MUHAMMET PYGAMBERIÑ PARAPSIHOLOGIK UKYPLARY


▶ III. AÝDYÑ EŞIDIJILIK UKYBY


 Ebu Sufýanyñ "...Bir zat diýsem şu ýerde ýatan daşlara çenli dil bitip, şobada Oña habar berýärler" diýen sözi Muhammet pygamberiñ neneñsi güýçli aýdyñ eşidijilik ukybynyñ bardygyna, şol döwürde ýañzydylan iñ gowy mysallardan biridir... Hususanam "Men siziñ görmedikleriñizi görýärin, eşitmediklerinizi eşidýärin" diýip, özüniñ şeýlekin ukyba eýedigini Muhammet pygamberiñ hut özü-de sahabalaryna aýdypdyr. Uýeýne ibn Hysyn Taif ýörişinde taiflilere ilçi bolup gidende olara hakykaty aýtmagyñ deregine, musulmanlara boýun bolmazlygy maslahat berýär. Dolanyp gelende pygamberden hakykaty bukýar... Emma pygamber: "Ýalan sözleýärsiñ..." diýip, taiflilere aýdan sözlerini sözme-söz Uýeýnäniñ özüne aýdyp berýär. Sahabalardan Suheýbi Rumynyñ (r.a) rowaýat etmegine görä, Muhammet pygamber Ebu Bekir bilen bilelikde Medinä göç etmek üçin Mekgeden ýola rowana bolanlarynda, olam yzlaryndan gitmekçi bolýar, ýöne käbir kureýşli ýaş ýigitler oña böwet bolýarlar. Ahyrsoñy "size altyn bereýin, meniñ ýolumy saklamañ" diýip, kureýşli ýigitlere altynlarynyñ saklanýan ýerini aýdyp, olaryñ elinden halas bolýar. Müşrikleriñ elinden sypan badyna-da haýdan-haý ýola düşýär. Medinä golaýlaşanda pygamberiñ yzyndan ýetýär. Muhammet pygamber Suheýbi Rumyny gören badyna: "Ýa Ebu Ýahýa! Biziñ yzymyzdan ýetjek bolup müşrikler bilen eden söwdañ girdejili boldy..." Pygamberiñ agasy Apbas ibn Abdylmuttalyp (r.a) Bedir söweşinde musulmanlara ýesir düşende azat edilmegi üçin tölenmeli puldan boýun gaçyryp, "Meniñ siziñ soraýan nyrhyñyzy tölär ýaly baýlygym ýok" diýýär. Şol wagt Muhammet pygamber oña şeýle diýýär: "Ýa Abbas!.. Bedir söweşine gaýdanyñda aýalyñ Ümmül Fazl bilen birlikde "pylan" ýerde gizlän baýlygyñ näme? Hany sen şonda aýalyña: "Eger men bu ýörişde öläýsem, ynha şu baýlyk ogullarym Fazla, Abdylla we Kuseme degişli bolar" diýmänmidiñ?.." Soñra Abbas şeýle sözleri aýdandygyny we muny aýaly bilen özünden başga hiç kimiñ eşitmändigini tassyklapdyr... Pygamberiñ aýdyş eşidijilik ukyby bilen baglanyşykly gürrüñ berilen bu wakalardan, Onuñ (s.a.w) bu ukybynfan aýdyñ görüjilik ukyby bilen birlikde peýdalanandygyny görmek bolýar. Çünki pygamber diñe gürleşilenleri däl-de, şol wagtda eşdilen sesleriñ şekillerini-de saýgaryp bilýärdi... Muhammet pygamber o dünýä göç edenleriñ seslerini-de eşiderdi... Zeýd ibn Sabitiñ aýtmagyna görä, günlerde bit gün pygamber bilen bile ýolda gidip barýarkalar, öñlerinden bäş-alty sany gubur çykýar. Ýanyndakylardan guburda ýatanlaryñ kimdigini soran pygamber soñra yzyna öwrülip şeýle diýipdir: "Gürrüñsiz, bu ymmat gabyrlarynyñ içinde synagdan geçirilýärler... Bu gabrystandan eşdilen gabyr azabynyñ sizlere-de eşitdirmegini Allatagaladan islärdim".


Ergun JANDAN

Kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir