etdi. Biz: «Sungat oýun, sypjyklyk bilen aldyrmaýar, munuň üçin özüňi pida etmeli» diýýäris. Ahmet ilkinjileriň biri bolup ylymda-da şu hili ýowuz kanunalaýyklygyň hökmürowanlygyny aýan etdi. Ylymda-da edil sungatdaky ýaly özüni aýanyň, degdim-gaçdym edeniň işi pyrryk eken. Ýüregini orta goýýandygy üçinem Ahmediň makalalary ajaýyp edebi artykmaçlyklara, estetiki gözellige eýe boldumyka diýýärin. Sebäbi edebi lezzetlilik şirelilik, duýguçyllyk bilen bagly, duýgy – edebi-çeper faktoryň enesidir, duýgy ýürekden çykýan zat. Duýgusy garyp, abstrakt akylyň önümi bolan edebi çeperçilik bilen bezelen şygyr setirleriniň gadyr-gymmatyny syzmaga, ony akyl formalaryna «terjime etmäge», olaryň estetiki gymmatyny ölçeýän gurala öwrülmäge ukypsyzdyr. Edebiýatçy üçin intuisiýa iň bir zerur ukyplaryň, fantaziýa bolsa iň bir zerur zehinleriň biri eken. Men ady agzalan makalanyň, göräýmäge, ähmiýetsizräk görünýän bir ýerinden mysal almakçy. «Bäşinjiden, Andalyp diňe gazaldyr müsemmediň däpleşen obrazlary, çeper aňladyş serişdeleri bilen mydar etmändir. Ol bu babatda olary baýlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge erjeşipdir. Mysal üçin, şahyryň «Gül bakyp, gunça agzyny açyp haýran-haýran», «Gam gylyjy bilen başym çapar men», «Görgeç meni, ýapyşdy gazmaň pyçaga, dilber» ýaly onlarça janly, obrazly setirleri özüniň täzeligi, terligi, hakyky çeper beýan etmelere ýakynlygy bilen tapawutlanýar». Nähili synçylyk, nähili ajap çeper intuisiýa! Setirleriň şo hili janlylygyny, obrazlaryň şu hili täze – terligini syzmak üçin tüýs şahyrana natura, şahyrana ýürek hem edebi ýasaw gerek. Okumyş, sowatly adam diňe ýarty edebiýatçy eken. Ahmetden öňki edebiýatçylarymyzyň köpüsi çeper-obrazly pikirlenme ylmy işiň ýa makalanyň göterýän zady däl, edebiýatçy öz subýektiw täsirlerini hem duýgularyny ýanynda goýup, kagyz ýüzüne logiki gurallary hem delilli guraksy pikirlenmelerini geçirmelidir diýen prinsipi gollanan bolara çemeli. Şonuň üçin beýle makalalaryň köpüsi içgysdyryjy, ýürege dahylsyz, adam göwnüni gozgamaýan zatlar bolup galypdyr. Ahmet babatda bolsa goşgy ýazmaýan şahyr, makala ýazýan ýazyjy diýen logiki taýdan alnyňda paradoksal, emma tüýs hakyky kesgitleme adalatly bolsa gerek. Aý, hawa-da, hakykat, hatda onuň belli-belli ýüze çykmalary-da logiki kesgitlemelere sygyp durmaýar. Edil şonuň ýaly, edebi hakykatlaram ýeke bir pikir ýöretmelerine sygyp duranok. Biz köp edebiýatçylarymyzyň makalalaryny, kitaplaryny okap, ter, janly hem köpöwüşginli edebi-çeper reallygyň şowakör paýhasyň guraklygy zerarly zer-zaw edilişini görýäris, muňa ýüregiň awaýar. Türkmen edebiýatçysynyň şeýlekin iki tipiniň ýüze çykmagyny, Ahmediň özünden öňkülerden şonuň ýalaky düýpli tapawudyny näme bilen düşündirmeli? Meniň pikirimçe, tapawut şundan gelip çykýar: özgeler edebiýaty, ylmy öz hünäri, belli bir sosial sredada ýerine ýetirmeli funksiýasy hasaplaýardylar, Ahmet bolsa edebi-ylmy işi öz hünäri däl-de, ykbaly hökmünde gördi, edebiýatçylygy öz şahsy barlygyny, ömrüniň manysyny aýan etmegiň formasyna öwürdi. Edebiýatçy bolmak: onuň üçin belli bir ahlaky sredada ýerine ýetirmeli adamçylyk funksiýasydy. Meniň pikirimçe, türkmen poeziýasynda şeýleräk roly Gurbannazar Ezizow oýnapdy. Şonuň üçinem döreden ugurlarynyň aýry-aýrylygyna garamazdan, olaryň türkmen edebi aňynyň ösüşindäki orny, bitiren hyzmatlary düýp manysy boýunça birmeňzeşdir. Ezizow goşguçylygy sungata öwüren bolsa, Bekmyradow tankydy sungat derejesine ýetirdi. Munuň özi olaryň hiçisine-de arzan düşmedi. Meselä şeýle esasly garaýşymyň bardygy üçinem, akademik Myratgeldi Söýegowyň: «Sen türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň Gurbannazarysyň, Ahmet» diýen sözleri asla-da badyhowa ýa öte geçilip aýdylan zat bolup eşidilenok. Ýekeje aýtjak zadym: Myratgeldi Söýegowyň ýokarky sözleminde «öwreniş» sözi artyk ýaly bolup dur, ol gürrüňiň arasyna köpsözlüligi hem resmi sowuklygy salýan ýaly bolup dur. Ýöne, Ahmediň işlerinde weli resmi ýa akyl sowuklygyna gabat geläýmersiň. Bu ýerde hemme zat ýürek mähri bilen ýyladylandyr, kalbyň nury bilenem ýagtyldylandyr. Hawa, Ahmet öz makalalarynyň, has uly göwrümli ylmy işleriniň stil gözelligine, edebi-çeper täsirliligine uly üns berdi. Onuň öz ownukly-irili işlerine dakan atlaryna üns berip görüň. Dogrudanam, munuň özi sap ylmy hadysa däl. Aslynda biziň ruhy durmuşymyzda Ahmet Bekmyrat diýilýän hadysanyň özi ýeke bir ylmy – ýagny, professional däl, eýsem munuň üstesine, hatda mundanam beter hem ideologiki, hem graždanlyk, hem ahlaky fenomendir. Şu ýerde ilki bilen meniň öz milli aňymyzyň ösüşi üçin Ahmediň nähili ideologiki hyzmatlary bitirendigine ünsi çekesim gelýär. Ideologiýa – munuň özi, meniň düşünişimçe, belli bir jemgyýetçilik sredasy üçin ýaramly bolan ideýa gymmatlyklarynyň sistemasy. Jemgyýetçilik sredasy diýip türkmen milletini alsak, onuň milli aňynyň ösüşinde, milli ruhuň çylşyrymlaşmagynda, milli erkiň giňelişinde birnäçe ideýa gymmatlyklary zerur bolup durýar. Ahmediň gozgan problemalary, edebiýatyň meseleleriniň üstaşyry açan temalary milli aňyň ösüşinde belli bir hadysa bolupdy diýsek ýalňyşmarys. Munuň özi, ilki bilen, türkmen halkynyň döreýşiniň, onuň beýik milli geçmişiniň meseleleridi. Edebiýatçynyň iň iri işleriniň gozgaýan problemalaryna ser salýaryn: «Sadrançnama» – dünýäniň küşt boýunça ilkinji çempiony, orta asyr türkmen küştçüsi as-Suly hem türkmeniň geçiş siwilizasiýasynyň ýokary derejedäki özboluşly sistema bolandygy hakynda; «Göroglynyň yzlary» – gadymy oguzlaryň döwlet, etniki gurluşy hem nesilleriň ruhy üznüksizligi üzre onuň edebiýata siňip, şu günlere gelşi barada; «Andalyp hem oguznamaçylyk däbi» – ýene-de gadymy oguzlaryň ruhy gözýetimleri, olarda milli aňyň hem hakydanyň juda ösen formalarda bolandygy, olaryň özboluşly taryhy hakydasynyň hem sene ýazgysynyň ýöredilendigi barada; «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri» – beýik Pyragynyň edebiýatda bitiren hyzmatlary hakynda; «Örtemäň meni» – türkmen söweşjeňlik ruhunyň, ar-namyslylygynyň, milli garaşsyzlyk ruhunyň ýüze çykmasy bolan Seýitnazar Seýdiniň ömür hem döredijilik ykbaly barasynda; «Amerikany ilki bolup kim açypdyr ýa-da Türkmennama giriş» – «türkmen» sözüniň gelip çykyşy, Amerika düşen oguzlar, Oguz hanyň kemala gelşi hem onuň folklora «siňip gidişi» hakynda. Ine, işleriň diňe temasynyň görkezilmegi-de Ahmediň biziň milli ideologiki aňymyzyň kemala gelmegi ugrunda nähili köp zähmet çekendigini görkezýän bolsa gerek. Ol düýrmegi bilen öz halkynyň geçmişini dikeltmäge, onuň edebiýatda-da, dürli ýazgylarda galan taryhyny janlandyrmaga berildi. Meniň pikirimçe, türkmenleriň döwlet-etniki strukturasyny täzeden açmak Ahmede oňat başartdy, çünki onda milli guwanç duýgusy, milli psihologiýany, milli diliň inçeliklerini diňe bilmek däl, eýsem onki süňňi bilen syzmak ukyby bardy. Halkyň geçmişini dikeltmek, ony real faktora öwürmek üçin halkyňy ogullyk söýgüsi bilen söýmäni başarmaly eken. Ahmediň türkmen milli ruhy aýratynlyklaryna başgaçarak düşünen gaýry milletden bolan taryhçylaryň ýa-da sowet ideologiýasyna berlen türkmen taryhçylarynyň öňündäki artykmaçlygy şondan ybaratdy. Şol tebigy artykmaçlyk bolsa köp umytlary döredýärdi. Ahmediň alym hökmündäki fundamentalizmi, türkmen ogly hökmündäki maksimalizmi, graždan işjeňligi bol miweleri getirdi. Onuň bu meseledäki esasy hyzmaty – munuň özi oguz zamanlaryndaky taryhy geçmişiň häzirki türkmenler üçin howaýy bir zat bolup galan, onuň dilinde, edebiýatynda, filosofiýasynda, psihologiýasynda hem etnografiýasynda ýaşap gelýänligini subut edenligindedir. Ýogsa, biziň käbirimize birwagtky dünýäni sürüp geçen, dünýä ýaň salan türkmenleriň şu güne ruhy dahyllylygy, birhili, gümana bolup görünýärdi. Öz milletiňe gop bermek, onuň sowet döwründe çöküşen ruhuny aýak üstüne galdyrmak, onda-da geçmişiniň beýikligini aýan etmek arkaly öz-özüne sarsmaz ynamy döretmek – ine, Ahmede şol işlerini ýazdyran maksatlar şulardan ybaratdy. Beýle tutumly hem inçe maksatlara ýetmek üçin bäri-bärleri tozadanyň asla ýeterlik däldi. Şol sebäpden Ahmet göni hut Oguz hanyň özünden başlapdy. Oguznamaçylyk diýilýän ýöne bir edebi-taryhy däl, eýsem hut milli-ruhy ideologiki fenomeniň jikme-jikliklerine aralaşypdy. Islendik başga bir türkmen okyjysy ýaly, mende-de, ylaýta-da, «Göroglynyň yzlary», «Türkmennama giriş» ýaly işleriň çuňňurlygy, tutumlylygy guwanç duýgusyny oýarýardy. Milli guwanç duýgusy boş däl-de, esasly progressiw hadysa bolmaly. Bu meselede bolsa, ady agzalýan işler ýaly düýpli ylmy derňewleriň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bardyr. Ahmet aýry-aýry sözlerde, atlarda, nagyşlarda doňup galan taryhy geçmişiň janlylygyny açdy. Şunda ol özge taryhçylaryň aýdanlaryny gaýtalap oňaýman, olary türkmen hökmünde, şol psihologiýany bilýän adam hökmünde tankydy gözden geçirdi. Geçmiş ýa şu günki alymlaryň degişli meseledäki pikirleriniň dogrulygyny kesgitlemegiň baş kriterisi – şol pikirleriň türkmen ruhuna bap gelýänligi ýa gelmeýänligi. Şu hili kriterini Ahmet ylaýta-da, «türkmen» sözüniň etimologiýasyny kesgitlemekde esas edindi. Ine, Ahmediň sözleri! «Taryh ylymlarynyň doktory S.Agajanow şu söze agram berdi. Ol «terjiman» sözi soň «terguman-türkmen» görnüşine geçendir diýen çaklamany öňe sürdi. Ýöne, biziň pikirimizçe, onuň bu çaklamasy heniz doly esaslandyrylan ylmy netije däl. Taryhçynyň nazarlan sözi türkmenleriň taryhy durmuşyna-da, etniki gurluşyna-da, ruhy-psihologik häsiýetine-de onçakly bap gelip duranok... Edil şonuň ýaly bu ýerde hem türkmenlere häzirki adyny parslar dakan bolup çykýar. Geçmişde türkmenler pars dilinden ýokarky «türkmanend» sözüni alyp, özlerine at dakypdyr diýseň, munuň özi onçakly heňe gelmeýär. Eýsem, halkyň öz dilinde özüne beren ady näme bolupdyr? Esasy mesele, ine, şunda... Biziň pikirimizçe, bu adyň gelip çykyşyny daşky meňzeşliklerden gözlemeli däl. Ony halkyň taryhy durmuşyndan, etniki gurluşyndan gözlemeli. Özi-de, biziň aňlaýşymyza görä, meseläni dogry çözmäge beýleki halklardan bolan taryhçylaryň berýän maglumatlaryna garanda, halkyň özüniň döreden taryhy pikiri has giň mümkinçilik berýär». Türkmen bolup türkmeniň taryhyny ýazanyňda başga bolup ýazandan bütinleý üýtgeşik boljak eken. Ahmet kimdir biriniň oýlap tapan sözüne türkmen milli barlygyny sygdyrjak bolanok-da, türkmen ruhuna bap gelýän sözi gözleýär, Janly ruh haýsydyr bir söze gurban edilenok-da, ol janly söz arkaly dikeldilýär. Munuň üçin ogullyk hem graždanlyk borç duýgusy ösen şahsyýetiň gerekligi düşnükli zat. Halk üçin onuň öz oglundan oňat aklawçy bolmajak eken. Şu hili düýpli prinsipler hem ylmy ýörelgeler Ahmede hakykata ýetmäge mümkinçilik berýärdi. Magtymguly Pyragynyň milli aňyň ösüşindäki roly belli bir derejede göz öňüne getirilen zat. Şoňa garamazdan, onuň şahyr hökmündäki beýikligi, umumy türki edebi-çeper ösüşiň kontekstinde onuň roly doly aýdyňlaşdyrylandy. Magtymgulynyň ýüzlerçe, hatda müň ýyllyk aňry gidýän oguz edebiýaty bilen gönüden-göni baglanyşygy gümana bolup galýardy. Ahmet şu meseläni çürt-kesik etmegi öz üstüne aldy hem-de tutumly bir işi ýazdy. Ol ilkinji bolup Magtymgulynyň hakyky halypalaryny görkezdi, onuň türkmen milli şygyr formasy goşugy kämilleşdirmek boýunça bitiren hyzmatlaryny ýekänme-ýekän görkezipdir. Munuň özi boş sözlerden gaça duran Ahmediň anyk meseleler bilen meşgullanandygyny görkezýän faktdyr. Şonuň bilenem bu görkeziji ylmyň çäklerinden çykyp, ählumumy ideologik mana eýe bolýar. Milletiňe hyzmat etmegiň iň oňat görnüşi – anyk professional borjuňy ak ýürek bilen ýerine ýetirmekdir. Professional başarnyklaryň ýokary derejede ösen ahlak-graždanlyk duýgularyna eýlenmegi özüniň oňat netijelerini berýär. Ahyrky netijede Ahmet Magtymgulynyň türki halklaryň içinde diňe türkmenlerde bolan sözüň hakyky manysyndaky milli şahyrdygyny subut edýär. Bu bolsa eýýäm ideologiki hadysadyr. Şeýle hadysa her bir türkmende milli duýgynyň çuňlaşmagyna getirýär. Milletiň umumy ösüşi masştabynda bolsa bu hasam ähmiýetli fakta öwrülip biler. Milli duýgynyň ösmegi bolsa sosial, ykdysady, ahlak meselelerde işjeňligiň artmagyna getirýär. Ýöne Ahmediň gözleýji erki XVIII asyrdanam aňryk gidýär. Ol Andalyp hakynda ýazan makalasynda şeýle düýpli meseläni gozgaýar: «XVI – XVII asyr türkmen edebiýatynyň döredijilik ugurlary, onuň žanrlary... heniz tarplygyna ýatyr. Asla biz XVI – XVII asyrlarda häzirki türkmen topragynda şahyrlar ýaşandyr hem öýtmedik. Şahyr tapsak XVIII asyra getirip dykdyk. Mysal üçin, «Türkmen edebiýatynyň taryhyny» alyp görseňiz, bu asyrlarda häzirki türkmen topragynda ýaşan ýekeje-de şahyry tapyp bilmersiňiz. Emma özümiz bolsa XVIII asyry türkmen edebiýatynyň «altyn asyry» hasaplaýarys... Emma biz bolsa, Magtymguly ýaly ägirdi beren XVIII asyr türkmen edebiýatyny birdenkä öz-özünden döräýen edip goýýarys».Milli edebi ösüşiň yzygiderliligini dikeltmäge mümkinçilik berýän şeýle ylmy pikirlenme, eger isleseňiz, ahlaky faktor bolup durýar. Sebäbi edebiýatyň taryhynyň öňkülere garanda has aňyrdan başlanmagy milletiň ruhy ösüşiniň taryhynyňam has uzaldylmagyny aňladýar. Bu bolsa iş ýüzünde türkmen halkynyň gaty gadymyýetden gaýdýan halk ekendiginiň gürrüňidir. Kökler näçe uly hem çuňluga gidýän bolsa daragt hasam berdaşly hem özüne ynamly bolýar. Özüňe ynamlylyk hem berdaşlylyk bolsa biziň öz öňümizde goýýan esasy ruhy maksatlarymyzdyr. Ahmediň ömür işiniň häzirki wagtda şeýle asylly maksatlara hyzmat edýändigi örän ýakymly zatdyr. Şu ýerde rus şahyry Nekrasowyň: «Şahyr bolmagyň hökman däl, graždanin bolmaga weli borçlusyň» diýen ganatly sözleri hakydaňa gelýär. Göwnüme bolmasa, bu birtaraplaýynrak pikir bolup görünýär. Çünki öz professional borjuňy ýokary derejede oňat bitirmezden, graždanin bolmak asla mümkin däl bolsa gerek. Graždanin diýen professional borç ýok, ol meseläniň ahlak tarapy. Her kim Ahmet ýaly öz degişli borjuny oňat bitirmek bilen graždaninligini subut edip bilerdi diýip pikir edýärin. Hawa, Ahmet hakyky graždanin, öz halkynyň ogludy, sebäbi ol hakyky alymdy. Onuň okumyşlygy, sowatlylygy, zähmetsöýerligi alymlyk keşbiniň gutarnykly formirlenmegine getiripdi. Türkmen edebiýatynyň taryhyna, şu gününe onuň özüniň düýpli hem esasly garaýyşlary bardy, aýry-aýry şahyrlara, ýazyjylara özboluşly baha kesişi bardy. Diýmek, onuň ylmy garaýyşlary üzlem-saplam, tötänliklerden düzülen däldi-de, hut belli sistemany emele getirýärdi. Ol öz halkynyň taryhy ýazmak däbiniň bolandygyny ýüze çykaryp, muny örän gadymy döwürlerden alyp gaýtdy. Ol orta asyr türkmen edebiýatynyň ösüş mehanizmlerini aýdyň göz öňüne getirip bilýärdi. Ahmediň «Görogly» eposy barada ýazan işlerini türkmen alymlaryndan bu hakynda ýazanlarynyň iň güýçlüsi hasap edýärin. Dürli alymlar Göroglynyň real prototipini tapjak bolup haýyr-heläk boldular. Kim XVI asyrdan, kim XVIII-den, kimem XII asyrdan Göroglyny gözledi. Ahmet bolsa meseläni hut Oguz hanyň özünden alyp gaýtdy oturyberdi! Munuň özi ylmy batyrlygyň ajaýyp nusgasydyr. Iň esasy zadam, gep Ahmediň mamlalygynda. Oguz hem ugurjyk sözleriniň transformasiýasy, Oguz hanyň guran döwletiniň etniki-syýasy gurluşy, «Agaýunus» sözüniň etimologiýasynyň açylyşy asla hiç neneň diýer ýaly däl. Biz bu ýerde alymyň aýdýan pikirini subut etmek üçin getirýän edebi, psihologik, etnografik, lingwistik, taryhy delilleriniň giden bir sistemasyny görýäris. Ol deliller ýerbe-ýerinde goýlup, ylmy garaýyşlaryň kompleksini düzýär hem awtoryň özboluşly ýörelgelerini alamatlandyrýar. Edil durmuşyň özündäki ýaly Ahmediň ylmy garaýyşlaryna organiklik hem tebigylyk mahsusdyr. Bu taýda ýasama ýa çişirilen, ýa haýsydyr maksatlar üçin ýoýlan faktlara asla gabat gelmersiň. Munuň özi onuň alym hökmünde çirksizligini görkezýän zatdyr. Gümana zady, göýä, gutarnykly kesgitlenen hökmünde görkezmek, ykrar ediläýmeli zatlary gümansyratmak Ahmediň stilinde ýok. Onuň fantaziýasy çuň. Şol fantaziýa-da ýalaňaç faktlaryň üstüni örtüp, olaryň özge akyldan sypýan içki logikasyny düzmäge mümkinçilik berýär. Ýekeje mysal: «Mao-tukyň ýa-da Oguz hanyň söýgüli aýaly «Ýançjy» diýlip atlandyrylypdyr. A.N.Bernştam, W.N.Kýuner dagy bu atdaky «ýan» bölegiň gadymy türki dilde ot manysyny aňladandygyny belleýärler... Ýöne başky böleginden çen tutsaň, onuň «gözel», «aýal», «hatyn» manylaryny aňladýan bolmagy ähtimaldyr... Göroglynyň aýalynyň adynyň Agaýunusdygyna okyjylar belet... Eger ýalňyşmasak, bu söz şeýle ýol bilen emele gelipdir: sözdäki «ýun» gadymky ýan sözüniň üýtgedilen görnüşi. Gadymy türki dilde «us» sözi arkaly owadan, gözel manylary berlipdir. Häzirki türkmen dilindäki «uz» sözi hem şonuň bilen bagly». Şu setirleri okaýarkam meniň ýadyma D.I.Mendeleýew hem onuň periodik sistemasy düşdi. Alym käbir indi açylmaly elementleri öňünden çaklap gidipdir. Munuň özi ylmy öňden aýtmagyň ajaýyp nusgasydyr. Şeýle fakt hökmünde Ahmediň «ji» goşulmasy hakynda aýdýan «hatyn», «aýal» bolmaly diýen çaklamasyny-da agzamak mümkin. Dogrudanam, «gaýyn ekeji», «bajy», «mekejin» ýaly sözlerde goşulma hökmünde saklanyp galan -jy «aýal» manysyny berýär. Aslynda şo «jy» ýa «çi» bilen «us» bir söz ýa-da goşulma bolsa gerek. Ýöne Ahmet şu hili lingwistik tärler bilen çäklenenliginde beýle uly derejä ýetmese-de ýetmezdi. Gyzykly ýeri, ol şu dil-söz bilen baglanyşykly pikirleri etnografik ýa taryhy goşmaçalar bilen sarsmaz derejede berkidip goýýar. Onsoň şeýle berk delilli pikir alyp biljek garşydaş tapylmaýar. Ahmediň jedelhonlyk ukyplary «Örtemäň meni» kitabynda hasam oňat ýüze çykdy. Ylmy jedel etiki normalaryň çäklerinde bolmaly. Ahmet bu ýerde öz ylmy opponentleriniň logiki hem faktiki säwliklerini sowukganlylyk bilen birin-birin görkezmegiň hötdesinden gelýär. Adatça, edebiýatçynyň çeper pikirleniş ukyplary polemiki işde has oňat ýüze çykýar. Munuň özi «ylmy jedel» diýilýän zadyň özüniň emosiýadan, awtoryň emosional ahwalatyndan gelip çykýan bolsa gerek. Çünki obrazlylygam düýp tebigaty boýunça emosiýa bilen baglanyşyklydyr. Ýaňsy, kakdyrma, garşydaşyň pikirini onuň öz delilleri bilen ýalana çykarmany başarmak – munuň özi Ahmediň şu kitapda açylýan professional sypatlarynyň diňe käbirleridir. Ahmet çeper prozanyň şireli dilinde ýazýardy. Ýöne diňe dilmi näme? «Örtemäň menini» ýene bir okap çykan, ýagny, meseläniň diňe dil däl-de, sýužet hem kompozisiýa taraplaryna üns beren onuň çeper prozaçylardan pes oturmaýandygyna göz ýetirer. Ahmet Seýdiniň goşgulary arkaly şahyryň ömür ýoluny dikeldýär. Ol ýol belli bir kompozision hem sýužet kanunalaýyklyklaryna esaslanýar. Goşgudan alnan faktlar giden bir wakalaryň, sýužet liniýasynyň emele gelmegine sebäp bolýar. Ine, şu ýerde Ahmediň ylmy açyş ukyplarynyň üsti onuň edebi başarnyklary bilen berkidilýär. Seýdiniň ilki Lebapda, soň Hywada, soňra ýene Lebapda, ondan soň Maryda, iň soňunda bolsa Gürgen-Etrek sebitlerinde başdan geçirýän çylşyrymly hem hasratly wakalaryny edil çeper prozadan okan ýaly okaýarsyň. Awtor goşgulardaky faktlary ilki ylmy dile geçirýär, soňra bolsa prozanyň edähetlerine görä, has giňeldip hem gyzykly edip okyja ýetirýär. Seýdiniň ömür ýoly doly hem gutarnykly, bitewi hadysa bolup dikelýär. Munuň özi Ahmediň edebi zehininiň miwesidir. A. Bekmyradow Seýdiniň ömür ýoluny yzarlanda türkmen halkynyň taryhy ykbaly bilen utgaşdyryp yzarlaýar. Şeýle bolansoň, şahyryň ýaşan döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik ahwaly, döwrüň öňe çykaran derwaýys meseleleri göz atuwyňda janlanýar. Awtor beýan eden taryhy giňişliginiň içinden şahyry geçirýär welin, şahyryň durmuşy bijaý aýdyňlygy bilen ýadyňda galýar. Ine, edebiýatçy, taryhçy, ýazyjy üçin nusga edinmeli edebiýata çemeleşiş usuly. Men Ahmediň ömrüniň soňky on iki ýylynda her gün diýen ýaly onuň bilen duşuşdym. Durmuşyň gerek-u-gereksiz ähli meseleleri barada gürrüň etdim. Şonda men bir zada göz ýetirdim. Ahmediň şu günler näme hakda makala ýazýandygyny bilmek kyn däldi, ol iki sözüniň birinde näme barada gürleýän bolsa, diýmek, şol hakda hem ýazýan bolmaly. Merhemetli Prezidentimiz türkmeniň häsiýet aýratynlygy hakda söhbet açanda, türkmeniň begenjiniňem, gynanjynyňam ýüzüne ýazylgy durandygyny, içki ahwalatyny ýüzüne çykarýandygyny nygtapdy. Ahmedem şeýledi. Käbir kişiler diňe özleri hakda gürlemegi gowy görýär. Ahmedem özi hakda gürlemegi erbet görenokdy, ýöne ol seniň gürrüňlerini, aladalaryňy diňlemegi-de başarardy. Ol gowy gürrüňdeşdi. Diňe başarýan zady däl, başarmaýan zady bolsa-da, saňa kömek etjek bolup, çyr-çytyr bolardy. Ýewgeniý Zamýatin «Perdäniň aňyrsynda» atly makalasynda eserine hiç wagt düýpli düzediş girizmeýändigini ýazýar. Onuň sebäbini şeýle düşündirýär: başdan geçen wakaňy ýadyňdan çykaryp, üýtgedip bolanok. Ony diňe timarlap bolýar. Ýazylan eser edil öz başdan geçirmäň, ykbalyň, tanyş-bilişleriň ýaly aňyňda ýaşap ýör. Onsoň olary nädip aňyňdan aýyryp, olara başgaça ykbal, başgaça başdan geçirme berip biljek? Her kimiň öz pikiri özüne dogry. Men Zamýatin bilen jedelleşmek pikirinden daşda, ýöne özüm-ä bu pikire judabir ynanyp baramok. Ýazyjy hil-hil bolýar. Men Berdinazar Hudaýnazarowyň ýazan eserini, L.Tolstoý ýaly, on-on bäş gezek gaýtadan ýazmaýandygyny bilýärin. Ahmet Bekmyradow hem şeýledi. Ol ýazjak zadyny aňynda kemsiz bişirip, soň kagyza geçirerdi. Ol diňe bir gezek ýazardy. Özem ýazan kagyzynda, edil Beki Seýtäkow ýaly boş ýer goýmazdy. Şeýle bir sünnäläp, «polýa» goýman ýazardy. Şeýle bolansoň onuň bir sahypasy maşynkada bir ýarym, iki sahypa çykardy. Özüm-ä, ilki ýazjak zadyňy aňyňda gowy bişirmeli, soňam ony kagyza geçiräýmeli diýen pikiri oňlamok. Başaramogam. Ýazjak zadyňy aňyňda hernäçe bişirseň hem soňundan ýazan zadyň üstünde işläňde ýaz kömelegi ýaly täze-täze pikirler, ýazyp otyrkaň kelläňe gelmedik aňlatmalar, meňzetmeler tapylyp gidip otyr. Ýöne gep bir gezek ýa on bäş gezek göçürip ýazanyňda däl. Gep gowy ýazanyňda. Ol hem, berk ynanjyma görä, Taňrynyň goldawy bolmasa, müň gezek göçüreniňde-de peýdasy ýok. Haýran galaýmaly, Ahmet düzedişe, goşmaça zat goýman ýazyp bilýärdi. Taňry oňa zehini sahylyk bilen eçilipdi. Ýazgymyň soňunda onuň bilen baglanyşykly iki sany wakany ýatlamak isleýärin. * * * Ahmet bilen şol wagtky «Sowet serhetçileri» köçesi bilen ýöräp barýardyk. Ýadawdyk. Şonuň üçin biri-birimiz bilen gürleşmän, herimiz özbaşymyza bir pikire gümra bolup barýardyk. Oslagsyz çykan ses ikimiziňem zährämizi ýarma kemini goýmady. – Duruň! Daýaw garaýagyz kişi öýünden çykdy. – Ýuwaşrak aýdaňda bolmadymy «Duruň!» diýip? Indi ýüregimizi kim ýerine salyp berer? – diýip, Ahmet daýaw kişini boýdan-başa synlady. – Duruň, hiç ýerik gitmäň. – Biz bilen nä işiň? Ýör, Osman – diýip, Ahmet ýöräp ugrady. – Hiç ýerigem gitmersiňiz. – Ine, saňa gerek bolsa. O näme üçin gitmezmişik? Gatam gideris. – Ine, meniň öýüm şu – diýip, äpet kişi kaşaň öýe elini uzatdy. – Bolanda näme. – Meniň öýüme girmeli bolarsyňyz. Siziň bilen açyk gürrüň etjek. – Arkadag, ýüz gram içip öýüň deňinden geçen her kese azar berip dursaň, gowulygyň üstünden barmarsyň. – Sen meniň üçin her kes dälsiň. Men seni tanaýan. Sen Ahmet Bekmyradow! Men saňa şu gün azar berjek. Eger aýdanymy etmeseň, eliňi-aýagyňy güýljek. Ikiňizem basaryn men. – Ahmetden näme ýamanlyk gördüň? – diýip, men töwella etmäge hyýallandym. – Ony men köçede däl-de, öýde aýtjak. Ikiňizem häzir öýe giriň. Biz-ä girmejekden, daýaw kişem bizi öýe girizermen. Ol garşy çyksaň, zoruny görkezmekdenem gaýtmakçy däl. Dawalaşyp durmakdan ýadap ahyr içeri girdik. Içki jaýda giň saçak ýazylypdyr. Saçagyň başynda on-on bäş adam ýazylyp-ýaýrap otyr. – Ýigitler – diýip, öý eýesi gygyrdy. – Ine, siziň öňüňizde ertirden bäri gürrüňini eden ägirdimiz – «Amerikany ilki bolup kim açypdyr» diýen makalanyň, «Görogly – haýsy döwrüň är ogly» diýen makalanyň awtory – türkmeniň taryhynyň janköýeri, türkmeniň är ýigidi, alymlaryň alymy Ahmet Bekmyradow dur. Hemmäňiz ýeriňizden turuň! Öý eýesi: «Ýeriňizden turuň!» diýip-diýmänkä, ähli oturanlar ör galaýdylar. Gelip Ahmet bilen salamlaşýarlar. Ahmet bilen salamlaşýandyklaryna depeleri gök direýär. Men şol duşuşykda türkmen halkynyň öz taryhy bilen şeýle bir gyzyklanýandyklaryna geň galdym, iliň entek bilmeýän zatlaryny, gowy zatlary ýazsaň, halkyň seni hormatlajakdygyny açyk duýdum. Myhmanlaryň bar ünsi Ahmetde. Oňa gowudan gowy zady iýdirjekler, gowudan gowy zady içirjekler, gowudan gowy sözi diýjekler. Ahmediňem beýle hezzet-hormata göwni göterildi. Türkmeniň taryhyna degişli leksiýa okady. Oturanlar heziller edindi. – Injik! – diýip, şol günüň ertesi Ahmet öwün-mäge başlady. – Meni nähili hormatlamalydygyny, meniň nähili beýikdigimi ýedi ýatlardan azajygam bolsa öwrenjek bol. Maňa gözüň öwrenişipdir seniň! «Akga-akga!» diýip, meniň bilen ýönekeý adam ýaly gürleşip otyrsyň. Meniň ýönekeý adam däldigimi düýn azda-kände duýmadyňmy? – Duýdum, akga, duýdum. – Duýdugyň ýeterlik däl. Özüňem şolar dek meni hormatla. – Nätdiň-aý, seni hormatlamadyk ýerim barmy? Saňa ýaranjak bolup, mydama elim sumkaly magaziniň ýolunda men. – Derrew öýkeläberýäň-aý sen. Ýeri, bolýa, hormatlaýaň. Ýöne azrak bolýa. Men seniň ýüregiňi, halkyň ýüregini näme hakda ýazyp awlap boljakdygyny bilýän. Sizem mydama halkyň näme hakda okasynyň gelýändigi, akgaňyzyň näme isleýändigi barada oýlanyň. Şu iki zat hakda oýlanyp zyýan çekseň, meniň ýanyma göni geläýgin. Ýeten zyýanyň öwezini dolaryn. * * * Ahmet arzuwçyldy. Ol her aýda birki gezek şol bir teklibini gaýtalardy. «Biz döredijilik adamy. Türkmenistany bäş barmagymyzdan hem gowy bilmeli. Esengula gitmeli, balykçylaryň durmuşy bilen tanyşmaly. Köýtendaga gidip, dinozawrlaryň yzyny görmeli. Ikimiziň bolsa Soltanýazyň gyry bilen Magtymgulynyň ýadygärliginden başga gören zadymyz ýok. Sen gezelenjiň guramaçysy bol. «Türkmenistan kommunisti» žurnalynyň işgärleridiklerimizi bilseler, bizi nirä barsagam gujak açyp garşylarlar». «Haçan gideli? Ertir ugrabersek nähili bolar?» «Derrew bokurdakdan ýapyşyberýäň. Näme üçin ertir? Birki gün howlukma». «Onda şu gün-ä ikinji gün, indiki birinji gün göni Esengula gidýäs». Ahmet ýüzüňe şeýlebir naýynjar seredip, uludan demini alar. «Näme, jogap bereňok? Gidýäsmi?» «Gidýäs, gidýäs». Men her gün gitmelidigimizi ýatladyp ugraýan. Baş redaktorymyza aýdyp, komandirowka almagyň ugruna çykmalydygymyzy ýatladýan. «Gitjek bolsak, onda ony gowuja maslahatlaşaly. Şu gün öýe gideli. Kömek Kulynam alyp, Änewiň baýryna çykaly. Şol ýerde maslahatlaşarys». Änewiň baýrynda Esengula komandirowka gitmek pikirimizi birki aý soňa goýup, öýe gaýdardyk. Men bu barada aýdyp, onuň juda bir gezende däl-de, öýdeçil bolandygyny nygtamak isledim. 

* * *

Ahmet Bekmyradow hakdaky meniň şeýle üzlem-saplamrak gürrüňim geljekde hasam çuňlaşdyrylmagyna hem anyklaşdyrylmagyna mätäç. Ol hakda aýdara, ýatlara zat kän. Bu, elbetde, gelejegiň işi. Ahmet haýsy zat hakda ýazsa, onsoň şonuň golaý-goltumynda hiç zat galdyrman, «özgä ýazara hiç zat galmandyr-ow» diýdirip, örän çuň öwrenip, analizläp ýazdy. «Sadrançnamasyny» okasaň: «Bu kitaby ýazan alym bütin ömrüni küşdüň taryhy bilen gyzyklanyp geçiren alymdyr-ow» diýdirýär. Görogly, Seýdi, Magtymguly hakdaky pikirleri hem türkmen edebiýaty öwreniş ylmymyza bahasyna ýetip bolmajak, deňsiz-taýsyz goşant boldy.


 Osman ÖDE.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir