MUHAMMET PYGAMBERIÑ PARAPSIHOLOGIK UKYPLARY


 ▶ IV. FIZIKI MEDIUMLYK Fiziki mediumlyk diýilýän fenomenleriñ dürli-dürli alamatlary bolan telekineziýa, lewitasiýa, bereket, şöhle alamatlarynyñ we başga-da paranormal fiziki kada-kanunlaryñ çygryndan aşýan hadysalaryñ Muhammet pygamber tarapyndan dürli wagtlarda we dürli ýerlerde "iñ soñky derejedäki mysallary bilen" amala aşyrlandygyny taryhy çeşmeler hasaba alypdyr. Telekineziýa bilen lewitasiýanyñ utgaşdyrylyp bir ýerde duş gelinen bir fiziki mediumlyk wakasyny sahabalardan Ibni Abbas (r.a) şeýle gürrüñ berýär: "Bir gün bir çarwa arap Hezreti Muhammediñ huzuryna gelip şeýle diýdi: - Seniñ Hak pygamberdigiñi nädip bilmeli? - Şu hurma agajynyñ bir şahasyny çagyryp ýanyma getirsem, meniñ Hak pygamberdigime şahadat getirjekmi? - Elbetde, getirerin. Şondan soñ Pygamberimiz (s.a.w) hurma agajynyñ şahasyny ýanyna çagyrdy. Hurma hoşasy agajyndan gopup ýere düşdi we Resuallanyñ huzuryna syçrap geldi. Hezreti Muhammet hurma hoşasyna ýüzlenip: "Hany, indi öñki ýeriñe bar..." diýdi, şaha hem gitdi. Muny gören çarwa: "Şahadat getirýärin, sen Allanyñ Hak pygamberisiñ" diýip, iman getirip musulman boldy". Muhammet pygamberiñ telekineziýa ukybynyñ alamatlaryndan ýene biri-de "agaçlaryñ ýöremegidir". Sahabalardan Ibni Mesut (r.a) pygamberiñ pisse agajyny (мастиковое дерево) çagyrmagy bilen agajyñ oña tarap birnäçe metr ädim ädendigini, Jabir (r.a) bolsa iki agajyñ pygamberiñ sözi bilen bir ýere gelendiklerini we soñra yşarat arkaly öz ýerlerine gidendiklerini aýdýar. Muhammet pygamberiñ amala aşyran telekineziýa fenomenleriniñ arasynda "şöhle" alamatlary-da ýer alýar. Enes ibn Mälik (r.a) hem şular ýaly alamatlaryñ birini gürrüń beripdir: "Sahabalardan Üseýd ibn Hudaýr bilen Apbas ibn Bisr bir gije metjitde Hezreti Muhammediñ söhbetinde bolanlaryndan soñ öýlerine gaýtmak üçin ol ýerden turupdylar. Olar bir seretdiler welin, öñlerinde şamçyraga meñzeýän iki yşyk ýollaryny ýagtyltdy. Hersi öz ýoluna gidenlerinde, yşyklaram aýrylyp hersi aýry olaryñ ýoluny ýagtyltmaga dowam etdi. Olar öýlerine baryp ýetýänçä-de ýagdaý şeýle dowam etdi". Muhammet pygamber tarapyndan amala aşyrylan bu adatdan daşary hadysalaryñ daşynda, Onuñ töweregindäki käbir kişilerde-de şular ýaly täsin wakalaryñ wagtal-wagtal bolandygyny görüpdirler. Ynha, şolardan biri: Sahabalardan Omaryñ ogly Hamza Eslemi tüm garañky gijede Tebukda Muhammet pygamber bilen bile durka, öz barmaklarynyñ şöhle çykarandygyndan söz açýar: "Garañkylyk zerarly juda kösenýärdik. Hasam beteri düýelerimiz ürküp dagap gitdi. Şol pursatda meniñ barmaklarym ýagtyldy. Barmaklarymyñ ýagtysyna dagan ähli düýeler toplanýança bu ýagdaý dowam etdi". Fiziki mediumlyk alamatlaryndan biri-de bereket hadysalarydyr... Muhammet pygamberiñ çeşmelerde hasaba alnan "yrsgal mugjyzalary" ynha, şular ýaly wakalaryñ çäginde bolup geçipdir. Sahabalardan Hubeýş ibn Halidiñ aýtmagyna görä, hijret wagtynda ýolda düşlänlerinde, pygamber hiç wagt süýt bermedik goýuny sagmak üçin eýesinden rugsat soraýar. Goýuny alyp gelenlerinde elini goýunyñ emjeklerine degirýär we süýt inmegi üçin dileg edýär. Goýunyñ emjegine şobada süýt inýär we ulurak gap getirden pygamber gap dolýança goýuny sagýar. Gapdan her her kes iki gezek gerk-gäbe doýýança içenden soñ pygamber şol gap dolýança ýene sagypdyr we ol sagan süýdüni goýunyñ eýesine beripdir. Selman Parsy (r.a) özüniñ gullukdan azat edilmegi üçin soralan 40 okka (51.280 kg) altyny Muhammet pygamberiñ yşaratlandyran bir "altyn apory" arkaly töländigi barada şeýle gürrüñ berýär: "Hezreti Muhammet birinden ýumurtganyñ ululygynda bir altyn getirtdi. Ony maña berip soralan puly bermegini we gullukdan halas bolmagymy isledi. Bujagaz altynyñ soralýan puluñ mukdaryna ýetmeýändigini aýdanymda, Hezreti Muhammet ol altyn böleginiñ üstüne mübärek dilini eýläk-beýläk gezdirdi we "Sen entek muny al, Alla seniñ tölegiñi tölär" diýdi. Altyn bölegini aldym we algydarlaryma ondan çekip-çekip altyn berdim. Olara altyn böleginden 40 okka altyn çekip, haklaryny hutma-hut töledim we erkinlige çykdym".

Ergün JANDAN

Kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir