MUHAMMET PYGAMBERIÑ PARAPSIHOLOGIK UKYPLARY


 ▶ V. TEBIPÇILIK UKYBY


 Muhammet pygamber ruhy taýdan ýarawsyzlary bejerýän tebip hökmünde-de adamlary we hatda haýwanlary-da bejeripdi. Huzuryna gelen näsaglary köplenç "ellerini galtaşdyrmak metody" bilen bejerip saglygyna gowuşdyrypdy. Ibn Abbas Muhammet pygamberiñ epilepsiýa (tutgaý) keseline ýolugan bir çagany bejerişini şeýle gürrüñ berýär: "Hezreti Muhammet mübärek elini çaganyñ göwsüne goýdy we doga okady. Çaga şobada güýçli asgyrdy we agzyndan gap-gara et bölegi çykdy. Şeýdip çaga sagaldy we keselinden halas boldy". Ýokarda Ibni Abbasyñ gürrüñ berýän bu wakasy filippinli tebipleri ýada salýar. Dünýä boýunça diñe Filippinlerde amala aşyrylan sanjymsyz operasiýalarda synadan çykarylan şuña meñzeş et bölekleriniñ bolandygy mälimdir. Birnäçe parapsiholog bu et bölekleriniñ syna degişli bolman, materializasiýalaşan (maddalaşan) formasiýalar (şekiller) bolaýmagynyñ mümkindigini öñe sürýär. Ýöne barybir bu et bölekleriniñ gurluşyny roly seljermek entek başartmady. Pygamberiñ amala aşyran şeýlekin tebipçilik metodlary bar, bu metodlaryñ diñe magnit tebipçiligi bilen däl-de, telekinetik güýçler arkaly goldanandygyny görmek bolýar... Ynha, aralarynda Omaryñ (r.a) hem bolan köp sanly sahabanyñ şaýatlyk eden bir wakasyny Omaryñ öz sözleri bilen dykgatyñyza ýetirýäris: "Uhud söweşinde Katade ibn Numanyñ gözi hanasyndan çykyp ýañagynyñ üstüne sallandy. Ýañakdan sallanyp duran bu gözi kesip taşlajak bolsalar-da, Hezreti Muhammet Allaha doga edip, Katadeniñ gözüni eliniñ aýasy bilen hanasyna ýerleşdirdi. Netijede Katadeniñ gözi diýseñ gowy boldy görmäge başlady, hatda söweşde çykan gözüñ haýsydygynam bilmän galdyk". Başga bir tebipçilik hadysasynda bolsa, diñe demini ulanypdyr. Füdeýk diýen biriniñ gözlerindäki göreji (катаракта) üfläp bejerdi we näsagyñ täzeden görmegini gazandy. Dem bilen, magnit we telekinetik energiýalaryñ ulanylmagy-da tebipçiligiñ usullaryndandyr. Şeýle-de, parapsihologiýa laboratoriýalarynda geçirilen köpsanly barlaglarda bu metod bilen amala aşyrylan bejergilerde köp adamyñ saglygyna gowuşýandygy görlüpdir. Muhammet pygamberiñ amala aşyran ähli parapsihologik fenomenlerinde şol bir wagtyñ özünde dowamly "Ýokarynyñ" pugtalandyrýan (армирование) ruhy energiýalaryndan-da ýokary derejede (максимальная) goldaw we kömek alýandygy, birnäçe paranormal hadysalary, bu energiýalaryñ hem kömegi arkaly añsatlyk bilen amala aşyrandygy-da aýratyn üns berilmeli hakykatdyr... Şeýle-de onuñ "Köwser" diýip atlandyrylan adatdan daşary güýç bilen gurşalyp alnandygy, "Gurhanda" açyk aýdylýar: "Biz saña Köwser berdik..." ("Köwser" süresi, 108/1). "Köwser!" ~ bu, Ruhy edara ediş mehanizminiñ dünýä ugradan "ruhy energiýalary" diýmekdir. Jennetde "Köwser şerabynyñ" içiljekdigi barada aýdylmagy-da şu manyda ulanylýan bir simwoldyr. Manysy ~ o dünýäde "ruhy dolandyrýan meýilnamalaryñ" janlandyryjy täsirler arkaly oýandyrylmagy we özgermegidir.


Ergün JANDAN.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir