Her pas­lyň öz gö­zel­li­gi bar. Te­bi­ga­tyň dynç al­ýan gyş pas­lyn­da ho­wa has so­wuk bol­ýar. Eý­sem, gyş pas­ly­nyň nä­hi­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar­ka?! Ge­liň, ola­ryň kä­bi­ri bi­len tan­şa­lyň!

Gyş­da de­mir­ga­zyk ül­ke­le­ri­ne sy­ýa­hat ede­ni­ňiz­de, äh­li ýe­riň gar­ly­dy­gy hiç ki­mi geň gal­dyr­maz. Em­ma gar, seý­rek hem bol­sa, adam­la­ryň pi­kir et­me­jek ýer­le­ri­ne ýa­gyp bil­ýär. Dün­ýä­niň iň gu­rak ýer­le­ri ha­sap­lan­ýan Sa­ha­ra we Ata­ka­ma çöl­le­ri­ne hem gar ýag­ýar.

Gar toz­ga­jyk­la­ry adam sa­çy­nyň ýo­gyn­ly­gy ýa­ly hem bo­lup bil­ýär, teň­ňe pu­luň ulu­ly­gy­na ba­ra­bar hem. Gar toz­ga­jyk­la­ry­nyň bi­ri­niň beý­le­ki­si­ne meň­ze­me­ýän­di­gini hem eşidensiňiz! Örän seý­rek hem bol­sa, meň­zeş gar toz­ga­jyk­la­ryna duş gelinýär.

Ýa­gyş­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da gar has ýe­ňil bol­ýar. Se­bä­bi gar bö­le­jik­le­ri di­ňe suw­dan eme­le gel­män, ara­syn­da ho­wa hem bol­ýar. Ga­ryň dü­zü­min­de ýag­şyň on­dan bi­ri ýa­ly suw bol­ýar.

Adat­ça ýa­gyş ýag­ýan wagt­la­ry gök güm­mür­de­ýär. Em­ma kä­ha­lat­lar­da gar ýag­ýan wag­ty hem gök güm­mür­däp bil­ýär. Bu ha­dy­sa ýy­ly ho­wa­nyň ýer­den ýo­ka­ry gö­te­ri­lip, bu­lut­la­ry it­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär. Gy­şy­na gök gü­mmür­di­si eme­le gel­ýän hem bol­sa, köp­lenç eşi­dil­me­ýär. Se­bä­bi gar se­siň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Gy­şy­na eme­le gel­ýän ýyl­dy­rym hem ýag­ýan gar se­bäp­li gö­rün­me­ýär.

Ga­ryň ýe­re dü­şüş tiz­li­gi onuň şe­ki­li­ne we ulu­ly­gy­na gö­rä üýt­ge­ýär. Gar bö­le­jik­le­ri se­kunt­da 30 san­ti­metr­den 180 san­ti­met­re çen­li tiz­lik bi­len ýe­re düş­ýär.

“Gy­şyň gü­ni kyrk tüýs­li” di­ýip ýö­ne ýe­re aý­dyl­man­dyr. Gyş aý­la­ryn­da ho­wa­nyň gü­neş­li­di­gi­ne se­re­dip, ýu­ka geý­nip da­şa­ry çyk­maň! Se­bä­bi, ho­wa­nyň ýylylygy gys­ga wagt­da dü­şüp bil­ýär. 1911-nji ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da ABŞ-nyň Gü­nor­ta Da­ko­ta şta­tyn­da­ky Ra­pid şä­he­rin­de ho­wa 15 mi­nu­tyň do­wa­myn­da 13 de­re­je ys­sy­dan 13 de­re­je so­wu­ga dü­şüp, bu ugur­da­ky re­kord ha­sa­ba alyn­ýar.

Ýa­po­ni­ýa­nyň Ao­mo­ri şä­he­ri dün­ýä­niň iň gar­ly şä­he­ri ha­sap­lan­ýar. De­ňiz ke­na­ryn­da­ky bu şä­he­riň daş-tö­we­re­gi dag­lar bi­len gur­şa­lan. Dag ete­gin­dä­ki asma ýo­ly her ýyl­da müň­ler­çe myh­ma­ny ka­bul ed­ýär. Se­bä­bi ta­nap ýo­lu­nyň tö­we­re­gin­dä­ki gar as­tyn­da­ky ar­ça agaç­lary örän aja­ýyp gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär.

Aşa köp gar ýag­ýan şä­her­ler­de ga­ry aras­sa­la­mak üçin dür­li usul­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Köp şä­her­de gar boş ýer­le­re da­şal­ýan bol­sa, kä­bir şä­her­ler­de ga­ry ere­di­ji ma­şyn­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar

Edebiýat, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir