Gün­ba­tar Af­ri­ka­nyň se­kiz ýur­du­nyň yk­dy­sa­dy we pul bi­le­le­şi­gi (UE­MOA) Af­ri­ka­nyň ma­li­ýe jem­gy­ýe­ti­niň fran­ky­ny do­la­ny­şyk­dan aý­ryp, 2020-nji ýyl­dan baş­lap, ýe­ke-täk pu­la geç­mek ha­kyn­da ka­rar ka­bul et­di. Bu ba­ra­da Kot-d’Iwua­ryň Pre­zi­den­ti Alas­san Uat­ta­ra Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron bi­len ge­çi­ren met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da mä­lim et­di. Af­ri­ka­nyň ma­li­ýe jem­gy­ýe­ti­niň fran­ky 1945-nji ýy­lyň 26-njy de­kab­ryn­dan bä­ri fran­suz hö­kü­me­ti­niň tek­li­bi bi­len Gün­ba­tar we Ek­wa­to­ri­al Af­ri­ka­da do­la­ny­şyk­da ula­nyl­ýar.

Met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da Alas­san Uat­ta­ra in­di bu ýurt­la­rda “eko” at­ly tä­ze pu­luň do­la­ny­şy­ga gi­rizil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ol Af­ri­ka­nyň se­kiz ýur­du­nyň Fran­si­ýa­nyň Mer­ke­zi ban­ky bi­len yla­la­şyk esa­syn­da teh­ni­ki ara­gat­na­şy­gy ýa­ty­ryp, ýer­li ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň tä­ze pu­ly ulan­ma­ga geç­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.

– Af­ri­ka­nyň ma­li­ýe jem­gy­ýe­ti­niň fran­ky hä­zir­ki gün­le­re çen­li mö­hüm ma­li­ýe gu­ra­ly bo­lup­dy. Şeý­le hem bol­sa, bi­ziň has aý­gyt­ly öz­ge­riş­lik­le­ri ama­la aşyr­ma­gy­my­za wagt ýet­di – di­ýip, Uat­ta­ra aýt­dy.

– Fran­si­ýa döw­le­ti Gün­ba­tar Af­ri­ka­nyň Mer­ke­zi ban­kyn­da­ky ma­li­ýe sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mis­si­ýa­da iş­le­ýän we­kil­le­ri­ni yzy­na ça­gy­rar. Mun­dan baş­ga-da, Af­ri­ka­nyň wal­ýu­ta gor­la­ry­nyň Fran­si­ýa­nyň Mer­ke­zi ban­kyn­da sak­lan­ma­gy do­wam et­di­ril­mez – di­ýip, Kot-d’Iwua­ryň Pre­zi­den­ti bel­le­di. Tä­ze pul bir­li­gi Be­nin, Bur­ki­no-Fa­so, Gwi­ne­ýa-Bi­sau, Ma­li, Ni­ger, Se­ne­gal, To­go we Kot-d’Iwuar ýa­ly Gün­ba­tar we Ek­wa­to­ri­al Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da do­la­ny­şy­ga gi­ri­zi­ler.

Täzelikler, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir